TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ösümlige öwrülýän polietilen

Germaniýada öndürilýän organiki polietilen gaplary düzümindäki tohumlar sebäpli, wagtyň geçmegi bilen ösümlige öwrülip bilýär. Bu gaplar 10 hepdäniň dowamynda topraga bütinleý garylýar.

Bir söwda zynjyry tarapyndan öndürilen polietilen gap «FeedItBag» diýlip atlandyrylýar. Onuň taslamasy bolsa «Edeka» iýmit kompaniýasyna degişlidir. Topraga diňe bir garylmak bilen hem çäklenmän, wagtyň geçmegi bilen ösümlige öwrülip bilýän gaby ulanyp bolanyňdan soňra emgenmän zyňyp goýbermek bolar.

Eger başarsaňyz, şeýle gaplary toplap, topraga gömüp, az-kem garaşyk etmek has peýdaly bolar. Çünki ösümlik gaplar hem beýleki tebigy jandarlar ýaly özüne garaşyk edilerini halaýar.

Aýdylyşyna görä, «FeedItBag» gaplarynyň düzüminde pomidor, badamjan, armyt ýaly dürli ösümlikleriň tohumlary bar. Aslynda, bu gaplary tohum ýerine hem edinip bileris. Eger bakjaňyzda haýsy ekini ýetişdirmek isleýän bolsaňyz, düzüminde şonuň tohumy bolan gaby saýlap alyp, «ekmek» ýeterlikdir. Bilermenler hasyllylygyň hem erbet däldigini aýdýarlar.

Eýýäm şeýle gaplara Awstraliýa bilen Şweýsariýadan hyrydar hem tapyldy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle