TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Sloweniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Gepleşigiň başynda S.Žbogar Sloweniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde 2024-2025-nji ýyllar üçin öz dalaşgärligini öňe sürendigini aýtdy we 2023-nji ýylyň iýunynda geçiriljek bu saýlawda goldaw bermegi haýyş etdi.

Ilçi A.Ataýewa saglygy goraýyş, telekommunikasiýalar we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barada belledi.

Hemişelik wekil Türkmenistanyň BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynda 2023-nji ýyly Halkara “Dialog parahatçylygyň kepili” atly ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň taslamasyny öňe sürmegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy we Sloweniýanyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle