SIZDEN GELENLER

Soichiro Honda nädip başardy?

Soichiro Honda 1906-njy ýylda Ýaponiýanyň Iwata obasynda garyp maşgalada dünýä inýär. Kakasy demir ussasydy. Maddy ýagdaýlary pesdi. Okuwda geçilýän sapaklara düşünmeýärdi. Bahalary hem örän pesdi. Galp resminamalar bilen inženerlik fakultetine okuwa girdi. 3 ýyldan soňra ýalanyň üsti açyldy, ýöne ol bu 3 ýylyň içinde awtomobil bejermek ugry boýunça öz bilimini artdyrypdy. Okuw sapaklaryndan ýetişigi pesdi. Ýöne ol öz işine ezberdi, eden işiniň kemini goýmaýardy. Kakasynyň demir ussasy bolany üçin demir işleri bilen has gyzyklanýardy. Başlangyç mekdebi zordan tamamlandan soňra goňşylarynyň maslahaty bilen razylaşan kakasy ony 15 ýaşyna ýetende iş öwrenmegi üçin awtomobil ussasyna şägirt hökmünde tabşyrýar. Ol başarnygy bilen hemmeleri haýran galdyrypdy, ussalaryň bir diýenini iki gaýtalatmaýardy. Şägirtlik döwri gutarandan soň ol awtomobil ussahanasynda az aýlyk bilen özbaşdak işlemäge we az-azdan pul ýygnamaga başlady. Maksady geljekde öz ussahanasyny gurmakdy.

Honda diňe başlangyç mekdebini okapdy. Ondan başga bilim alan ýeri ýokdy. Diňe ussalaryň elinde şägirt bolup işläpdi. Ol halypalaryndan köp zat öwrense-de, bu zatlar bilen kanagatlanmaýardy.

Saçi Isabe bilen öýlenenden soň 4 çagasy bolýar. Gyzyklanma bilen işleýän awtomobil ussaçylygy oňa köp zat gazandyrdy. Ahyry obalarynyň golaýynda ýerleşýän Hamamatsu şäherinde ussahanasyny açdy. Ussahanasynda öz işläp bejeren porşenlerini öndürip başlady. 30 ýaşynda açan ussahanasyny 15 ýyl işletdi. Döreden özüne mahsus maşyn böleklerini satyp köp pul toplady. Tehniki Barlag Institutyny hem açdy. Bu ýerde motorlar bilen bagly ylmy barlaglar geçirdi. Soňra motosikl porşeniniň böleklerini öndürýän kärhana açdy. Bu kärhana bilen kän gyzyklanmandygy üçin ony “Toyota” atly awtomobil alyp satýan adama satdy. Soňra Honda Motor kompaniýasyny gurdy. Ýanyna Fujisawa atly dostuny hem aldy.

Soichiro Hondanyň öndüren “Honda” kysymly motosikllerine bazarlarda uly isleg döredi. Hondanyň girdejisi barha artyp başlady. “Honda” motosiklleri Amerikada hem gaty köp satylypdy.

Honda maşyn söwdasyna hem girişdi. Benzin gymmatlan wagty 1975-nji ýylda öndürilen az benzin ýakýan ,,Honda Civic’’ bütin dünýä belli boldy we köp satylan awtomobilleriň sanawyna goşuldy.

Şonda motosiklleri “Formula 1” Uly Kubok Ýaryşynda ýokary netije görkezdi. Şondna soňra “Honda” halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp başlapdy. ,,McLaren’’ kärhanasy bilen bilelikde onlarça ýaryşlarda ýeňiş gazandylar. 1980-1990-njy ýyllar aralygynda 6 gezek dünýä rekordyny goýdy. “Hondanyň” ýaryşlardaky sürüjisi Nelson 1987-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Aýratyn hem Senza we Alain atly sürüjiler bolsa “Honda” motosikllerinde dünýä çempiony boldular.

Honda 1993-nji ýylda 86 ýaşynda Tokio şäherinde aradan çykdy.

 

Taýýarlan: Babageldi KURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň TAP-niň ilkinji guramasynyň başlygy

 

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti