28/01/2021 10:55
Home SÖHBETDEŞLIK Aýdyň gijeler: Döwre Mynasyp Önümler

Aýdyň gijeler: Döwre Mynasyp Önümler

Ýurdumyz ähli ugurlardaky ýollarda ösüşli menzilleri nazarlaýar. Halkymyzyň asuda we parahat ýurtda erkana, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň bolmagyna giň ýol açylýar. Dürli hili tehnika we tehnologiýa enjamlarynyň önümçilikleriniň ýola goýulmagy, daşary ýurtlaryň önümleriniň ýerini tutjak birnäçe ugurlardaky önümçiliklerimiziň mukdarynyň artmagy we hiliniň ýokarlanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy  üçin gönükdirilen işleriň özenidir. Häzirki wagtda döwrüň talabyna laýyklykda elektron enjamlary ähli ugurlarda esasy orunlary eýeleýär, dürli ugurlardaky işleriň çaltlygy we hilliligi bu enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

Dürli hili hojalyk kärhanalaryň degişli ministrlikleriň garamagynda ýa-da bilelikde ýerine ýetirmeginde öndürilýän önümleriň sanynyň we görnüşleriniň barha köpelmegi netijesinde halkymyz elýeterli we ýokary hilli elektron, hojalyk harytlary bilen üpjün edilýär. Biz hem, 2021-nji ýyla özleriniň zähmet üstünlikleri bilen barýan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde myhmançylykda bolduk we ol ýerde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Smart-telewizor öndürýän sehiň baş ussasy Hangeldi ORAZBAÝEW bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolup, saýtymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

router

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ençe ýyllardan bäri öz önümleri bilen halka hyzmat edip gelýär. Ilki bilen önümçilik işleriňiziň ilkinji basgançaklary barada gürrüň beräýseňiz.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky»  Kararynyň esasynda döredildi. Edara binamyzda jemi 95 işgär zähmet çekýär. Ilki bu ýerde dürli görnüşli lampalar öndürilip başlandy, soňra bolsa önümçilik görnüşlerimizi giňeldip, başga görnüşli ýokary hilli elektron önümlerini öndürip başladyk.

Häzirki wagtda «Türkmenkabel» döwlet kärhanasynyň önümçilik jaýynyň 14 680 inedördül metrinde ýylda ortaça 8 440 000 sany görnüşde, 20 müň sagat işlemäge ukyply 3 W başlap 96 W-a çenli içki we daşky, asma we alýumin örtükli Led lampalary öndürilýär. Ýagtylygy ýokary, adaty lampalardan has tygşytly, daş-töwerek üçin howpsuz hasaplanýan lampalaryň dürli görnüşleri öndürilýär.

Öndürilýän önümleriň çig mallaryny Türkmenbaşy şährindäki «Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan»  alyp, öndürýän önümleriň düzümine plasmas goşantly polipropilen goşýarys. Bu bolsa önümiň  hiliniň ýokary bolmagyny gazandyrýar we  suw geçmekden we döwülmekden goraýar.

Okap bilersiňiz  Sungata ykbalyny baglan : Döwletgeldi Berdiýew

Hangeldi, mümkin bolsa hojalyk jemgyýetiňiziň adynyň «Aýdyň gijeler» adynyň goýulmagy barada gürrüň beräýseňiz.

kondisioner

Bu adyň goýulmagy esasy hojalyk kärhanamyzyň ilkinji önümçilik işleri bilen baglanyşykly diýsek ýalňyşmarys. Çünki bu ýerde ilki led lampalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu lampalar özleriniň hili, hojalyk harydy hökmünde wajyplygy bilen durmuşymyzda giňden ulanylýar. Olaryň otaglara we gijelerine ýollaryň ýagty bolmaklary üçin döredýän mümkinçilikleri hamana aýly agşamyň aýdyň gijelerini ýadyňa salýar. Şol sebäpli-de hojalyk kärhanamyzyň ady şol pursady ýatlatmak we ýagty ertiriň ýalkymyny aňlatmak üçin goýulan diýsek dogry bolar. Häzirki wagtda aýdyň gijelerden durmuşymyza ýagty berjek önümler öndürilýär we ýyl-ýyldan olaryň görnüşleri we sany barha köpelýär.

Körpe

Hangeldi bilşimiz ýaly Siziň «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiňizde telewizorlar we kompýuter önümçiligi hem ýola goýulan. Şular dogrusynda durup geçäýseňiz.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde diňe bir LED yşyklandyryjylar däl-de, eýsem her ýylda birinji synpa okuwa barýan çagalar üçin bilim kompýuterlerini hem öndürilýär. Ilki–ilkiler olar daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, 2017-nji ýyldan bäri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde täze görnüşler öndürilip başlandy. Bu bolsa ýaşlaryň döwrüň ösýän tehniki we informassion enjamlaryndan baş çykaryp bilmeklerine we döwür bilen aýakdaş gitmeklerine uly ýardam edýär. Öndürilýän çagalar üçin kompýuterleri okuw meýilnamasyna laýyklykda programmalar bilen üpjün edilýär. Bu görnüşdäki kompýuterleriň ýylda öndürijilik kuwwatlylygy 200 000 bolup durýar.

Okap bilersiňiz  Türkmenıstanyň wekiliýeti Nýu-Ýork Şäherine iş Sapary Başlady

Mundan başga-da bu hojalyk jemgyýetinde  gündelik durmuşymyza has içkin ornaşan akylly (Smart) telewizorlary öndürilip, halk köpçüligine ýetirilýär.

  1. Akylly telewizorlar.
  2. Içine aipi týuner ornaşdyrylan telewizorlar.

Ýokarda agzalan telewizorlaryň 32, 42, 55 dýum we 4K Ultra HD durulykda LCD ekranly modelleriň önümçiligi güýçli depginde alnyp barylýar. Ýakynda bolsa 65 dýumly «Älem» atly telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy we öndürilýän önümler täze modeller tor hyzmatlary we zerur interfeýs bilen enjamlaşdyryldy. Kärhananyň bu ugurda ýyldaky önümçilik sany 100 müňe deňdir.

Ýakynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň düzümindäki ýaşaýyş jaý toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Bu tapgyrda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumy, söwda we dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu toplumda ýaşaýan ildeşlerimiz döwrümiziň talabyna laýyk, zamanabap hojalyk we elektronika enjamlary bilen üpjün edildi. Täze ýaşaýyş jaýlaryň aglabasy bolsa ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri bilen üpjün edildi. Bu önümleriň içinde biziň hem hojalyk jemgyýetimiziň önümleri esasy orunlary eýeledi.

Okap bilersiňiz  Nýu-Ýork ― dünýäsiniň tehnologiýa şäheri

Kuller

Hangeldi önümçilik işleriňiziň programma aýratynlyklary barada-da agzap geçäýsek.

Önümçilik işlerimizde mundan başga-da, aipi týunerlerini programma üpjünçiligini döretmekde hem öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Aipi týuneriň 3 görnüşi bar.

  1. Görülen wideo şekillerini yza saradyp we ýazgy edip bolýar.
  2. Word programma üpjünçiligini ulanyp, android we kompýuter hökmünde ulanyp bolýar.
  3. Kompýuter hökmünde ulanyp,  internet maglumatlaryny alyp bolýar.

Umuman öndürilýän önümleriň hil we kuwwatlylyk derejesini dünýä ülňülerine laýyk taýýarlamak bilen ýurdumyzda sanly ulgamyň kämilleşmeginde öz mynasyp goşandyny goşýar.

Ýaş hünärmenler bilen alyp barýan işleriňiz barada aýdaýsaňyz.

Milli

Geljek işlerimiziň ösüşli ýollardan gitmegi üçin her ulgama zehinli, ökde, döredijilikli hünärmenler zerur bolýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde telewizor önümçiligi ýola goýulandan soň birnäçe işgärlerimiz önümiň hiliniň ýokary we dünýä ülňilerine laýyk gelmegini gazanmak üçin dünýäde elektron tehnikasynda öňdäki orunlary eýeleýän Hytaý halk respublikasynda kämillik okuwyny okadyk we telewizor ýasamakdaky işleriň esasy işlerini ele aldyk. Biz mundan başga-da, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Ýaş alymlar Merkezi bilen bilelikde işleşýäris. Ol ýerde talyplara informatika we tehnologiýa sapaklary içkin öwredilýär we dünýä täzeliklerinden habarly bolup, alýan bilimlerini tejribe üstünde synagdan geçirýärler.   Diýarymyzda sanly ulgama geçmek boýunça ähli ulgamlarda işler güýçli depginde amala aşyrylýar. Biziň önümçiligimizdäki önümleriň hem sanly ulgama geçmek barasyndaky maksatnamanyň çäklerine niýetlenilen işlerden çetde durmaýar. Ýokarda belleýşimiz ýaly telewizor önümçiligindäki programmalaryň düzüminde kompýuter programmalary hem ýerleşdirilip, iş ýerlerinde ulanmaga mümkinçilikler bardyr. Şu programmlary bolsa ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary  bilen işläp taýýarlaýarys.

Milli spartfon

Hangeldi geljekdäki meýilleşdirýän  işleriňiz bardyr, şular dogrusynda okyjylarymyza kelam agyz sözleseňiz.

Häzirki wagtda önümçilik hojalygynyň önümçilik kuwwaty we görnüşleri köpelýär. Monoblok görnüşli kompýuter «Şowly», Smart görnüşli telefon «Milli», öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşlisi «Körpe», «Internet ulgamyny paýlaýjy» enjama ― routora «Uçgun», agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama «Teşne», split görnüşli kondisionlare bolsa «Mylaýym» diýip atlandyrylan ýagdaýda önümleriň önümçiligi ýola goýuldy we ýakyn günlerde halkymyza ýetirmegi maksat edinýäris.

Okap bilersiňiz  Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy
Okap bilersiňiz  Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetimizde geljekde hem birnäçe elektron önümleriň önümçiligini ýola goýmaklygy maksat edinýäris.  Halkymyzy elektron, hojalyk enjamlary bilen isleglerini kanagatlandyrmak Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetimiziň esasy maksadydyr. Geljekde-de hili we kuwwatlylygy gowy, import önümler bilen bäsdeş önümleri öndürip, hyzmatymyzy gaýgyrmajagymyza ynandyrýarys.

Moonoblok

Sagboluň Hangeldi halal we il-günümize haýyrly, döwrebap işiňizde üstünlikleri arzuw edýäris.

Täze ýylyňyz gutly, döwletli ýyllaryň biri  bolsun!

Awtordan: Telekeçiligiň hem-de elektron önümçiliginiň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleriň döredilip berilmegi halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna şert döredýär. Şeýle önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi halkymyzy diňe bir önüm bilen üpjün etmek bilen çäklenmän eýsem, ýaş hünärmenlerimiziň tejribeleriniň artmagyna we zehinlileriň ýüze çykmagyna, ýaşaýjylarymyzy täze iş orunlary bilen üpjün etmeklige hem mümkinçilik döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaşamak bolsa dünýädäki iň uly we mizemez bagtdyr.

Şaperi OTUZOWA.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

Makul Sözlük: Akylly Sözlük

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

 

Okap bilersiňiz  Üstünlige barýan ýollar

IŇ TÄZE HABARLAR

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk...

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

100 million dollar pul baýrakly bäsleşik

Dünýäniň baý adamlaryň hatarynda ikinji orny eýeleýän “Tesla we Space X” kompaniýalaryň ýolbaşçysy Ilon Musk, kömürturşy gazyny özüne siňdirýän ulgamyny döretmek atly bäsleşik yglan...

Tuhel “Çelsiniň” tälimçisi boldy

Golaýda Angliýanyň “Çelsi” topary özüniň tälimçisi Frenk Lempardy wezipesinden boşadypdy. Şol döwürde-de ozal Fransiýanyň “PSŽ” toparyna tälim beren Tomas Tuheliň “Çelsiniň” täze tälimçisi boljakdygy...

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Ertesi gün Azerbaýjanyň DIM-niň...

Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde gämi gurar

Geçen ýylyň dekabr aýynda bilelikdäki Ähtnama gol çekişen «Balkan» gämi gurluşyk kärhanasy bilen Russiýanyň «Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özara hyzmatdaşlygyň...