TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Şöhratly taryhyň unudylmajak waspy

Hal­ky­my­zyň ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy­ny hä­zir­ki za­man nuk­daý­na­za­ryn­dan çuň­ňur öw­ren­mek hem-de ony dün­ýä ýaý­mak we­zi­pe­si döw­le­ti­mi­zi­ň y­lym-bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýur­du­myz­da mil­li me­de­ni­ýe­te, sun­ga­ta uly üns be­ril­ýär we olary gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa we medeni ähmiýetli ýadygärlikler diňe bir eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsanmakda däl, eýsem, tutuş adamzat nesliniň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden we kämilleşdirip gelen sungatyny, aňyýet ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Şoňa görä-de, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, rejeleýiş, dikeldiş, ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmek hem-de olary halkara syýahatçylyk merkezlerine öwürmek zerurdyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan Watanymyzyň hem-de türkmen halkymyzyň şöhratly taryhynyň bolandygyna, şol taryhyň dowamynda hem adamzadyň ösüşine gönüden-göni dahylly wakalaryň, açyşlaryň bolup geçendigine şaýatlyk edýän maglumatlar az däl. Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri umumadamzadyň medeni ösüşine ägirt uly täsirini ýetiren künjekler hökmünde bu günki gün bütin dünýäde bellidir.

Gadymy döwürlerden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekany hökmünde tanalýan türkmen topragynda dörän Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherleriň durmuşyň gülläp ösen ýerleri, iri ylym-bilim merkezleri bolandygy, dünýä ylmynyň, edebiýatynyň, medeniýetiniň hem-de sungatynyň öňe gitmeginde we baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitirendigi, elbetde, şol döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň nesli hökmünde biziň üçin örän buýsandyryjydyr.

Häzirki ajaýyp zamanamyzda şöhratly geçmiş taryhymyzy öwrenmekde, maddy hem ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmek, Türkmenistanyň umumadamzat taryhyndaky we medeniýetindäki ornuny kesgitlemek hem-de ykrar etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ylmy-medeni diplomatiýamyz dünýäde giňden dabaralandyrylýar» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy we baý milli mirasy bar. Parasatly ata-babalarymyzdan galan bu gymmatly miras biziň milli buýsanjymyzdyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň Merw, Nu­saý, Ür­genç, Aby­werd, Sa­rahs, De­his­tan ýa­ly ga­dy­my şä­her­le­ri il­kin­ji ylym­la­ryň we bi­lim­le­riň, me­de­ni­ýet­le­riň hem-de sun­gat­la­ryň gül­läp ösen mer­kez­le­ri hök­mün­de dün­ýä meş­hur bo­lup­dyr. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi da­ba­ra­lan­dyr­mak, oka­mak, öw­ren­mek, zäh­met çek­mek, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz­dyr» di­ýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýur­du­my­zy tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­me­giň esa­sy sü­tün­le­riniň bi­ri ylym ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bolup durýar.

Ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da ylym gül­läp ösüp­dir. Türk­men yl­my­nyň ta­ry­hy türk­men hal­ky­nyň eme­le ge­liş ýag­da­ýy bi­len sep­le­şip, ol özü­niň göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar.

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny yl­my esas­da öw­ren­mek, wa­gyz et­mek asyl­ly iş­le­riň bi­ri­dir. Çün­ki şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mi­ras go­ýan pä­him­le­ri, yl­my ga­ra­ýyş­la­ry gym­mat­ly ha­zy­na­dyr. Şo­nuň üçin hem bu gün­ki gün­de mil­li mi­ra­sy­myz, ta­ry­hy­myz yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Ylym-bi­lim öw­ren­mä­ge, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Mekan Berdiýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle