27/10/2020 13:56
Home SIZDEN GELENLER Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň hem-de  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden myhmanlar we talyp ýaşlar öz çykyşlaryny rus we iňlis dillerinde alyp bardylar. Aýratyn hem iňlis dilinde alnyp barylan çykyşlar diýseň täsirli boldy. Bu çykyşda lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde ýurdumyzyň sähralarynda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ýerlikli ulanmagyň peýdasy barada bellenilip geçildi.      Türkmenistanyň baý dermanlyk ösümlikleri, olaryň adam bedenine berýän peýdasy, ýokumlylygy barada, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň wajyplygy, arassaçylyk-gigiýenanyň dogry berjaý edilmegi dogrusynda giňişleýin maglumat berildi.  Bu täze kitapTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden, jana şypaly melhemlerden gözbaş alýan bu kitap halk lukmançylygyna bagyşlanan ylmy ensiklopediki eserdir. Hormatly Prezidentimiz özüniň gymmatly eserlerinde dermanlyk ösümlikleriň gülünden, ýapragyndan, kökünden, tohumyndan… alynýan dürli melhemleri, jöwherleri we olaryň ulanyş ýollary barada aýratyn düşündirip geçdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adam hakyndaky aladany ünsden düşürmeýän, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak babatda gije-gündiz uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler!

                                                                     Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                         Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

 Sahypalara sygmadyk söýgi

                         (hakyky durmuşdan alnan)  ...Agzybir  maşgaladaky bu günki gykylyk hemmeleri geň galdyrdy. Bu wakalaryň sebäpkäri hökmünde anyk biri görkezilip bilinmezdi, emma Bahar daýza hiç çekinmän...

Dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy yglan edildi

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi ýene-de dünýäniň iň gymmat awtoulag markasy adyna eýe boldy. “Interbrand” gullugyna salgylanyp, “Dünýäniň iň gymmatly 100 markasy” ýyllyk sanawyna birnäçe awtoulag...

ÝB-MA-Owganystan formatynda hyzmatdaşlyk

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky...

Watan söýgüsi – belent mertebe    

Watansyz milleti göz öňüne getirip bolmaz. Watana bolan söýgi millet bolmak aňy bilen bilelikde ýaşaýan duýgudyr. Milletleri ýaşadýan we jemgyýetde agzybirligi üpjün edýän ahlak...