28/01/2021 10:38
Home SIZDEN GELENLER “Umytly dalaşgär” (1-nji bölüm)

“Umytly dalaşgär” (1-nji bölüm)

Ýylyň maý aýlarydy. Okuwlar hem tamamlandy. Baýram aga bilen Dünýä gelnejäniňem körpe gyzy bolan Aýjahana hem uçurym bolmak bagty miýesser etdi. Ol mekdebi tamamlaýandygyna begenip, kiçilikden bäri talyp bolmak arzuwyny amala aşyrmaga mümkinçilik döräpdi. Onuň arzuwy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmakdy. Şeýlelik-de arzylanan wagt hem gelip ýetdi, ýagny synag möwsümi başlady.

Aýjahan bar pikirini bir ýere jemläp, geçiriljek synaglara taýýarlyk görýärdi. Deň-duş gyzlary soňky jaň baýramçylyklara giden mahallary, ol bu pursatlarda känbir gyzyklanma bildirmedi. Sebäbi, Aýjahan ýetip gelýän okuw synaglara pes-päl garasy gelmedi. Bir gün Aýjahan ejesiniň öýde ýadyndan çykaryp goýup gaýdan el telefonyny eltip bermek üçin iş ýerine ýagny, öz dükanlaryna ýola düşdi. Ol duralgada özüne 11 ýyl bilim beren synp ýolbaşçysyna duşdy. Ol uzak wagtdan bäri görmänligi sebäpli, bu duşuşyga diýseň begendi. Soňra mugallymy Aýjahana soňky jaň baýramçylygyna näme sebäp bilen gelmändigini sorady we ol hem synaglardan ünsüni sowmazlyk üçin baryp bilmändigini tolgunmalardan gurşalan sözleri bilen jogap berdi. Ýöne, aslynda bu beýle däldi. Onuň soňky jaň baýramçylygyna barmadygynyň bir sebäbi bardy, ol hem öňki jorasy Merjen. 11 ýyllap aralaryndan gyl geçmedik joralaryň, okuwynyň soňky ýyllarynda aralary bozuldy.

Fewral aýynyň 17-sine Merjeniň doglan güni bolupdy we ol ähli synpdaşlaryny, şeýle-de hem iň ýakyn jorasy bolan Aýjahany hem çagyrdy. Doglan gününde näz-nygmatdan bezelen saçagyň başynda her dürli ajap arzuwlar bilen Merjeni gutladylar. Merjen welin, olaryň içinden sabyrsyzlyk bilen iň köp Permanyň gutlagyna garaşdy. Perman hem Merjen bilen bir synpda okaýar, ýöne Perman olaryň mekdebine 9-njy synpda okamaga gelipdi. Merjen Permana näçe wagtdan bäri göwün berip ýördi, ýöne Perman ony diňe synpdaş hökmünde görýärdi. Merjen onuň şeýledigini bilse-de, kalbynyň töründe oňa garaşýardy. Permanyň bolsa hemişe gözünde hem-de göwnünde diňe Aýjahan bardy, emma ol duýgusyny açmaga hiç oňaýly wagt tapmanlygy sebäpli ýüreginde gizläp ýören eken. Sebäbi Perman Aýjahanyň olar ýaly gürrüňlerden hoşlanmaýandygyny bilýärdi. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan doglan günem tamamlandy, günüň ir ýaşýanlygy sebäpli asman hem gara tümlüge bürendi. Synpdaşlar Merjene owadan arzuwlar edip, hersi öz öýli-öýlerine gaýtmaly etdiler. Daşary garaňky bolandygy sebäpli, Perman Aýjahana öýlerine çenli ugratmagyny teklip etdi. Aýjahan bu ýagdaýdan birahat bolsa-da, Permanyň goýmajagyna gözi ýeten gyz razylaşmaly boldy. Aýjahanyň söhbetdeşlige niýeti bolmasa-da, Perman özi barada gürrüň berip başlady. Permanyň hem edil Aýjahanyňky ýaly talyp bolmak arzuwy bardy, emma ondan öň Watan öňündäki borjuny berjaý etmäge gitjekdigi barada gürrüň berip gelýärdi. Birden okuw hakdaky gürrüňden daşlaşan Perman öz duýgusy barada dillenip başlady:

-Aýjahan, gör neneňsi wagt çalt geçýär hä?! Eýýäm okuwy hem tamamlap barýarys, her birimiz aýra ýollara düşýäris…

-Hawa, wagt diýseňem çalt geçýär!

-Aýjahan, gaty görmeseň men saňa bir zat aýtmakçy?!

-Hä aýdyber! diýip, gyz tolgunma bilen jogap berdi.

-Aýjahan, Watan öňündäki borjumy berjaý edip gelýänçäm sen maňa garaşarmyň? diýip, ýigit haýal ses bilen dillendi. Heniz ýagdaýa düşünip ýetişmedik gyz aljyrady:

-Düşünmedim, o näme diýdigiň bolýar?

Bu gezek duýgularyny açmaga karar beren ýigit:

-Aýjahan, bu ýerde düşünmez ýaly zat ýoga. Bilýän men içimde dörän duýgum barada saňa öň aýtmalydym, emma çekindim. Ýöne henizem giç däl. Men ilkinji gezek mekdebe gelenimde, seniň ol sadalygyň meniň ýüregimi aldy. Şondan bäri asla seni ýadymdan çykaryp bilemok! Seň pikiriň nähili? diýip, ýigit özüne ynjalyk beren ýaly giňden demini aldy-da, gyzyň gözleriniň içine seretdi. Gyz onuň diýen sözlerini halamady:

-Perman, diýýän zatlaryňy öz gulagyň bir eşidýärmi? Bir zady berk belle biz diňe bir synpdaş, başga zat ýok bolubam bilmez. Onsoňam men jan ýaly joram bilen aramy bozmak islämok, indi bu gürrüňe gaýdyp gelmeseň ikimiz üçinem gowy bolar! diýip, gyz anyk jogap berdi. “Jan ýaly joram bilen aramy bozmak islämok” diýlen sözleri Permanyň kellesinde düşnüksiz sorag bolup aýlandy we ol ahyr gyza ýüzlendi:

-Aýjahan, näme diýjek bolýanyňa düşünmedim! Sen haýsy joraň bilen araňy bozmaly we näme sebäpden?

Dilinden nädip gaýanyna düşünmän galan gyz:

-Perman, Merjen saňa uzak wagtdan bäri göwün berip ýör. Eger oňa bu günki gürrüňimiz gulagyna ýetäýse, menden diýseň ýaman görer. Şonuň üçinem menden uzak durmagyňy senden haýyş edýän! diýip, Aýjahan öýüne galan ýoluny gaty-gaty ýöräp ýeke dowam etdi. Aňk-taňk bolup duran Perman näme diýjegini bilmän yzda doňup galdy, edil şol pursat Permanyň Aýjahandan başga hiç zat pikir edesi gelenokdy.

Okap bilersiňiz  Halkara terjimeçileriň güni

Ertesi gün irden bular okuwa bardylar, Aýjahan ol gün özüni öňküsi ýaly alyp barmady. Ýagny, ony gaharjaňlyk duýgusy gurşap alypdy. Bu bolsa Permany diýseň bimaza etdi. Sebäbi Perman bu ýagdaýyň öz ýüzünden şeýledigini anyk bilýärdi. Soňra Perman Aýjahanyň el belgisine sms ýazdy:

“Aýjahan eger mümkin bolsa okuwdan soň daşynda garaşjak, ikiçäk gürleşäýeli…” Gyz oňa jogap bermegi zerur görmedi. Perman nähili düşünjegini welin bilmedi. Okuw sagady hem tamamlandy. Merjen bilen Aýjahan okuwdan duralga çenli bile ýöräp gaýtdylar. Aýjahan düýnki bolan zatlar hakda Merjene söz açmak isledi. Ýöne başarmady, onuň ýüregini gorkudan dolan bir duýgy saklady. Ol özüniň içini gürledip gelýärdi:

“Men Merjene düýnki gürrüňden söz açanymdan soň menden daşlaşsa näme?! Men bu bolan zatlary unutsam gowy bolar” diýip, ünsüni başga tarapa sowup ýöräberdi. Soň joralar biri-biri bilen hoşlaşyp öz öýlerine gaýtdylar. Gün ýaşanyndan soňra Aýjahan öz otagynda derslerine taýynlyk görmäge başlady. Şol wagt hem gyzyň el telefonyna sms geldi, elbetde ol hem Permandandy.

Okap bilersiňiz  Ýedidogan : Kraft sumkalarynyň aýratynlyklary

“Salam Aýjahan gowumy ýagdaýlaryň?” ýöne gyz ýene Permana jogap bermedi. Esli wagt geçenden soň Permanyň kanagady ýetmän Aýjahana jaň etdi. Permanyň özüni alyp barşy bu gezek Aýjahanyň hakykatdan ýüregine düşdi. Onda-da yzynyň üzülmejegine gözi ýeten gyz gelýän jaňy galdyrdy. Perman salam diýip ýetişmänkä, gyz öňürtiledi:

“ Näme Perman düşüneňokmy, bular ýaly ýürege düşmek nämä gerek? Öz ýeriňi bilseň gowy bolarmyka diýýän!” diýdi-de, gyz ümsüm telefony oglanyň ýüzüne öçürdi. Gyz synpdaşyna gödek gürlänine diýseň rahatsyz boldy, emma ol beýle etmedik bolsady Permanyň bes etmejegini bilýärdi. Aýjahan Permany erbedem görenokdy, ýöne jorasy üçin ondan uzak durmaly diýip pikir öwürýärdi.                                      Permanyň bolsa edil şol pursat ýüzüne urlan ýaly boldy, sebäbi gyzyň “Öz ýeriňi bil” diýen sözleri eşitmäge ýigit kimden garaşsa-da, Aýjahandan garaşmandy. Ilki ol öz duýgularyny ençe wagt gyzdan gizläp gezdi, häzir bolsa Aýjahan bilen bile durmuşyň bagtly ýollaryna gadam basmak islän mahaly, beýle sözleri eşitmek ýigide agyr degdi. Perman özüni biwepa galan ýigit ýaly saýdy, ýogsa Aýjahan oňa umyt hem bermändi. Olar şol günden bäri hiç hili habarlaşmadylar.

Şeýlelik-de, aýratyn günleriň biri ýetip geldi. Ýagny, Zenanlar güni. Perman hem bu pursady elden beresi gelmedi. Ol hyýal guran başlangyjynyň ugrunda ýene synanşyp görmek isledi. Gül satylýan dükandan iň owadan bägüli saýlap, okuwa tarap ýöredi. Elleri owadan çemeni saklaýan, ýüzi bolsa nur çaýylan ýaly ýöräp barýan ýigidi  ulagda oturan synpdaşy Merjen gördi. Merjen öz içinden  çemen gülleri özüne beriljekdigi barada pikir aýlap çaga ýaly begendi. Ol mekdebe girende özüni dünýäde iň bagtly gyz saýyp, öňküsinden hem şadyýan, nurana bolup geldi. Haçan-da ol synp otagyna girende Pemanyň elindäki taryplanan gülleri jorasy Aýjahana uzadyp durandygyny görüp, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Soňra Merjen ikisine-de baryp özünde toplanan awyly sözlerini pürkmek isledi, emma ýaşdan dolan bokurdagy bilen bir söz hem diýip bilmejegine gözi ýeten gyz synp otagyndan dessine aglap çykyp gaýtdy. Ýöne Merjeniň synpa girendigini Aýjahan we beýleki synpdaşlary üns bermändi. Aýjahan özüne uzadylan gülleri alyp eliniň tersi bilen aýlap zyňasy geldi, emma beýle etse synpdaşlarynyň arasynda aýyp boljakdygyny bilip güli aldy-da, oýunlyga salan ýaly edip synpdaşy Bahara uzatdy. Bahar hem ol gülleri aldy. Muny gören Perman özünden göwni geçip, kiçelen ýaly boldy. Ýöne Permanyň duýgulary Aýjahany düýbünden gyzyklandyranokdy. Soňra synpyň içinde diňe Merjeniň ýokdugyny bilen Aýjahan jorasyny gözläp başlady. Aýjahan birden beýleki synp otagda naýynjar sesi bilen aglap oturan gyzyň sesini eşitdi, baryp görse ol aglap oturan gyz Merjen. Howsala giren gyz jorasynyň ýanyna ylgap bardy:

-Merjen, joram näme boldy? Näme üçin aglaýaň?  diýip, howsalaly sorady. Jorasynyň ýüzüni görmäge-de kanagady ýetmeýän Merjen onuň ýüzüni alyp goýberdi:

-Men şeýtanyň sözünden gaçyp ýörkäm, asyl onuň özi gapdalymda gezip ýören ekenä…sen beýlesiň diýip kellemiň ujundanam geçmändi. Sen nädip arkamdan pyçak sokup bildiň? diýip, sözüni dynyp-dynmanka Aýjahan dowam etdi:

-Merjen, nämeler diýip dursuň! Men seň şu wagtky diýip duran sözleriňe mynasyp däl, düşündir näme boldy?”

-Wi, hawala sen bolmanam hemme zadyň iň gowusyna mynasypsyň diýip, içýakgynç gülküsini etdi-de:

– Men 11 ýyllap bilmän ekenim jora diýip ýörenimiň aslynda dönükdigini! diýip, ahyr awyly sözlerini pürkdi-de otagyň gapysyny batly ýapyp çykyp gaýtdy.

Şol pursat Aýjahanyň dünýäsi başyna ýykylan ýaly boldy. Ol Merjeniň näme hakda gürrüň etjek bolandygyny aňyp başlady, eger Aýjahan islese Merjeniň yzyndan baryp bolan ýalňyş düşünişmezligi düzedibem biljekdi. Emma ol muny etmedi, sebäbi wakaň anygyna ýetmän jorasynyň 11 ýyl gurlan gatnaşygyny kiçijik ýalňyş düşünişmezlik üçin bir pursatda  weýran edip, arkasyna hem bakman gidendigini ýadyndan çykarmak islemedi. Aýjahan ençe ýyl bir saçakda bile duz iýen adamsynyň ynamyny hem gazanyp bilmedigine özünden şeýle bir utandy welin, çeni-çaky ýokdy. Ol indi jorasyny ömürlik ýitirdim diýip pikir etdi. Şol günde Aýjahan bilen Merjeniň aralarynda geçiren iň soňky gürrüňleri boldy.

Okap bilersiňiz  Kitaby bähbitsiz okamak endikleri

Aýjahan ejesiniň ýanyna dükanlaryna geldi. Ejesiniň öýde galdyran el telefonyny berdi-de, birsalym dükanyň içinde güýmendi. Edil şol pursat dükana saçlary uzyn iki örümli, ýakasy owadan nagyş bilen bejerilen gyzyl köýnekli  talyp gyz girdi. Aýjahan ol gyza ogryn bakyp, hyýala siňip galdy. Sebäbi onuňam arzuwy şolar ýaly talyp diýen abraýly ada eýe bolmakdy. Ol indi öňküsinden hem erjellik bilen ýapyşyp ýetip gelýän okuw synaglara taýynlygyny dowam etdirdi. Onuň ähli pikiri diňe, geçiriljek synaglardan üstünlikli geçmekdi. Aýjahan goşgy, eser ýazmagy halaýardy. Şonuň üçin hem ol türkmen dili we edebiýaty hünäri boýunça okuw resminamalaryny tabşyrdy.

Bu gün bolsa sabyrsyzlyk bilen garaşylan sene hem gelip ýetdi, ýagny ilkinji synag güni. Aýjahan hem beýleki dalaşgär gyzlar ýaly synag tabşyrmaga ejesi bilen gitdi. Gyz her näçe aljyrap, kalbynda tupan tursa-da, muny ejesine bildiresi gelmedi. Emma ene ýürek gyzynyň kalby gorkudan dolup durandygyny duýýardy, şonuň üçin ol gyzynyň ýol boýy göwnüni götermäge çalyşdy. Aýjahanyň synaga girmeli wagty bir-iki sagatdan başlamalydy, ol şol aralykda özünde dörän gorkuly duýgularyna erk etmäge dyrjaşdy. Soňra biraz wagtdan synaga girmeli dalaşgärleriň içinde Aýjahanyň ady okaldy. Ol ähli ünsüni bir ýere jemläp, synag geçirilýän otaga tarap ýöredi. Bu pursatda dörän duýgy Aýjahany aljyratdy. Baryp soragnama biledini aldy-da, ýerine geçip oturdy. Soragnama seredip görse, ýüzi ýagtylanan ýaly boldy, sebäbi Aýjahan özüniň soragnamasyna düşen soraglaryny orta mekdepde geçipdi. Şonuň üçin hem ol ýüregini suwluja tutup birinji synagyny üstünlikli tabşyryp gaýtdy. Elbetde bu diňe synagyň birinji günüdi, gyzyň öňünde ýene-de iki synag bardy. Ýöne şonda-da Aýjahan synag otagyndan çykanynda begenjine özüni talyp bolan ýaly duýdy. Gyzynyň birinji synagdan üstünlikli geçendigini gören Dünýä gelneje, Aýjahandan hem beter begendi. Soňra bular başlaryndan geçiren täsin duýgularyny paýlaşmak üçin öýe gaýtdylar. Ertesi güni ikinji geçiriljek synag bolmalydy. Şol gije Aýjahanyň düýşüne onuň ýogalan garry mamasy Oguljemal daýza girdi. Oguljemal daýza agtygyna öz ejesiniň adyny berendigi üçin beýleki agtyklaryndan tapawutly görýän eken. Aýjahanyň düýşüne ol, öz agtygynyň halyna nebsi agyrýan ýaly garap duran zenan bolup göründi. Mamasynyň naýynjar garaýşyndan rahatsyz bolan gyz, tisginip ukydan oýandy. Soňra ol daňa çenli uklap bilmedi, mamasynyň özüne näme duýdurjak bolandygy barada pikirlendi. Aýjahanyň agşamky gören düýşi baradaky pikir ony terk etmedi. Gün doganda gyz ejesi bilen ikinji geçiriljek synaga gitdiler. Ýöne Aýjahan bu gezek ilki gezekdäki ýaly gaty aljyramandy, sebäbi düýnki gazanylan üstünlik onuň ýüregine baky umyt beren ýaly boldy. Öz girmeli wagty gelende Aýjahan synag otagyna tarap ýöredi, ýöne ol ýöräp barýarka synag hakda däl-de, agşamky gören täsin düýşi hakda pikirlenip barýardy we ol Aýjahana biynjalyk berip durdy. Ahyr soň ol ähli pikirini bir ýere jemläp düýnki ýaly soragnama biledini alyp, ýerine geçdi. Ýöne bu gezek şowlulyk gyza gülüp bakmandy ýagny, ol ikinji synagda berlen soraglara jogap berip bilmedi, soňra bolan zatlara entek aňşaryp ýetişmedik gyz synag otagyndan çykyp gaýtdy. Şol wagt Aýjahan agşamky düýşünde garry mamasynyň näme diýjek bolandygyna düşünip başlady.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň uzyn aýnaly köprüsi

Ol özüni ýalňyz galan guş ýaly duýdy. Bir söz diýäýseň çagajyk deýin aglaýjak ýaly bolup synagyň gapysyndan çykyp gelýän gyzyny gören ejesi, Aýjahanyň synagdan geçip bilmedigini duýdy. Soňra ol gyzynyň halyna ýüregi agyrsa-da, bildirmedi:

-Gynanma gyzym, goý bähbide çeksin! Umydyňy ýitirme, entek seň geljegiň öňüňde ahyry! diýip, ejesi naýynjarlyk bilen ýüzlendi. Aýjahan kalbynda dörän harasady ejesine bildiresi gelmedi we özüni hiç zat bolmadyk ýaly alyp barmak isledi. Aslynda gyz indi onuň talyp bolmak hakda arzuwy ömürlik köýdi diýip pikir edipdi. Ýöne şonda-da onuň kalbynyň bir ýerlerinde umyt ýatyrdy. Ol şol ýatan umyt bilen öz durmuşyny dowam etdirmäge kaýyldy.

Günler geçdi… aýlar geçdi. Ýöne şonda-da Aýjahanyň ýaş kalbynda dörän ýaralary geçmändi. Ol her gezek öýüniň ýan köçesinden ýa-da dükanlarynyň öňünden üýşüp geçip barýan  talyplary görende, özüni ýalňyz saýýardy. Bir gün Aýjahanyň aýal dogany Mahym, jigisiniň gama batyp ýören göwnüni galdyrmak üçin seýilgähe alyp gitýär. Aýjahan hem islemese-de, aýal doganynyň sözüni ýykmajak bolup razy bolýar. Seýilgähde çagajyklaryň mylaýym gülki sesleri ýaňlanyp durdy, olaryň mähirli sesleri göwni ýoguňam göwnüni göterjekdi. Aýjahanyň öňküsinden biraz ýüzleri açyldy. Gyz bir pursadam bolsa, özündäki gussany unutdy. Olar aýlanyp ýörkä, birden öňlerinden Aýjahanyň öňki jorasy bolan Merjen çykdy. Merjen hem Aýjahan bilen deň bir ugra okuw üçin synag  tabşyrypdy, ýöne Merjen synaglardan üstünlikli geçdi. Aýjahan Merjen bilen arasy gowy bolmasa-da, oňa duşandygyna diýseň begenipdi. Merjeniň  bolsa şol öňki häsiýeti özdiýenli, kejir, hopbamsy. Merjen Aýjahanyň okuwdan ýykylandygyny bilýärdi, onda-da jorasynyň ýarasyna duz basmak niýeti bilen ýene-de şol gürrüňi açdy:

Okap bilersiňiz  Türkmenistan, İTF Bakanlar Zirvesine Katıldı

-Aýjahan gowumy ýagdaýlaryň, uzak wagtdan bäri görüşmedigem. Okuwdan ýykylypsyň, eşidip gynandym. Borla…nesibe ýokdurda, o zadam hemme kişä miýesser edip duranoga!  diýip, içýakgynç ýylgyrşyny edip, onuň ýüzünden sowup goýberdi. Ýöne Aýjahan jorasynyň bu herekedine gaty bir ünsli garamandy, tersine onuň sözleri Aýjahana täzeden umyt döreden ýaly boldy:

-Hawa Merjen bu ýyl nesibe maňa gülüp bakmady, ýöne onda-da men gynanamok nesip bolsa täze ýyl bolar. Her işde haýyr bardyr diýipdirler, diýdi-de, gyz ýylgyrdy. Ýene-de Merjen jorasynyň içini ýakmak niýeti bilen gep goşdy:

-Hä, aý bolýala beýle bolsa. Wii saňa bir täzeligim bardy, indiki tomus Perman bilen toýumyz bolýar… entek öýüňize baryp, ýörite aýdyp gaýdaryn! Hökman gel garaşarys!

-Hä tüweleme bagtly boluň, nesip bolsa bararyn. Aýjahan jorasy Merjeniň niýetiniň entegem öňki bolşudygyny aňýardy. Umytdan düşmedigini eşiden aýal dogany Mahym, jigisiniň her näme ýol bolsada umydyny ýitirmedigine çäksiz begendi. Aýjahanyň bolsa öz diýen sözleri özünde uly buýsanç döreden ýaly boldy. Soň doganlar öýlerine tarap gaýtdylar. Aýjahan ýaňky geçiren gürrüňleri hakda oýlanyp geldi. Ol öz ýüreginde beslän arzuwynyň ugrunda soňuna çenli göreşmelidigine,  aňsat boýun egmeli däldigine düşündi. Şeýlelikde, Aýjahan ähli gaýgysyny bir gyra goýup, täze ýylda geçiriljek okuw synaglaryna taýynlyk görüp başlady. Gyz indi bu ädime öňküsinden hem höwesli ýapyşdy, sebäbi onuň ýüreginde ýene bir täze umyt yşygy döräpdi.

Ýürekleri tolgunmalardan gurşap alýan wagt hem gelip ýetdi, ýagny okuw synaglar möwsümi başlady. Aýjahan bu pursada bir ýyl garaşsa-da, bir ömür geçen ýaly duýdy. Bu gezek hem Aýjahan geçiriljek synaga ejesi bilen gitdi. Ol synag geçiriljek ýeriň derwezesinden ädimini ädende öňki başyndan geçiren wakasy gözüniň öňünde janlanypdy. Aýjahan bir zatdan gorkýardy, ol hem öňki ajy wakaň gaýtalanmasyndan.  Synaga girjek dalaşgärleriň atlary okalyp başlandy. Olaryň içinde Aýjahanyň hem ady çykdy. Ol synag otagyna tarap ýöräp bardy. Beýleki dalaşgärler ýaly synag soragnamasyny aldy-da, ýerine geçip oturdy we şol soraglar boýunça hem bildiginden jogap berdi. Soňra halypa mugallymlaryň biri gyzyň alan soragnamasy boýunça synag almak üçin ýanyna çagyrdy. Aýjahan hem özüni der bilen basyp aljak ýaly mugallymlara tarap ýöredi. Halypa mugallymlar ýaş  dalaşgäriň soragnama beren jogabyny okap, ondan kanagatlandylar. Şeýdip Aýjahan birinji synagdan şowly geçip gaýtdy. Ýöne bu gezek gyz birinji üstünligine   gatybegenmedi.                                                                                                                   Aýjahan ikinji synaga ýeke gitmek isledi, eger synagdan geçmedik ýagdaýynda-da, ejesiniň onuň halyny görmegini islemedi. Şeýlelik-de, Aýjahan uly tolgunmalar bilen ikinji synaga girdi we ony hem üstünlikli tabşyryp çykdy. Bu gezek gyzyň ýaş ýüregi suwlanan ýaly boldy. Aýjahan geçiriljek üçünji synagada ýeke gitdi. Ýöne bu iň soňky synag bolsa-da, ol özüni ilkinji gezek synaga giren ýaly aljyrady. Sebäbi bu soňky synag onuň ykbalyny çözmelidi. Gyz synag otagyna tarap ýöräp baranda ähli pikiri synagdan geçmedik ýagdaýynda-da, gynanman çykjagyny özüne ýol boýy ündäp geldi. Synag geçirilýän otagyna girdi, öňki bolşy ýaly soragnama biledini alyp, ýerine geçdi. Ol ýazyp bolandan soň soragnamany tabşyrmak üçin halypa mugallymlaryň ýanyna bardy. Halypa mugallymlar Aýjahanyň soraglaryna beren jogaplaryny diňlediler. Şol wagt gyzyň kalbynda harasatlar turýardy. Birsalymdan soňra mugallymlaryň biri gyza ýüzlendi:

Okap bilersiňiz  Türkmenistan, İTF Bakanlar Zirvesine Katıldı

-“Gutlaýan siz talyp bolduňyz!” diýdi-de, ýylgyrdy. Şol pursat Aýjahanyň birdenkä, tolgunmaly gözlerinden begenç göz ýaşlary syrygyp gaýtdy.

Amansoltan Sytdyhowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ talyby.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Wengriýa Ýewropada rus sanjymyny ilkinji tassyklan ýurt

Wengriýanyň Milli mejlisiniň agzasy Gergeý Guýaş, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna wagtlaýyn rugsat berlendigini we “AstraZeneca” sanjymyny tassyklandyklaryny habar berdi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropada Russiýanyň...

Porýe Makgregory jogap tutluşygynda ýeňdi

Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçirildi. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşdy. Ýylyň esasy tutluşyklaryndan biri hökmünde...

Konor Makgregor – Dastin Porýe tutluşygy

24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gijede Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçiriler. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin...

Türkmenistan bilen Belarus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekişdiler

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi. Duşuşygyň...