“Counterpoint” kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde smartfonlaryň halkara söwdasy barada maglumatlar taýýarlady. Şol maglumata laýyklykda, hasabat döwründe tutuş dünýäde 329 million smartfon satyldy.
Geçen ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli söwdasy peselen smartfon öndürijileri 2021-nji ýylyň ilkinji aýlaryndan söwdasyny ýene-de ýokarlandyryp başlady. 2021-nji ýylyň 2-nji çärýeginiň maglumatlaryna görä, çip krizisine garamazdan 19 göterim ösüş gazanan smartfon bazarynda 329 million telefon satyldy.
“SAMSUNG” ÝENE-DE ÇÜR DEPEDE
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda satuwyny 4 million artdyran Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 58 million smartfon satuwy bilen birinji ýeri eýeledi. 2019-njy ýylyň şol döwründe koronawirus ýok wagty, kompaniýa 76 million smartfon satypdy.
Soňky ýyllaryň iň meşhur smartfon öndürijilerinden biri bolan Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy ikinji çärýekde 53 million söwdasy bilen ikinji ýeri eýeledi. Hytaý kompaniýasy geçen ýylyň degişli döwründe 26 million telefon satypdy.
ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi “Apple” 49 million “iPhone” satuwy bilen iň köp satylan üçünji markadyr. Geçen ýylyň degişli döwründe “iPhone”-yň satuwy 38 million hökmünde hasaba alyndy.
2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde iň köp satylan 5 marka:
“Samsung”: 58 million
“Xiaomi”: 53 million
“Apple”: 49 million
“OPPO”: 34 million
“Vivo”: 33 million
Beýleki markalar: 103 million.
IŇ KÖP GIRDEJI GAZANAN – “APPLE”
“Counterpoint” kompaniýasynyň maglumatyna görä, kompaniýalar bu smartfon söwdasyndan jemi 96 milliard dollar girdeji gazandy.
Iň köp satylan üçünji marka bolandygyna garamazdan, “Apple” kompaniýasy umumy girdejisiniň 41 göterimini eýeleýär we birinji ýeri eýeledi. Bu ýagdaýda beýleki telefonlara garanyňda, has gymmat “iPhone” modelleriniň goşandy gaty ýokary.
Beýleki tarapdan Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi “Samsung” telefon söwdasynda birinji ýerde durýandygyna garamazdan, girdejisi boýunça “Apple”-den yza galdy. Bu söwda markasy ikinji çärýekde gazanylan umumy girdejiniň 15 göterimine eýe boldy.
“Xiaomi”, “Oppo” we “Vivo” girdeji paýy 9 göterim bilen degişlilikde üçünji, dördünji we bäşinji orny eýeledi.