No menu items!
8.9 C
Istanbul
01/06/2020 5:39
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Haýwanlaryň özlerini alyp baryşy boýunça howa çaklamasy

Haýwanlaryň özlerini alyp baryşy boýunça howa çaklamasy

Ýer togalagynda ýyly we güneşli howa garaşylýan günde yzy üzülmeýän ýagyşlaryň ýagmagyna köp duş gelinýär. Elbetde, bu ýagdaý atmosfera hereketiniň, onda bolup geçýän hadysalaryň örän çylşyrymlygy bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli dünýä ýüzündäki müňlerçe meteorologik, aktinometrik, gidrologik, aerologik, geomagnit beketleriň barlagyna garamazdan käte howa çaklamasy ýalňyş çykýan wagtlary hem bolýar. Şu babatda asyrlaryň dowamynda ösümlikleriň we haýwanlaryň özüni gözegçilik edilip gelnen we aňyna siňen halk ýorgytlaryna uly üns bermeli.

Gündogar halklary hem beýleki  halklar ýaly gadymdan bäri yrymçy adamlar hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, olar ot-çöpleriň, haýwanlaryň hat-da düýşiň üsti bilen hem howanyň nähili boljakdygyny kesgitläpdirler. Meselem, düýşüňde garpyz iýseň  howa sowaýar diýen ýorguda hem duş gelinýär. Olar haýwanlaryň hereketiniň, tüýüniň ösüşi boýunça hem howany kesgitläp bilipdirler. Ylaýta-da pişigiň üsti bilen köp zatlary kesgitläpdirler. Geliň, şu ýerde sözümiz gurak bolmaz ýaly, birnäçe ýorgutlara seredip geçeliň.

– Gündogarlylar öý dikenlerinde ilki bilen öýe pişik goýberip, pişik haýsy ýerde köp saklansa, şol ýeri öýüň töri hasaplapdyrlar. Gara öýüň törüni şol ýerde gurupdyrlar.

– Pişik öýüň ortasynda süýnüp ýatsa, şol gün howa bulutly bolsa-da ýagyş ýagmaz.

– Pişik arkasyny agynyp gerinjirese tomus paslynyň şol güni örän yssy bolar, gyş bolsa howa maýyl bolar.

– Pişik guýrugyny ýalap diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar.

– Pişik aýagy suwa batanda silkelese, howa salkyn bolar ýa-da ýagyş ýagýar.

– Eger-de arylar bal gapyrjaklaryndan bal ýygnamaga çykmasalar, onda ýakyn wagtda bulut gelip, ýagyşyň ýagjaklygydyr. Eger-de, olar öz ýaşaýan ýerinden daşa uzaklaşmasalar, onda ýagyşa garaşybermelidir. Eger-de arylar gündiziň jokrama yssysynda köpçülikleýin gapyrjaklaryna ýygnansalar, ýyldyrymly güýçli ýagyş ýagar.

– Eşek arylaryň gijesine ýagty ýerlere uçmagy ertirki açyk howanyň alamatydyr.

– Eger-de siňekler adamyň we öý haýwanlaryň daşynda köpräk peýda bolsalar ýagşyň ähtimallygy has ýokarydyr.

Hormatly okyjylar! Bulardan başga-da ösümlikleriň hem-de suw jandarlaryň esasynda dörän ýorgutlar bolup, olary sahypamyň indiki sanlarynda paýlaşmagy özüme müwessa bildim.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

TDU-nyň geografiýa fakultetiniň

meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

Haly baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Şu gün Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda senagat edara binasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi Döw­let ha­ryt çig-mal...

Güllerden görklidir türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda gol çeken Karary haly önümçiligini kämilleşdirmek we göwnejaý derejede ýola goýmak, milli önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak ugrunda edilen...

31-nji maý — Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni

Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenilip geçilýär. Bu ýylky baýramçylyk köpçülige temmäkini ulanmagyň howplary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäki...

Jerrard 40 ýaşady

Angliýanyň “Liwerpul” toparyň ozalky meşhur ýarymgoragçysy Stiwen Jerrardy doglan güni bilen gutlady. 30-njy maýda häzirki wagtda Şotlandiýanyň “Reýnjers” toparynyň baş tälimçisi 40 ýaşady. “Stiw, doglan...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Kompaniýanyň özboluşly harytlarynyň biri bolar

Ýakynda Hytaýyň köpugurly elektron harytlaryny öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan ZTE täze akylly telefonyny alyjylara hödürlär. Kompaniýanyň özboluşly önümleriniň biri boljak “Axon 11 SE”  akylly...

Aşgabat gününe bagyşlanan halkara sergi

Şu gün halkara hem-de döwlet sergileriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň giň sergi zalynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat»...

Türkmen milli göreşi VI Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah hormatly Prezidentimize Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda:  “Goý, Beýik Allatagala COVID-19...

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň mejlisi

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri...