27/10/2020 13:58
Home SIZDEN GELENLER Çaga ykbaly

Çaga ykbaly

Hydyr mugallym ýene öňküsi ýaly galstugyny dakynyp, nahar iýmek üçin ýaňy saçak başyna geçipdi welin, bir görse agşam Ýusubyň goýup giden haty stoluň üstünde durdy. Ýusup onuň iň ökde, göreldeli, başarjaň okuwçysydy. Hydyr mugallym çaýyny hem içmän, haty alyp okamaga başlady. Hatda şeýle ýazyglydy: “Mugallym gynansak-da men ertirden başlap mekdebe gelip bilmeýärin. Sebäbini sorasaňyz mugallym, okuwa geýer ýaly ne aýakgabym bar, ne eşigim bar, ne-de olary alar ýaly pulumyz bar. Bilýärsiňiz mugallym ejem aradan çykaly bäri, kakam ähli gazanýan puluny içgä sowup başlady. Men bolsa pul gazanyp, kiçi jigilerimi okatmaly diýen netijä geldim. Şu gün bir iş tapdym. Nesip bolsa, ertirden başlap şol ýerde işe başlaýaryn, puly az ýöne jigilerimi okadyp, iýdirip, geýdirip biljek derejede ýetýär. Gysgaça mugallym, jigilerime hem eje, hem kaka bolmaly. Bu ýagdaýy Size sapakda aýtmanlygym üçin menden gaty görmäň. Bolýar onda mugallym, häzirlikçe hoş galyň!”. Hydyr mugallym bu haty okap, işdäsi kesilip, uly gaýga batdy. Sebäbi, ol Ýusupdan köp zada garaşýardy. Onuň ýurdumyzyň islendik ýokary okuw jaýynda okamaga ýetjek derejede bilimi bardy. Gijesi bilen Ýusuby nädip okadyp boljaklygy barada pikirlenip, daňyny atardy.

Hydyr mugallym ir säher bilen turup işe bakan ýola düşdi. Her gün gatnaýan uzyn ýolunyň nädip gysgalandygyny bilmän galdy. Ol mekdebe gelip, öz okadýan synpyna girende suratdaky gözel paýtagtymyz Aşgabadyň suratyna gözi düşüp begençden uçaýjak bolýardy. Onuň paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynda işleýän kursdaşy Rejep ýadyna düşdi. Derrew oňa jaň etmek bilen boldy.

Aradan ep-eslije wagt geçip, ýaz paslynyň aprel aýy gelip ýetipdi. Hydyr mugallym ir säher turup elinde gazet bilen ýola rowana boldy. Onuň göwnüne bir köçe aňyrsynda ýaşaýan Ýusuplara ýetmegi örän köp wagt alaýjak ýalydy, ýol näçe gysga bolsa hem ol ýoluň soňy gelenokdy.

Ýusup jigilerini iýdirip, geýindirip mekdebe ugratdy we özi işe gitmek üçin aýakgabynyň bagjygyny daňyp otyrka tanyş bir ses eşitdi. Ol ses onuň 4 ýyllap ýadaman diňlän sesidi, ol ses Hydyr mugallymyň sesidi. Ýusup kellesini galdyryp seretse synp ýolbaşçysy bolan Hydyr mugallym garşysynda durdy. Ol mugallymy bilen salamlaşyp öýe girmekligini haýyş etdi. Hydyr mugallym öýe girende, öýüň içi hapa we sowukdy. Ýusup mugallymyny kakasynyň bolýan otagyna alyp bardy. Ýusubyň kakasy mugallymy içgili garşy aldy. Ýusup örän utanypdy, ýöne bu aýyp onuň aýyby däldi. Kakasynyň aýybydy. Ýusup çaý demlemek üçin aşhana gidende, Hydyr mugallym Ýusubyň kakasyndan: “Ogluň okap, uly adam bolanyny isleýärmiň?!” diýip sorady. Ýusubyň kakasy bolsa oglunyň okamagyny ýürekden isleýärdi. Emma, ol mugallyma okamagyna razy däldigini aýtdy, bahanasy bolsa ony iýdirip-geýdirip, okadyp biljek derejede pulunyň ýokdugydy. Edil şol wagt Hydyr mugallym Ýusubyň kakasynyň sözüni kesdi-de: “Siz hiç zady gaýgy etmäň, siz diňe Ýusubyň okamagyna rugsat berseňiz bolýar. Men ony özüm okadaryn” diýdi. Ýusubyň kakasy içgili bolsa-da utanyp, ogluny ýanyna çagyryp okasynyň gelip-gelmeýänligini sorady. Ýusup kakasyna okamagy ýürekden isleýändigini aýdanda, kakasy Ýusubyň okamagyna garşy däldigini aýtdy. Hydyr mugallym hem elindäki gazeеi görkezip, şu aýyň soňuna çenli resminamalary ýetişdirmeklik üçin az wagtlarynyň galandygyny ýatladyp, şol günden başlap ähli resminamalaryny düzläp başladylar.

Ýusup synaglardan üstünlikli geçip, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynda okuwyny dowam etdirdi.

Synpdaşlary gowy, arassaja, täzeje eşikde mekdebe gelýän wagtlary ol köneje eşikde mekdebini tamamlap, soň uniwersiteti tamamlap bugün lukman bolup ýetişipdi. Ine Ýusup bugün Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tapawutlanan diplom bilen gutaryp, Aşgabat şäherindäki köp ugurly hassahanada işiniň ilkinji günüdi. Ol bu ýerlere gelmek üçin köp kösenipdi. Ol işine ökde lukmanlaryň biri bolup ýetişjekdigini Hydyr mugallymyna söz beripdi. Sözünde-de tapyldy.

Ýusup uniwersitede giren ýylyndan bäri Hydyr mugallymyny gözleýärdi. Sebäbi, Hydyr mugallym ene-atasynyň ýarawsyzlygy sebäpli, oba ene-atasynyň ýanyna göçüp gidipdi. Soňra ondan hat-habar bolmandy. Okuwçy döwri oňa Hydyr mugallymyň kursdaşy Rejep mugallym gerekli kömekleri beripdi.

Ýusup 5 ýyldan soň kursdaşlary bilen görüşmek üçin çaýa gelipdiler. Olar talyp döwürlerini ýatlap, gülşüp-degişip otyrkalar ine-de ýene bir şum habar geldi. Ýusuby gyssagly işe çagyrýardylar. Agyr ýagdaýda ýatan bir hassany getiripdiler. Bir tarapda 5 ýyllap görüşmedik kursdaşlary, bir tarapda bolsa “Her nähili halda bolsa hem gyssagly işe, operasiýa çagyrsalar, bararyn” diýip Hydyr mugallymyna beren sözi durdy. Ýusup kursdaşlaryndan ötünç sorap derrew işe garşy ýola düşdi. Baryp hassany operasiýa otagyna geçirip taýýarlamaklaryny aýtdy we özi hem otagyna girip eşiklerini geýip: “Eý Allajan maňa bu operasiýadan hem gowy habar bilen çykmagy nesip et!” diýip dileg etdi. Şepagat uýasy hassanyň operasiýa taýynlanandygyny habar berdi. Ýusup operasiýa otagyna baryp hassany operasiýa etmäge başlady.

Operasiýa 3 sagada çekse hem örän şowly geçipdi. Ýusup bugün ýene bir adamyň ýaşamagyna sebäp bolany üçin Hudaýa şükür etdi we öýüne gitmegiň deregine hassahanada dynjyny aldy. Ony bugün hassahana çekýän bir zada bardy.

Ýusup ir bilen ähli hassalaryna aýlanyp gündeki barlagyny geçirip ýörkä agşamky getirilen hassanyň otagyna girende endam-jany buza döndi. Garşysynda ýatan adamy görüp onuň gözi doldy. Ol ýatan hem hassasy hem ençeme ýyllap gözlän Hydyr mugallymydy. Operasiýada hassanyň ýüzüne ýapynja örtülendigi sebäpli ol mugallymyny tanamandy. 1 sekundyň dowamynda Hydyr mugallymynyň öýlerine gelişi, kakasy bilen oturyp ony razy edişi, ony otly menziline çenli ýola salyşy, okuwçy wagty eden ähli kömekleri bir-birden gözüniň öňünden geçdi. Ol mugallymyny tapanyna begenjegini hem bilmändi, özüni duýmany hiç zatdan habarsyz hassa ýatanyna gynanjagyny hem bilmändi.

Ýusup 2 hepdeläp mugallymynyň başyndan aýrylmandy. Ol her günki barlagynyň başynda hem soňunda mugallymynyň ýanyna gelip eşitmejegini bilse hem oňa ruhlandyryjy zatlary gürrüň berýärdi.

Ine, oktýabr aýynyň 5-i gelip ýetipdi. Bugün “Bütin dünýä mugallymlar günüdi”. Ol elinde gül bilen mugallymyny otagyna girdi. Öňünde okuwçysyna gülüp garaşyp oturan Hydyr mugallym bardy. Hydyr mugallym daň bilen suwsap turupdy, ýanynda galan gyzy oňa suw berip ähli zady gürrüň beripdi. Ýusup mugallymyny özüni “Gel meniň kiçijik lukmanym” diýip garşy almagyna begenip, gözünden düwme-düwme ýaş gaýtmaga başlady. Bu göz ýaşlary begenç gözýaşlarydy.

  • Gowulyk et deňize at, balyk biler balyk bilmese Halyk (Allah) biler.
  • Hiç bir edilen ýagşylyk ýerde ýatmaz.
  • Mugallymyň bir adamdaky täsiri, ene-atanyň we jemgyýetiň täsirinden birnäçe esse üstündir. Aslynda ejäni-de, kakany-da, hatda jemgyýeti-de ýugrup bişirýän Şoldur (mugallymdyr).

Isadurdy Gylyjow,

Gumdag şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň

okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris. Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy

“Shelby SuperCars Tuatara” ulagy ABŞ-nyň Newada ştatynyň 160-njy awtobanynda ýörite ýolda geçirilen synaglaryň netijelerine görä,  "Dünýäniň iň çalt awtoulagy" diýen adyna eýe boldy. Bu...

Italiýadan dokma enjamlary, Awstriýadan aragatnaşyk enjamlary satyn alnar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň dokma pudagyny hem-de aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmäge degişli möhüm resminamalara gol çekdi. ITALIÝADAN...

Türkmenistan Tatarystanda söwda öýüni açar

Türkmenistan daşary ýurtlarda söwda öýlerini açmagy dowam etdirýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda türkmen söwda öýüni açmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler...