28/01/2021 10:40
Home SÖHBETDEŞLIK Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ynsan dünýäsinde şeýlebir kär bar. Ol kär ynsanyň mertebesini belent, şähdini açyk, göwni bolsa päk edýär. Olar öz ukyp başarnyklaryny, zähmet ýollaryny her bir adamyň kalbynda orun tapmaga we nusgalyk mekdep bolmaklyga çalyşýarlar. Her bir işinde terbiýeçilik, şadyýanlyk, dürli mowzuklardaky maslahatlary özlerine maksat edinýärler. Bu kär hakykat we ýalanyň arasyndaky aýrylmaz baglanşygy emele getirýär we ynsanyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýär. Medeniýetli dynç almagyň özeni hem şu menzilden gözbaş alýar. Şeýle ajaýyp ýagşy niýetlere beslenen kärli we kalply ynsanlar bilen söhbetdeş bolmak we olaryň durmuşy we kär babatdaky pikirlerini diňlemek bolsa hemmämiz üçin ýakymly. Şol mynasybetli-de jadyly sahnanyň sahawatly goýnunda birnäçe ýyllar bäri zähmet çekýän özüniň wäşili we dürli mowzuklarda beýan edilen drama eserlerinde artist hökmünde çykyş edip gelýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Merdan HANDURDYÝEW bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com      saýty üçin taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Awtordan: Merdan Handurdyýew artist we mugallym hökmünde birnäçe ýaş hünärmenleriň arasynda öz adamkärçiligi, ýiti zehini bilen halypa hökmünde tanalýar. Onuň dürli ýyllarda ýerine ýetiren we häzirki wagtlarda ýetirýän keşpleri tomaşaçynyň göwnünden turup, halk köpçüliginiň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp bolýar. Onuň teatr sungatyna gadam basan ýa-da gadam basjak ýaşlaryň geljekde saýlan ugurlary boýunça ilhalar hünärmen bolmaklary üçin bar bolan mümkinçiliklerini peýdalanýar we aýratynlykda olar bilen işlemeklige bolsa hiç ýaltananok. Bu bolsa onuň pespäl we beýik adamkärçiliginden, mukaddes hünär bolan mugallymçylyk we artistlik hünäriniň hakyky eýesidiginden habar berýär. Merdan mugallymyň teatr sahnasynda ýerine ýetirýän wäşili çykyşlary bolsa häli-häzirlerem tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär.

 Merdan ilki bilen saýtymyzyň döredijilik toparynyň çakylygyny kabul edenligiňiz üçin köp sagboluň.

Teatr – bu mukaddes ojak, dünýäniň hakyky ynsanlyk duýgularyny beýan edilýän özboluşlybir dünýä. Bu dünýäniň wekili bolmak, tomaşaçy bilen artist hökmünde gatnaşykda bolmagyň özi aýratyn sungat. Bu aýratyn sungatyň syrly dünýäsine Siziň pikirleriňiz esasynda biraz aralaşsak.

-Teatr bu ajaýyp dünýä. Bu ajaýyplyk Maňa dünýäniň iň bagtly we lezzetli durmuşyny sowgat etdi. Mukadedes sahnadaky keşpleriň şowly çykmagy esasynda adymy aýtmazdan tanalýan, ýerine ýetiren keşplerimiň üsti bilen tomaşaçylaryň mähirli bakyşlaryna we alkyşly sözlerine mynasyp bolmak meniň owaly islegim we bu isleg meniň zähmet ýolumda amala aşdy diýseňem bolýar. Bu isleg meniň durmuşda höwesli we döredijilkli ýaşamaga bolan höwesimi berkitdi. Bir gezek ýakyndan görmegi arzuw edýän ussat halypalar bilen bir sahnada keşpleri ýerine ýetirmek bagtyna mynasyp boldum. Bu ýagdaý bolsa maňa saýlan hünärimde zähmet çekip, halal çörekli we abraýly ýollarda ýöremegime mümkinçilik berdi.

Teatryň syry bu ýere gadam basan her  bir ynsanyň ruhy dünýäsi bilen baglanşykly bolýar. Isle Sen artist, isle tomaşaçy tapawudy ýok, az pursatlygam bolsa ruhy dünýäň bilen ikiçäk galmagyňa we täze pikirleriň we täze başlangyçlaryň dowamly ýollaryny gazanmaklyga şert döredýär.

Adam haýsy kärde bolsa-da onuň ýaşamaga bolan höwesiniň artmagyny gazanmak – bu hakyky ýaşaýyşy ýaradýar. Adatça dynç günleri adamlar şol gününiň işden hepde günlerinden tapawutlanmagy we täze hepdäniň işine ruhubelentlikde başlamagy üçin hereket edilýär. Dürli dynç alyş ýerlerine maşgalalary, dostlary, joralary ýa-da ýekelikde dynç almak pursatlaryny gurnaýarlar. Şeýle maksatlar bilen teatrlara hem yzygiderli gelýärler. Diýmek teatr diňe bir medeniýet we sungat işgärleriniň däl eýsem, ähli adamlaryň hem durmuşyna oňyn täsirini ýetirip bilýär. Teatryň syry oňa bolan söýgüniň we hormatyň esasynda aýan bolýar.

Teatryň jadyly sahnasy onda zähmet çekýän her bir ynsanyň ruhunyň baý, döredijilik ýolunyň dowamat bolmagyna itergi berýär.

Merdan teatr artisti bolmak islegi Sizde haçan döredi we medeniýet-sungat ýoluna gadam basmakdaky sebäpleriňiz dogrusynda söhbet edäýseňiz.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti hökmünde zähmet ýoluma gadam basdym. Ýöne bu menzile ýetmegime bolsa meniň çagalyk arzuwym teatr sungatyna bolan ymtylyşym, höwesim sebäp boldy.  Hemmämiz bilýäs, çaga wagtymyz teleýaýlymlarda görkezilýän kinolardaky gahrymanlara öýkünesimiz, olaryň geýnişleri ýaly geýinesimiz gelýär. Artist bolmak köp çagalaryň arzuwy, arzuw bolsa her bir ynsanda ilki bada göwün islegine görä, hiç hili bähbit gözlemezden, tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Men kiçi wagtymdan artistlik ýolunda pikirim we hyýalym eglendi we şu ugurdan kämilleşmek üçin hereketimi çagalykdan başladym. Ilki bilen men 3-nji synpda okaýarkam sirk artistlerini taýýarlaýan ýörite okuw merkezi bardy, okuwdan daşary şol ýere gatnap artist bolmaklyga taýýarlyk görýärdik. Ilkinji halypam Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşikow, ol bize artistçilik sungatynyň inçe syrlaryny içkin öwredýärdi. Şol wagtlardaky aýdylýan zatlar häli-häzirlerem serimde aýlanyp dur. Aslynda çaga wagtyň öwrenen her bir zat daşa ýazylan ýaly diýilýär, hakykatda-da şeýledigine durmuş we kär tejribämde has-da göz ýetirýärin.

Okap bilersiňiz  Pälwan Muhyýew: — Alypbaryjy bolmak üçin...
Okap bilersiňiz  Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan adamyň ilkinji basan ädimleri täsirli we gyzykly bolýar. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde ilkinji keşbiňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

Elbetde bu her bir ugurda her bir zatda ýatdan çykmajak pursatlara baý bolýar. bu mukaddes sahnalarda ilkinji gezek wäşiler toparymyz bilen çykyş etdik. Elbetde tomaşaçynyň öňünde çykyş etmek onda-da wäşiler toparynda çykyş etmek has-da jogapkärçiligi, çeper sözlüligi, ugurtapyjylygy talap edýär. Tomaşaçy Saňa seredip otyrka olaryň öňünde wezipäňi ýerine ýetirmek, onda-da güldürmek has-da köp zähmeti talap edýär. Her bir sözüňi elekden geçirip, adamyň aňyna ýeter ýaly edip ýerine ýetirmek üçin köp zatlary öwrenmeli we şol wagtda öz zehiniňi we ukybyňy, döredijiligiňi görkezmeli bolýar. Ýerine ýetiren wäşi oýnumyzda heniz çaga wagtyk bolansoň, öz deň-duşlarymyzyň durmuşlaryna degişli durmuş pursatlaryny janlandyrardyk. Oýun gutoransoň bolsa her kim bir-biriniň başaran we kem gaýdan ýerlerini aýdyşardyk. Bu bolsa indikide sahna çykanymyzda oýny kämil ýerine ýetirmegimize ýardam bererdi.

Teatr sahnasynda ZEHIN.

Zehin – bu ynsana Hakdan berilen iň ajaýyp we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Bu gymmatlygyň gymmatyny bilen ynsan durmuşda hakyky we manyly ýaşamak bagtyna mynasyp bolýar. Zehin maksadyňa ýetmek üçin ýörän ýoluňda Seniň wepaly ýoldaşyň, goldajak duýgyň, büdrän ýeriňden özüňe daýanyp turmaga ýardam etjek göze görünmeýän gudratly hemraň bolýar. Özünde bar bolan zehini açmagy we ony il-güni bilen paýlaşmagy başaran ynsan hakyky şahsyýet hökmünde kabul edilýär we onuň ýetmejek menzili, almajak galasy ýok.

Halypalar biziň her birimiziň zehinimiziň üstünde işläp biler, emma zehin döredip bilmez.Teatr sungatyna gadam basmak üçin şol ugra bolan ymtylyşyň, höwesiň iň esasanam Zehin gerek. Zehini zähmet çekip, ýüze çykaryp we kämilleşdirip bolýar. Bu üç sütün birigip ynsana şowlulygy we üstünligi, abraýy sowgat berýär. Aslynda teatr sungatynyň esasy talap edýän zady-da zehin we şol ugra bolan höwes, ynam. Teatr sungaty zehiniňi ulanyp, ynamy ödän ynsany öz mukaddes sahnasynyň ýüregine öwürýär. Her bir baran tomaşaçy tarapyndan gyzgyn garşylanylýar. Tomaşaçy tarapyndan garşylyklaýyn jogaby almak bolsa, zehiniň arkasy bilen sahnanyň ynamyny ödedigiň bolýar.

Sirk sungaty bilen teatr sungatynyň aratapawudy.

Bu hakykatdan hem ýerlikli sorag, çünki bu sowala jogap bermezden bolmaz. Men ilki ýokardada-da belleýşim ýaly ilkinji ädimimi Sirk artistlerini taýýarlaýan ýörite mekdepde başladym, tejribelik döwrüm hem şol ýerde başlady. Her bir hünäriň kämil bolmagy üçin amaly bilim bilen bir hatarda tejribelik hem wajyp bolup durýar. Biz çagalykdan sirk sahnasynda wäşiler toparymyz bilen birnäçe gülküli oýunlary ýerine ýetirip halk köpçüligine ýetirdik.

Sirk sahnasy bilen teatr sahnasynyň arasyndaky tapawut ýer bilen gök ýaly diýseňem boljak. Sirk sungatynyň wekili boljak bolsaň ähli tarapdan duýdansyz geljek sowallara, ýüzlenmelere taýýar bolmaly bolýar. Sirk sahnasynyň artisti bilen tomaşaçy mydama gatnaşykda bolýarlar. Esasy gyzygy hem şol diýlip hasaplanylýar. Bu ýeriň aglaba tomaşaçysy çagalar, ýetginjekler bolýar. Tomaşaçynyň gowy dynç almagy üçin birnäçe oýunlar oýnalýar we sowgatly oýunlar guralýar. Sirkde ýörite eldekileşdirilen haýwanlar ulanylýar, bu bolsa tomaşaçyda has-da täsir galdyrýar.

Okap bilersiňiz  Bill Geýts nädip başardy?

Teatr sungatynda bolsa tomaşaçy bilen drama eseriniň mazmunyna laýyklykda gatnaşyk saklap bolýar. Bu ýerde oýnalýan oýun pessanyň ssenariýasy boýunça ýerine ýetirilýär we saýlanan mowzugyň terbiýeçilik ähmiýeti has uly bolýar. Teatrda goýulan eserlerde esasan başdan geçirmeler easaynda däl-de ýaşamagy talap edýär. eserleriň içinde durmuşyňa gabat gelmeýän keşpleri döretmeli, her döreden keşbiňi içgin öwrenip, täze bir gahrymanyň kalbyny açyp görkezmeli bolýar.

Teatrlarda tomaşaçy we artistiň etikasy barada aýdyp geçseňiz. Çünki her ýeriň öz tertip -düzgüni bar, bu gürrüňler tomaşaçylarmyza hem gyzykly bolsa gerek.

Sahnada artistiň öz borçlary we wezipeleri bolýar. Tomaşaçy medeniýet we sungat işgäri bolmasa-da oýnalýan oýna we sähel ýerindäki göýberilen säwligi duýup biler. Şonuň üçin her bir artist ýerine ýetirýän oýnuny çyny bilen, ynamly ýerine ýetirmeli. Özüňe bolan ynamy gazanmak üçin bolsa köp zähmet çekmeli, yzygider gaýtalamaly. Haçanda artist şol oýnuň içinde ýaşasa, tomaşaçy tarapyndan şol artist oýnuň gahrymanyna öwrülýär. Oýnuň gahrymany bolmak we tomaşaçynyň göwnünden turmak bu mukaddes sahna mynasyp bolandygyňy aňladýar.

Tomaşaçy babatynda aýdanymyzda bolsa, teatr oýny başlamanka çyra öçürilýär we ünsüň sahna jemlenmegini gazanmak, oýnuň has-da tomaşaça täsirli bolmagyna ýardam edýär. Bu bolsa oýnuň detallaryny yzygiderlikde seretmeklerine we tomaşaçyda spektakl barada düşüniksiz soraglaryň döremeginiň öňüni almaklyga ýardam edýär. Aslynda şol ýere gelinýän niýet dynç almak, az pursatlygam bolsa ýaşaýyş görnüşiňi üýtgetmek we durmuşyň gülküli, taryhy, maşgala pursatlaryna tomaşa etmek. Gelýän tomaşaçy spektakla tomaşa eden pursady ýa öz durmuşy bilen deňeşdirip seljerip täze bir sorag alyp, özüne täze maksatly çykýar ýa-da sahnada gidýän wakada eger men şeýle bolan bolsam diýýärde täze dörän soraglaryna jogaply çykýar. Şeýlelikde çykyş onuň durmuşyna hem täsir edip bilýär. Käwagty sahnada oýnalan oýunlarda ulanýan sözlerimizi adaty adamlaryň öz durmuşlarynda, biri-birleri bilen degişenlerinde ulanýanyna duş gelýän, dogrusy begenýän. Sebäbi biziň oýnaýan eserlerimiziň haýsam bolsa bir tarapdan täsir edip başarandygymyzy we az pursatlygam bolsa wagtal-wagtal tomaşaçynyň durmuşynda gaýtalanýandygymyza buýsanýarys.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanda elektron söwda ulgamy taýýarlanylýar

Dünýäde şeýlebir gudratly söz bar, olam «SÖÝGI»diýip atlandyrylýar. Bu söze bolan garaýşyňyz we teatr sahnasyndaky Söýgi barada aýdyp beräýseňiz.

Adamzada peşgeş berilen duýgularyň içinde iň şasy Söýgi.  Bu duýgy islendik ýaşda döränligine garamazdan adamy nowjuwan edýär. Söýgüniň islendik görnüşini alanyňda-da ol adamy bagtly menzillere tarap alyp gidýär. Watana bolan söýgi, Ata-enä, maşgalaňa, perzendiňe, käriňe, dostuňa, tebigata bolan söýgi bular adamyň ýaşama sebäplerini düzýär. Şu söýgi görnüşlerini birleşdirýän ýene bir duýgy bar olam BORÇ. Söýgüniň haýsy görnüşinde, haýsy menzilinde eglenäý tapawudy ýok, borç duýgusyny ýanhemra edinmeseň şol söýgüniň ömri uzak bolmaýar. Sen birini gowy gördüňmi diýmek şol pursat Sen şonuň öňünde borçlanýaň. Watanyň, ata-enäniň öňünde perzentlik borç, maşgalaň öňünde maşgala başylyk borç, perzendiň öňünde atalyk, enelik borjuň umuman söýginiň dowamaty Seniň şolsöýgä mynasyplygyň öňüňdäki borçlaryňy ýerine ýetirmegiň arkaly aňladylýar we dowamly bolmagyna itergi berýär.

Ýaşlara maslahatym haýsy görnüşdäki söýgini alanlarynda-da borçly duýgyny ilki öz öňlerinde goýsalar, birek-birege bolan söýginiň başlangyjyny bolsa soragly başlasalar dowamly bolar. Sorag nähilli diýmegiňiz mümkin?

Sorag özüňe: Men şu gyz(oglan) bilen ömrümi baglap bilerinmi, geljeke durmuşyň garaşylan we garaşylmadyk pursatlaryny bilelikde garşylap bilerismi we şuňa meňzeş öňdäki ätjek ädimleriňi bile hyýalyňda janlandyrmaly. Aslynda adam öz duýgusy esasynda ýol saýlasa ol aňsat azaşmaýar we özi üçin iň gowy ýagşylygy edip bilýär. Şonuň üçin durmuşda haýsy meselede bolsa-da ýürek bilen akylyň ylalaşykly gelen netijeleri esasynda ýerine ýetirilse göwnejaý bolýar.

ÜSTÜNLIK – durmuşda we kärde.

Her bir adamyň eden işi, halypalar bilen maslahatlaşyp edilen iş bolsa, olam köpçüliktarapyndan gowy kabul edilen ýagdaýynda üstünlik Sen tarapda bolýar. Ýöne bu diýsem ýerine ýetiren işiňden kemçilik tapylanda üstünlik daşlaşýamyka däl?! Kemçilikleriň üstünde yzygiderli işleseň ol Seni kämilleşdirýär. Haçanda ynsan edýän işini kämillik ýoluna tarap ugrukdyranda onuň dürli päsgelçiliklerden baş alyp çykmaly döwürleri bolýar. Eger-de şu ýollarda başarnykly işleri bilen, ruhdan düşmäni özüni alyp çykan islendik kärde, aýratynda medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ynsanlaryň hem üstünlik mydama hemralarydyr.

Okap bilersiňiz  Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Üstünlik ynsanyň iň bagtly pursady, işiniň netijesini miwesini görmek. Şu ýerde aýratyn birzady belläsim gelýär. Üstünlik bilen şöhratparazlyk ikisi aýra-aýra zatdyr. Üstünlik – bu Seniň zehiniň päk göwünli, halal zähmetiň netijesinde ýetilen pursatlaryň, şöhratparazlyk eýýäm ol adamyň menzile ýetmek üçin saýlanan ugrudyr.

Medeniýet sungat işgärleriniň gözi bilen seredilen durmuşdaky we kärdäki üstünlik biri-birinden üzňe däl. Çünki biziň kärimizde ir sagat 09:00 da gelip, 18:00 gaýtmaly diýen zat ýok. Biz mydama gözlegde, döredijilikde. Şol sebäplide işde bolaly öýde bolaly iş teatr sahnasy biziň işimizde-de, öýümizde-de. Şonuň üçin biziň durmuş we iş üstünligimizi biri-birinden üzňe göz öňüne getirp bolmaýar.

Üstünlik özünde gowy zatlary jemleýär, dowamlylygyny gazanmak üçin adam häsiýet tarapdan pespäl bolmaly. Gowy ynsanlaryň töweregiňde bolmagyny gazanmaly we şeýle ynsanlaryň daşyňy gurşamagynyň özem üstünlik.

Merdan şu ýerde gowy jümle bilen jemlediňiz«Gowy ynsanlaryň töweregiňde bolmagynyň özem üstünlik» diýdiňiz. Eýsem gowy ynsanlary gazanmak we saklamak üçin adam nähilli häsiýetde bolmaly?

Şu ýerde bir taryhy rowaýaty ýatlasym gelýär. ozal adam dörände adamyň tenini palçykdan, saçyny tebigatyň iň gowy arassa otlardan, dagyň dury çeşmesinden alyp göz goýlupdyr,  dilini şemalyň ýeline ýakymly ses edýän ýapraklardan dil goýulypdyr, şeýle owadan ten emele gelenden soň jan bermeli bolanda, jan gorkak bolup hiç girmeýä diýýä, onsoň perişdeleriň çalýan sazyna maýyl bolup, jan teniň içine girenini duýman galypdyr.

Muny diýmek bilen men adamzat döräli bäri dowamat bolup nesillerimizden nesillerimize geçip özüniň gymmatyny ýitirmäni gelýän sungat bar. Bu sungat adamzat döräli bäri has dogrusy adamzadyň döremegine sebäp bolan zatlar bar olam ählimiziň göwün küýsegimiz saz we sazlaşyk. Saz sözi diňe bir saz guralda çalynyp diňlemek däl, eýsem birek-birek bilen gatnaşykdaky sazlaşyk, birek-birege bolan mähir-muhabbet adam mydama şularyň teşnesi. Haçanda ynsan garşysynda gowy ynsany görmek isleýärmi ilki bilen özi gowy bolmaly, daş-töweregindäki ynsanlar bilen adamkärçilikli gatnaşykda bolmaly.

Bu durmuş, ýalançy dünýä ilkiýalňyşyp soň düzederin diýerden has gysga gelýär. Şonuň üçin diňe gowy ynsan bolmaklyga tarap ymtylmak iň dogry ýoldur.

Geljek ýollaryňyzda teatr sahnasyndaky maksatlaryňyz.

Geljekdäki maksatlar üçin şu günden başlamaly bolýar. Aslynda düýn, şu gün, ertir bir-biri bilen baglanyşykly bolan ýagdaýynda üstünlikli menzillere ýetip bolýar. Meň hem durmuşymda ýokarda-da aýtdym çagalygymdan başlady. Teatr sungatyna başlanymda ilkinji gezek 2006-njy ýylda talyplarym bilen oýnan spektaklym «Ak lutos». Bu spektakl şol ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary bilen ýerine ýetiripdik. Bu ýerde halypa-şägirtlik ýoly hem öz beýanyny tapdy. Mundan ozalam men talyp wagtlarym birnäçe keşplerde çykyş edipdim, ýöne esasy zähmetimi, döredijiligimi öz talyplarym bilen şu oýun arkaly  ýüze çykarypdyk. Şu günlere çenli teatr sahnasynda ululy-kiçili birnäçe keşpleri ýerine ýetirdim we häzirki wagtlarda bolsa birnäçe spektakllary sahnalaşdyrmak bilen hem meşgullanýaryn. Geljekde hem terbiýeçilik, dynç almak maksatly sahna oýunlaryny döredijilik toparymyz bilen yzygiderli sahnalaşdyryp, halk köpçüligine ýetirmegi maksat edinýäris.

Okap bilersiňiz  Arda ozalky toparyna dolandy

Merdan saýtymyzyň döredijilik toparynyň haýyşyny kabul edip, beren gyzykly we täsirli gürrüňleriňize köp sagbolsun aýdýarys.

Goý mundan beýläkde asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde berkakar zamanany, durmuşy mowzuklary teatr sungatynyň üsti bilen beýan etmekdäki halal işleriňizde abraýyň we üstünligiň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Sagboluň.

Söhbetdeş bolan Şaperi OTUZOWA.

Beýleki Söhbetdeşliklerimiz:

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni halkara bäsleşik yglan etdi

Ýurdumyzyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserni satyn almak babatda halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. Halkara bäsleşigine laýyklykda: Lot 5 - Karbamidformaldegid...

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Noýeriň rekordy

Germaniýanyň “Bawariýa” futbol toparynyň dünýä belli derwezebany Manuel Noýer, golsyz geçiren oýunlarynyň sany bilen meşhur derwezeçi Oliwer Kany geçip, “Bundesliga” çempionatynyň rekordyny täzelemegi başardy. ...

“Liwerpul” kubok ýaryşyndan çykdy

Angliýanyň Kubogyny (FA Cup) gazanmak ugrundaky ýaryşynyň 1/16 tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” futbol topary “Old Trafford” stadionynda “Liwerpul” toparyny kabul etdi. Duşuşygyň 18-nji minutynda myhman...