8.9 C
Istanbul
30/03/2020 15:58
Home SIZDEN GELENLER Süýem barmak diňe süýt getirýärmi?

Süýem barmak diňe süýt getirýärmi?

Adamyň içki dünýäsi onuň daşky görnüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gerek bolsa iş salyşýan adamlarymyzyň hüý-häsiýetini olaryň barmaklaryna seredip hem çaklap bilýän ekenik.

Hakykatdan-da, häsiýetimiz baradaky käbir syrlary daşky görnüşimizden hem bilip bileris. Munuň üçin elimize nazar aýlalyň! Mysal üçin, süýem barmagymyza. Halk döredijiliginde: «Süýem barmak süýt getir» diýilýän hem bolsa, asyl, onuň wezipesi diňe bir süýt getirmek bilen çäklenmeýän eken.

Süýem barmagyň boýuna görä, ynsan häsiýetlerine teswirleme bermezden ozal, bir zady ýatlatmak isleýäris. Siziň süýem barmaklaryňyzyň ikisi birmeňzeş bolman biler. Deňeşdirme, esasan, ogulhajat barmagyna görä alynýar. Eger şeýle bolsa, siziň häsiýetiňiz aşakda görkezilen toparlaryň birbada ikisine kybap gelýändir. Meseläniň iň gyzykly ýeri hem ynsan bedeniniň öz eýesiniň häsiýetine näderejede täsir edip bilýänligidir. Hany, onda başlalyň!

«A» netije: süýem barmak ogulhajatdan gysgarak bolsa

Olar juda mylaýym adamlardyr. Aslynda, olar işleýän, okaýan, ýaşaýan… toplumynyň ýüregi hasaplanylýar. Bu topara girýänler bilen dil tapyşmak hem örän aňsat. Hatda olar bilen söhbetdeş bolmakdan lezzet alarsyňyz. Onsoň hem bu topardaky adamlar ýakynlaryna wepaly, her kime mähirli, kynçylykly pursatlardan paýhaslylyk bilen baş alyp çykyp bilýän adamlardyr. Adatça, olara esasy wezipeler ynanylýar we gowy aýlyk alýarlar. Durmuşa çykmadyk gyzlara maslahat; eger siz süýem barmagy ogulhajatdan uzyn ýigide durmuşa çykmakçy bolýan bolsaňyz, onuň häsiýetine kemsiz belet boljak boluň! Siziňki bilen deň gelmän biler.

«B» netije: süýem barmak ogulhajatdan uzynrak bolsa

Bu topara girýän adamlaryň esasy aýratynlygy özüne we öz edýän işlerine aňry derejede ynamly bolmagdyr. Bir işe başlan bolsalar, olary ýolundan gaýtarmak kyn. Olar biraz tekepbirlik bilen şöhratparazlykdan hem halas däl. Olar, köpräk, ýeke galmak isleýärler. Halamaýan işleriniň bolsa, asla, ýanynda görünmezler. Geljek haýsydyr bir üstünlige garaşyp oturmaga sabyrsyzdyrlar, olaryň özi üstünlige tarap hereket eder. Çünki olar işewürlik ýa-da söýgi meselesinde ilkinji ädimi özleriniň ätmegini isleýärler. Şol bir wagtynda özünde-de kararlaryna başgalar tarapyndan hormat goýulmagyny gowy görýärler.

«C» netije: süýem barmak bilen ogulhajadyň boýy deň bolsa

Olaryň ilkinji aýratynlygy juda mähribanlygydyr. Siz olarda ikiýüzlüligiň iň kiçijik alamatyny hem görmersiňiz. Bu olaryň kalbynyň mähirden we ýagşylykdan doludygyny görkezýär. Biriniň göwnüne degmek düşünjesi olar üçin ýat. Şonuň üçin hem durmuşda käbir ýerde öz oňat hereketinden zyýan hem görýärler. Şeýle-de bolsa, olar hemişe parahatçylygyň we düşünişip ýaşaşmagyň tarapdary.

SON HABERLER

“Üstünligiň syry”

Ýer şaryny gezip ýören jahankeşde ýigit üstünlik we ýeňiş gazanmak üçin gerekli maslahatlar almak üçin, uzak ýurtlarda tanymal dana akyldar adamyñ ýanyna barypdyr. Kölde...

Tennis muşdaklary üçin gynançly habar

Dünýä belli “Wimbeldon” tennis ýaryşy dünýäde häzir dowam edýän çylşyrymly döwürde häzirlikçe ýatyryldy. Bu barada goşmaça maglumatlar 1-nji aprelde habar berler diýip, Germaniýanyñ Tennis...

“Grammy” baýragynyň eýesi Joe Diffie aradan çykdy

“Grammy” baýragynyň eýesi aýdym-saz ýyldyzy Joe Diffie ýiti respirator ýokanç keseli mälim edilenden iki gün soň 61 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol Amerikanyň iň...

Hemilton “Formula 1” ýaryşlarynyň iň güýçli sürüjisi hasaplanýar

«Formula 1» ýaryşlarynda çykyş edýän «Alfa Tauri» toparynyň türgeni Daniil Kwýat häzirki wagtda bu ýaryşda iň ökde türgeniň 6 gezek çempion bolan Lýus Hemiltondygyny...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?