JEMGYÝET

Snikers tagamly köke

Mähriban okyjylar, men size bu gezek snikers tagamly we topjagaz şekilli kökäniň taýýarlanyşy barada maglumat bermekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

1.0,5 kg-den gowrak köke ýa-da ýörite owradylyp satylýan kökelerden hem alyp bilersiňiz

  1. Otag ýylylygynda duran 1 sany mesge
  2. 1 gap kakao
  3. 1 sany kondensirlenen süýt (sguşenko)
  4. Islege görä maňyz
  • Bellik: Eger ýagly we has güýçli süýjüligi halamaýan bolsaňyz, göz çakyňyz bilen goşmaly önümlerini özüňize görä sazlap bilersiňiz.

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen elimizdäki kökeleri maýdajyk şekilde owratmaly. Muny oklaw bilen hem edip bilersiňiz. Eger taýýar owradylan köke alsaňyz ol has-da gowy bolar. Soňra owradylan kökeleri bir gaba salyp, üstüne kakaony goşmaly we garyşdyrmaly. Indiki etmeli işimiz bolsa, erän mesgämizi we kondensirlenen süýt ýaňky garyndymyza goşup hamyr ýaly ýugurmaly. Maňyzy hem maýdajyk edip owradyp garyndymyza goşmaly. Soňra bolsa, emele gelen garyndymyza owadan üýtgeşijek şekilleri berip bilersiňiz we 1 ýa-da 2 sagat ýaly sowadyjyda saklamaly. Ine, kökämiz hem taýýar boldy.

 

Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

Aýşirin Alyýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Beýlekileri hem okap bielrsiňiz:

 

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Okap bilersiňiz  Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

 

Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy

Howurpeçsiz keksiň taýýarlanylyşy

 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi