No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 8:11
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR 30 ýyllyk arzuw hasyl boldy: “Liwerpul” çempion

30 ýyllyk arzuw hasyl boldy: “Liwerpul” çempion

Mundan 30 ýyl ozal, Angliýanyň milli futbol çempionaty bolan “Premier Ligada” çempion bolan “Liwerpul” topary täzeden çempion bolmak arzuwyna ýetdi. Milli çempionatda ikinji orunda barýan “Mançester Siti” toparynyň “Çelsi” toparyna 2:1 hasabynda ýeňilmeginden soňra “Liwerpul” çempionatyň tamamlanmagyna 7 hepde galandygyna garamazdan, wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, “Liwerpul” topary 2019-2020-nji möwsümiň çempiony boldy. “Liwerpul” bilen “Manseçter Siti” toparynyň arasyndaky aratapawut 23 utuga deňdir.

Iň soňky gezek 1990-njy ýylda irlandiýaly tälimçi Kenni Dalglisiň tälimçiliginde çempion bolan “Liwerpul” bu gezek germaniýaly tälimçi Ýürgen Kloppyň ýolbaşçylygynda özüniň ynamly çempionlygyny gazandy. “Liwerpul” topary 19-njy gezek çempion bolup, täze üstünlige ýetdi.

Toparyň üstünlik gazanmagynda ähli futbolçylaryň paýy uludyr. Sadio Mane, Mohammed Salah, Wirjin wan Deýk, Jemýs Milner, derwezeban Alisson Bekker ýaly ähli futbolçylar öz mynasyp goşandyny goşdular.

“Liwerpul” bu çempionlyk ýolunda 44 oýunda utulman geldi. Yzly-yzyna köp sanly ýeňişler gazandy.

“Liwerpul” topary öz taryhyndaky 43-nji kubogyny gazandy we Angliýada bu ugurda birinji orna geçdi. Topar 19 gezek çempion bolup, 7 gezek Angliýanyň kubogyny, 8 gezek Liganyň kubogyny hem-de 9 gezek Ýewropanyň kuboklaryny gazandy.

Bu ugurda ikinji orunda barýan “Mançester Ýunaýted” toparynyň 42 kubogy bar.

53 ýaly nemes tälimçi Klopp 9-njy kubogyny gazandy. Ol Germaniýanyň “Borussiýa” topary bilen Germaniýanyň 2 gezek çempiony boldy. 1 gezek Germaniýanyň kubogyny, 2 gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Kloppyň ýolbaşçylygyndaky “Liwerpul” bolsa Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny, toparlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kubogyny we “Premier liganyň” kubogyny gazandy.

IŇ TÄZE HABARLAR

BAE Mars missiýasyny yza süýşürdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän Mars missiýasy häzirlikçe togtadyldy. Beýannamada bellenişi ýaly, Ýaponiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän kosmos zonduny älem giňişligine çykarmak işi yza...

“Super Mario” rekord bahadan satyldy

“Super Mario” oýnunyň bir nusgasy 1985-nji ýylda Nintendo güýmenje ulgamy (NES) platformasynda çykyş edip, öz rekordyny täzeledi. BBC-niň habar bermegine görä, şu ýyl çykan we...

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

5G ulgamyna eýe bolan ilkinji awtoulag

BYD awtoulag konserni bilen “Huawei” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda  “BYD Han” kysymly elektrik ulagynyň täze görnüşi öndürildi. Bu ulag “Huawei” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “HiCar” ulgamy...

Kir ýuwujy maşyndan ýokary tizlikli welosiped ýasady

Bir telekeçi inžener boş wagtlarynda kir ýuwujy maşynyň böleklerini ulanyp, elektrikli welosiped döretmegi başardy. Welosipediň sagatda 110 kilometre ýetip biljekdigi mälim edildi. “Spin Cycle” taslamasynyň...

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyny ösdürer

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy...

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan habar berilmegine görä,  her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş...