No menu items!
8.9 C
Istanbul
02/06/2020 12:00
No menu items!
Home BILIM “Açyk gapylar” güni geçirildi

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2020-nji ýylyň 7-14-nji maý aralygynda “Açyk gapylar” güni bellenildi.

“Açyk gapylar” gününiň ilkinji gününde, ýagny açylyş dabarasynda  uniwersitetiň okuw bölüminiň müdiri Nazar Mammedow dabarany açyp berdi. Dabaranyň dowam edýän pursatlarynda bilime, ylma höwesli ýaş zehinlere hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlar üçin edýän taýsyz aladalary, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünlikler, ýeňişler, şeýle hem uniwersitetde taýýarlanylýan hünärler, medeni köpçülik çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çärede ýaş zehinleriň başarnyklaryny, ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli sowgatly oýunlar guraldy.  Olara dürli wideo şekilleri görkezildi.

“Açyk gapylar“ gününiň ýapylyş dabarasy hem şeýle şowhunly pursatlar bilen dowam etdi. Okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara hem jogap aldylar.  Bu bolsa ýaş zehinlerde geljekde okamaga, döretmäge has hem höweslendirendir  diýip umyt edýäris.

 

Gülşat Ahunowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji...

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin...

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Awtoulag önümçiliginde güýçler birikdirilýär

“Renault-Nissan” awtoulag bileleşigi çykdajylary azaltmak we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen täze teklibi yglan etdi. Täze teklip edilen taslamanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli “Renault”,...

«Der Klassikeriň» ýeňijisi – «Bawariýa»

Häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk dowam edýän futbol boýunça milli çempionatda gyzykly duşuşyklar dowam edýär. Germaniýanyň milli çempionatynyň 28-nji tapgyrynda çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşler «Borussiýa...

Kosmosda täze döwür: “SpaceX”-iň üstünlikli uçuşy

Amerikaly işewür Ilon Mask tarapyndan döredilen “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” atly kosmos gämisi içi adamly kosmos giňişligine ugradyldy. ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek hususy bir...