25/01/2021 22:16
Home SIZDEN GELENLER “Daş kömelekleri”

“Daş kömelekleri”

Kappadokiýa – Kiçi Aziýanyň gündogarynda häzirki Türkiýäniň çäginde ýerleşýän sebit bolup, diýseň täsin görnüşi bilen meşhurdyr. Bu sebitiň esasy aýratynlygy hem “daş kömelekleri” diýlip atlandyrylýan sütünleridir. Konus şekilli sütünler siňe seretseň, hamala ýerden ösüp çykan kömelek ýaly bolup görünýär. Bu sütünler geomorfologiki nukdaýnazardan, iki sany hadysanyň, ýagny wulkanyň işjeňliginiň we erroziýanyň netijesidir. Sütünleriň käbiriniň beýikligi 40 metre çenli ýetýär. Irki wagtda (on million ýyl ozal) sebitiň territoriýasynda wulkanyň işjeňliginiň güýçlenmegi netijesinde tektoniki hadysalar ýüze çykyp, bu zona öz täsirini ýetiripdir. Bu hadysalar netijesinde giň meýdanda galyňlygy 100-300 metre deň bolan çökündi gatlagy emele gelip, uly belentligi emele getiripdir. Soňra suw erroziýasynyň netijesinde çökündiler belli derejede ýok edilip, diňe sütün görnüşli daş gaýalary saklanyp galypdyr. Her sütüniň ýokarsynda hem “gapak” görnüşli daş bölegi saklanan. Wagtyň geçmegi sebitde wulkan işjeňligi we erroziýa hadysalary azalyp, täsiri peseldi. Häzirki wagtda bolsa bu ýerde özüniň täsin “daş kömelekleri” diýen ady bilen meşhur bolan daş sütünleri görenleriň ünsüni özüne çekýär.

Okap bilersiňiz  UEFA-nyň möhüm kararlary

Aýsoltan Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Okap bilersiňiz  Germaniýada tomaşaçylar stadiona dolanar

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Sallançakdan soňky ilkinji hereket
Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Daşary ýurtly aýdymçylaryň arasynda türkmen aýdymyny aýtmagyň halkara bäsleşigi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.
Okap bilersiňiz  Agaç kesýäniň gyzy
Degişli...

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatdaky taslamalar bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň...

Oba hojalyk önümçiligi innowasion ösüş ýolunda

Türkmenistanyň oba hojalygy ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Oba zähmetkeşleri içerki bazary halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge...

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we...