No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:04
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR 2-nj’ Nusga: “köni yol”
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

2-nj’ Nusga: “köni yol”

 

  • Ikinji mysal (KB №36) : Köni yol / Doğru yol / Göni ýol.

         (Köni yolka kirmek / Doğru yola girmek / Göni ýola girmek)

 

Okıçı ol erdi bayattın saŋa,

sen ötrü köni yolka kirdiŋ toŋa

O sana Tanrı tarafından gönderilen dâvetçi idi;  sen bu sayede doğru yola girdin, ey yiğit.
Çakylykçy boldy Baýatdan saňa,

Göni ýola girdiň, sen ondan ýaňa!

 

Mysaldan-da görnüşi ýaly, ýokardaky nusgada ilki “köni” sözi “ýoly” sypatlandyryp gelýär: “köni yol”. Bu durnukly aňlatmanyň manysy türk dilinde “doğru yol”, türkmen dilinde bolsa “göni ýol” diýmekdir. Bilnişi ýaly, ýoluň göni bolmagy, dogry bolmagy umumy mantyga oňyn gelýän düşünjedir.

Asyl nusgadaky “köni yolka kirmek” diýen gadymy durnukly aňlatma türk dilinde “doğru yola girmek” diýlip berlen bolsa, türkmen diline “göni ýola girmek” diýlip alyndy. Eýsem, bu ýerdäki “köni yolka kirmek” näme diýmek? “Köni yolka kirmek” durnukly aňlatmasyndan nähili netije gelip çykýar?

Elbetde, bu soraglara biz özümizçe jogap bermekçi bolýarys. Sebäbi bular ýaly taryhy durnukly aňlatmalar, taryhy göçme manylar hakynda anyk maglumatlar ýok diýerlikdir. Taryhy taýdan düşündirişleriň bolmazlygy biziň jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Biz öz tejribämize esaslanyp, bu durnukly aňlatmalara, göçme manylara düşündiriş bermäge synanyşdyk:

  1. Gadymy türklere görä, “ýol” bir ýörelgedir. Ýörelge bolsa köneden gelýän däp-dessurdyr, öňden dowam edýän düzgündir. Ýöremek üçin, hereket etmek üçin ugrukdyryjy serişdedir.
  2. Öňki türklere görä, “ýol” bir ugurdyr. Ugur bolsa jemgyýetçilik ylmy akymlaryň belli bir pudagydyr. Şeýlelikde, ýol – ynançdyr.
  3. “Köni yolka girmek” diýmek, haýsydyr bir zady kabul etmek diýmekdir.
  4. “Köni yol” musulman dinidir. “Göni” bilen “ýoluň” düşünje taýyndan birleşmegi gönümelligiň, dogruçyllygyň, hakykatyň alamatydyr.

Geliň, ýene göni ýol bilen baglanyşykly käbir mysallary gözden geçireliň:

Üçünji mysal (KB №382): köni yol / doğru yol / göni ýol.

 

Üdürdi törütti yaruttı köŋül,

köni yol öze tuttı köŋlüm amul

Seçti, yarattı ve gönülü aydınlattı; gönülümü iman içinde, doğru yol üzerinde tuttu.
Saýlady, döretdi, aýdyň bir köňül,

Göni ýoldan tutdy, meň köňlüm amal.

 

Ýokardaky setirde geçýän “göni ýol” diyen durnukly aňlatma köňül bilen baglanyşyklydyr. Türkleriň gadymy dünýägaraýşyna görä, adamyň düşünjesinde-de, duýgusynda-de, pikirinde-de, ruhy dünýäsinde-de gönümelligiň esasdygyna şaýatlyk edýär. Diýmek, köňlüň hem düýbi göni ýoldan tutulypdyr diýmäge doly esas bar.

Ynha, köňül bilen baglanyşykly gadymdan gelýän bu göni ýol ýitirilipdir. Göwne degmeler, göwni ýykmalar köpelip başlapdyr. Bu bolsa köňül bilen baglanyşykly göni ýoluň egrelýändiginiň alamatydyr.

Dördünji mysal (KB №393): köni yol / doğru yol / göni ýol.

Köni yol öze tüz tuta ber meni,
suçulma meniŋdin bu imân tonı
Beni doğru yol üzerinde doğruluğa sevk et;

üzerimden bu imân libâsını çıkarma.

Göni ýol boýunça düz tutgun meni,

Menden çykarmawer bu iman dony.

Bu setirdäki “göni ýol” durnukly aňlatmasynyň dini ynanç bilen berk baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Diýmek, ynanjyň, diniň düýbi-de dogrulykdan tutulandyr, şonuň üçin ynanja-da göni ýol bilen gidilmelidir.

Türkleriň gadymy ynanjynyň düýbi gönümellikden, göni ýoldan tutulyp, “iman dony” diýen durnukly aňlatma onuň esasy we özboluşly tymsaly hökmünde görkezilipdir.

Türkleriň ynanjy bilen baglanyşykly bolan “iman dony” diýen gadymy durnukly aňlatma gönümelligiň baş sütünidir.

Bäşinji  mysal (KB №360): könilik yolın yaňılmak / doğruluk yolundan şaşmak / gönülik ýolun ýaňylmak.

Katığlan yaŋılma könilik yolın,

yegitlik yava kılma asğın alın

Gayret et, doğruluk yolundan şaşma;

gençliği heder tme, ondan faydalanmasını bil.

Gaty dur, ýaňylma gönülik ýolun,

Ýigitligi boş kylma, peýdasyn algyn.

Ýokardaky setirlerden-de belli bolşy ýaly, gönülik ýoly durmuşyň iň esasy ýoludyr. Ynsan öz ýaşaýşyny hemişe gönümellik bilen dowam etdirmelidir. Şoňä görä, bu ýolda ýalňyşmazlyk üçin “katığlanmak” (asyl nusgasy), “gayret etmek” (türkçe), “gaty durmak” (türkmençe) esasy şertdir.

Netije: “köni ýol” diýlen durnukly aňlatmamyz gadymda galdyrylypdyr. Bu göni ýol düşünjesi ynanjymyz bilen baglanyşyklydyr. Ynanjymyz bilen baglanyşykly bolan bu ýolumyz egrelipdir.

Göni ýola girdim eden musulman garşydaşynyň gözüniň içine seredip, Alladan gorkman ýalan sözlemegi öwrenipdir.

Göni ýola girdim eden musulman ýalan sözläp, eline mukaddes kitap hasaplanylýan Gurhany alypdyr.

Göni ýola girdim eden musulman gul hakyny iýip başlapdyr.

Bularyň bary bolsa öňki gönülik ýoluna ters gelýärdi. Ynha, şu we şulara meňzeşleri gadymda galdyrmak musulmanlar üçin gaty agyr ýitgidir.

 

(dowamy bar)

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Şa zenany üçin ýörite portret

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan özüniň çekilen portretiniň açylyş dabarasynda onlaýn gatnaşdy. Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi ýurduň diplomatiýasyna...

«Türkmentelekomdan» ýene bir täze hyzmat

Indi Türkmenistanda ýurduň çägindäki Internet torlaryna ýokary tizlikde birikmäge bolan mümkinçilikler artdyryldy. Muny «Internet» hzymatynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar. «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan...

30 ýyldan soň ekrana gaýdyp gelýär

Meşhur amerikan aktýory Riçard Gir 30 ýyldan soňra “Ata-ene we ogul” atly drama seriýaly bilen ekrana gaýdyp gelýär. 71 ýaşyl aktýor teleýaýlymdaky seriýalda ilkinji gezek...

114 ýyl gijegen ötünç

Nýu-Ýorkyň haýwanat bagy geçen asyryň başynda bolup geçen bir ýakymsyz waka üçin 114 ýyldan soňra ötünç sorady. «AR» neşiriniň ýazmagyna görä, 1906-njy ýylda afrikaly Ota...