No menu items!
8.9 C
Istanbul
08/04/2020 5:13
No menu items!
Home DURMUŞ Aç wagtymyz 7 önümi iýmekden saklanmaly

Aç wagtymyz 7 önümi iýmekden saklanmaly

  1. Pomidor — C witaminlerine we beýleki ýokumly maddalara baý bolmagyna garamazdan aç wagtyň iýmek maslahat berilmeýär. Pomidoryň düzüminde tanik kislotasynyň (дубильная кислота) bar. Ol boş aşgazanda turşulygy ýokarlandyrýar we onda ýara we käbir kesellere sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin aşgazan agyrysy bolan adamlar pomidordan başga-da apelsin, limon we sitrus miweleri iýmeklik maslahat berilmeýär.
  2. Gazlandyrylan içgileri — köp adamlar islendik wagt içmek isleselerde gazly içgiler olaryň köpüsine içmek zyýanlydyr. Gazlandyrylan içgileri aşa köp içmeklik aşgazanda kislotaly şertleri ýokarlandyrýar. Aşgazanyň kislotany aşa köp kabul etmegi, käbir kesellere sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin aç wagtyňyz gazly içgileri içmekden saklanmak maslahat berilýär.
  3. Konditer önümleri — her bir adam üçin iň naýbaşy iýmitleriň biridigi hemmämize mälimdir. Taýýar konditer önümleri ir bilen ertirlik üçin ýa-da ýanyň bilen götermäge amatly ýürekse iýmit hasaplansa-da, olary aç wagtyň iýmeklik maslahat berilmeýär. Konditer önümleriniň aşa süýji görnüşleri aç wagtyňyz iýmeklik aşgazan üçin zyýanlydyr. Bulardan başga-da konditer önümlerine goşulýan käbir hamyrmaýalar siziň aşgazanyňyzy bimaza edip biler.
  4. Burçly iýmitleri — aç wagtyňyz iýmekden saklanmalydyrys. Käteler hoşboý ysly naharlary küýseýändigimize garamazdan nahar taýýarlanymyzda ajy önümleri, tagam berijileri ulanmaklyk aşgazanymyz üçin zyýanly bolup biler. Çünki ajy önümleriň aşgazanda siňme ukyby pes bolýar. Şonuň üçin hem sarymsak, ajy burçlary we beýleki öý şertlerinde taýýarlanýan ajy iýmitleri az mukdarda iýmeklik maslahat berilýär.
  5. Süýji önümleri — her bir ynsanyň iň söýgüli iýmitleriniň biridir. Şeker aşgazanda siňmesi aňsat. Emma süýji önümlerini aç wagtyňyz iýmeklik adam bedeniniň gan aýlanyşynyň kadaly derejesini üýtgetdip biler. Mundan başga-da şeker aşgazandaky beýleki kislotalaryň bozulmagyna getirýär. Gan basyşy ýokary bolan adamlara şekeri köp içmekden we süýji önümlerini aşa köp iýmekden gaça durmalydyr.
  6. Gatyk — saglyga peýdasy bolan ýokumly içgileriň biridir. Emma muňa garamazdan, bu içgi aç wagtyň içmeklik maslahat berilmeýär. Çünki aç wagtynda içilen gatyk aşgazandaky kislotalara zeper ýetirýär. Gatyk nahardan soňra 1-2 sagat soňra içmek iň gowy usullaryň biridir.
  7. Armyt — tagamly hem-de saglyk üçin iň peýdaly miweleriň biridir. Armydyň düzüminde çig süýüm bar. Armydy aç wagtymyz iýenimizde, ol aşgazanymyzdaky näzik gyjyndyrmalara zyýan berip, aşgazan agyrysyna zyýan berip biler. Ony başga iýmitleriň gapdalyndan iýmeklik iň amatlysy bolup biler

SON HABERLER

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugyndan maglumat

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen...

Bir metre golaý hyýar ýetişdirdi

Beýik Britaniýaly ekerançy Alf Kobb dünýäde iň uly hyýar ösdürip ýetişdirmegi başardy. Ol özüniň ekin meýdanynda uzynlygy 92 santimetr, agramy 12,5 kilogram bolan äpet...

Buzuň aşagyndan ýyly suwly köl tapyldy

Antarktidanyň iň uly doňaklygynyň aşagynda ýyly suwly köl tapyldy. Bu ýerde ylmy işleri geçirýän alymlaryň bellemeklerine görä, kölüň ululygy Amerikanyň Florida ştatynyň ululygy bilen...

«Intel» «elektron burun» döretdi

«Intel» kompaniýasynyň hünärmenleri 10 ysy tapawutlandyrmagy başarýan «elektron burny» döretdiler. Dünýäniň alymlary bu oýlap tapyşyň ylym üçin uly üstünlikdigini belleýärler. Adamyň burny 450 ysy bir-birinden...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?