SIZDEN GELENLER

Şöhratly geçmişimiziň beýik ykrarnamasy

Gadymy Änew medeniýeti halkymyzyň taryhyny we medeniýetiniň özboluşlylygyny öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki gadymy şäherde irki döwürlerde ekerançylygam, binagärligem, medeniýetem gülläp ösüpdir. Muňa taryhy tapyndylar şaýatlyk edýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen, öküziň, atyň, düýäniň we beýleki ýabany haýwanlaryň eldekileşdirilen mekany bolandygy baradaky maglumatlar, XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärlik aýratynlyklary munuň subutnamasydyr. Şäheriň «Änew medeniýeti» ady bilen meşhur bolan şöhratly taryhy dünýäniň belli alymlarynyň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy şäheriň geçmişi hem-de uly ösüşleri başdan geçirýän häzirki günleri baradaky gyzykly gürrüňleri, baý maglumatlary özünde jemleýär. Bu ajaýyp kitap müňýyllyklaryň owazy bolup, kalbyňda ýer edýär, şanly taryhymyza, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna buýsanç döredýär.

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «2024-nji ýylda Änew şäheri — «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty». 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly. Bu şanly wakalaryň gerimi giňden tutulýar. Bu başlangyçlar täze gözýetimleri açar, täze maksatlara badalga berer. Pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyrar, ony dünýä ýaýar» diýip belläp geçýär.

Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biri bolup, baý maglumatlary goýnunda gizleýär. Bu gün Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, döwrebaplygy, ajaýyplygy, geljege gönükdirilen ösüş maksatnamalary bilen hem ünsüňi özüne çekýän möhüm ilatly ýer hökmünde bellidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynda nygtaýşy ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir.

Döwlet Baştutanymyz ajaýyp eserinde ýörite maksatnamalar esasynda ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin maglumat berýär. 2017-nji ýylda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» kabul edilipdi. Maksatnama laýyklykda, türkmen alymlary, hünärmenleri güneşli Diýarymyzyň dürli sebitlerindäki arheologik ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işlerini amala aşyrdylar, halkymyzyň gadymy maddy medeniýeti barada örän köp ylmy maglumatlary topladylar.

Bu işler häzirki wagtda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gyzyldan gymmatly kitabyny halkymyza sowgat etmegi bilen Änew şäheriniň şöhratly taryhy, bagtyýar şu güni tutuş dünýä jemgyýetçiligine hem elýeter boldy.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak hem-de dikeltmek, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Laçyn Şyhberdiýewa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr