20/01/2021 21:15
Home SIZDEN GELENLER Täsin suwoty

Täsin suwoty

Bilşimiz ýaly, bizi gurşap alýan daşky dünýämiz özüniň florasy bilen guşawy bezeýär we adamzadyň ünsüni yzygider özüne çekýär. Baý biodürlülige eýe bolan ösümlik dünýäsi özüniň ajaýyplygy, özboluşlylygy, täsin görüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle täsin görnüşleriň biri-de kladaforalar maşgalasyna degişli bolan ýaşyl suwotydyr. Latynça ady Aegagropila Linnaei, ady hem ony açan şweýsariýaly alym K.Linneýiň hormatyna dakylan.

Ýaşyl suwoty esasan hem süýji suwly köllerde, derýalarda duşmak bilen, temperaturasy 18-22º bolan suwlarda ösýär. Ol Ýewraziýa materiginde Ýuwaş ummanyndan tä Atlantik ummanyna çenli aralykda duşýar. Seýrek ýagdaýda bolsa Awstraliýada Sidneýiň kenarlarynda hem hasaba alnandyr.

Daşky görnüşi boýunça şar şekilli bolan bu özboluşly suwoty göreni özüne çekýär. Onuň içi boş bolup, ýaşyl bölegi birnäçe galyňlykda bolýar. “Şarjagazy” kesip göreniňde biri-biri bilen berk baglanyşan inçe şahalanýan sapajyklardan ybarat ösüş zolaklaryny görmek bolýar. Şeýle-de bu suwoty akwariumçylykda hem giňden ulanylýar. Ol akwariumlarda diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem öz üstünden geçýän köp mukdardaky suwy arassalap süzýän tebigy süzgüçdir. Käbir akwaristler ony akwariumda diňe şar görnüşde ösdürmän, gaýçy bilen kesip tekiz görnüşinde hem ösdürýärler.

Okap bilersiňiz  Dişläp dişiňi arassala

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Okap bilersiňiz  Dünýäde iň uzyn Internet kabeli çekilýär

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“UFC” guramasyndan baýraga mynasyp boldy

Başa-baş söweş sungaty boýunça russiýaly txrgen Habib Nurmagomedow, UFC guramasy tarapyndan 2020-nji ýylyň “Iň gowy bogmak emeli” diýen baýragyna mynasyp boldy. Türgen öz ýürek...

Germaniýada örtügiň ornuna…

Ýewropada we Ýer ýüzüniň beýleki yklymlarynyň käbir döwletlerinde koronowirus keseliniň täze, has ýiti akymynyň ýaýramagy bilen, öňüni alyş çäreleri has güýçlendirilýär. Bu güýçlendirmeler Germaniýada...

Günorta koreýaly futbolça bagyşlanan film

Angliýanyň “Tottenhem” futbol toparynyň tälimçilik wezipesine Žoze Mourinýo bellenenden soňra, günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Miniň futbol karýerasyny ösüşlere tarap ugur aldy. Häzirki wagtda...

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Yhlas bilen aglasaň…»

«...sokur gözden ýaş çykýandygyny» bir angliýaly ýene bir ýola subut etdi. Has takygy, ol sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglara 157 gezek girip, 158-nji synagy üstünlikli...

Oksford derejesinde bilimi berjek uniwersitet

Özbegistanda Oksford derejesinde bilimi berjek Prezident uniwersitetini döretmek meýilleşdirilýär. Daşkent şäherindäki Prezident uniwersiteti birbada 8 müň okuwça bilim berer. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat...

Edepli Ile Ýarar

Mahlasy, her birimiziň durmuşynda her dürli häsiýetli adamlar gabat gelýän bolsa gerek. Wagty tygşytly tutmak iň bir gowy häsiýetleriň biri bolmagynda galýar. Her bir...

Milli ýygyndylar boýunça iň gowy tälimçi boldy

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) soňky on ýylda iň gowy milli ýygyndy tälimçileriň sanawyny düzdi. Sanawda birinji ýeri Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi...