27/10/2020 13:40
Home SIZDEN GELENLER Google-dan ýene bir täzelik: Akylly sumka

Google-dan ýene bir täzelik: Akylly sumka

Google önüm hataryny giňeltmek kararyna geldi we täze akylly sumka çykardy.

“Google” we “Samsonite” -iň sumkasy ulanyjylara öz smartfonlaryny yzygiderli barlamazdan, öýden uzakda bolsalar hem öý bilen baglanyşykda bolmaga kömek edýär.            “Google Jacquard” önümleriniň arasynda iň soňkylaryň arasynda öz ornuny tapan Konnect-i sumkasynyň slim görnüşiniň bahasy 200$ standart görnüşiniň bahasy bolsa 220$ başlaýar.     Google-yň ösen tehnologiýalar we taslamalar bölümi “Project Jacquard” taslamasyny ilkinji gezek 2015-nji ýylda geçirilen Google I/O döredijiler konferensiýasynda hödürledi. Bu tehnologiýanyň esasy ýörelgesi, adaty matany smartfonyňyzda birnäçe funksiýany işletmek üçin ulanyp boljak duýgur ýüze öwürmekden ybaratdyr. “Smart Cloth” kiçi USB portundan zarýad alýan kiçijik bellik bilen işleýär.

Belligiň özi, içindäki LED we kiçi yrgyldy motoryny ulanmak arkaly habarnamalary paýlaýar. Täze Samsonite Konnect-i sumkasy ulanykylara jaňlara jogap bermäge, ses habarlaryny diňlemäge, nawigasiýa hyzmaty hökmünde Google kartalaryndan peýdalanmaga, selfi düşmäge we aýdym eştmäge mümkinçilik berýär.              “Samsonite”, “Konnect-i” sumkasynyň “Slim” we “Standard” görnüşlerini öndürer. “Slim” görnüşiniň dik zolakly berkitmesi bar bolsa, “Standard” görnüşiniň gorizontal zolakly berkitmesi bardyr. Bu sumkalaryň köp jübileri bar bolup, olardan başga-da noutbuk üçin bölüm hem ýerleşdirilendir.

Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

  Kakam hakda ýatlama….

Döredijilik  adamlarynyň  arasynda  ene  barada  eser  döretmedigi,  goşgy   ýazmadygy  ýok  bolsa  gerek?. Emma ene söýgüsi bilen deñ derejede duran ata söýgüsi barada ýazýan azmyka...

Futbol täzelikleri…

Dünýä belli derwezeban täzeden futbola gaýdyp geldi. Germaniýanyň soňky ýyllarda ýetişdiren iň güýçli derwezebanlaryndan biri bolan Noýer bolsa täze üstünligini gazandy. Manuel Noýeriň nobatdaky...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahaty

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde...