28/01/2021 10:09
Home SIZDEN GELENLER “Bagtsyz gaçgak”  halas edildi

“Bagtsyz gaçgak”  halas edildi

Awstraliýaly haýwanlary goraýjylar ýurduň paýtagty Kanberranyň eteginde uly möçberli ýüň sebäpli ölüp barýan uly bir goýnuň üstünden bardylar. Habar berilmegine görä, olar bu haywany gyrkmak işini ýerine ýetirip bilmediler. Haýwanlary goramak gullugynyň wekilleri şeýle uly goýny entek görmändiklerini geň galyjylyk bilen beýan etdiler. “Bagtsyz gaçgak” adamlaryň öňünde gaty “tolgunýardy”. Tebigatda ömrüniň dowamynda ösen äpet ýüň örtügi zoologlara goýnuň jynsyny we ýaşyny kesgitlemekde uly kynçylyk döretdi. Halas edijileriň pikiriçe, eger tizden-tiz gyrkylmasa, beýle köp mukdardaky ýüňi bolan goýun agyr keselläp biler we kesel zerarly ölüp hem biler. Haýwanyň janyny halas etmek üçin gyssagly kömek işgärleri ýurduň goýun gyrkmagyň milli çempiony Ian Elkinse ýüz tutmaly boldular. Ol adam beýle kyn iş bilen hiç wagt ýüzbe-ýüz bolan däldigini aýtdy. Ony kesmek üçin birnäçe sagat gerek boldy. Goýun ýüňüniň mukdary hakykata laýyk däldi. Ol adaty ululykdaky goýunlardan 4-5 esse uludy. Yssy howada şeýle mukdarda ýüň haýwana uly azap beripdi. Gyrkylan ýüňüň agramy 40,45 kilograma deň boldy. Täze Zelandiýada hasaba alnan öňki dünýä rekordy 28,9 kilogramdy. Indi täze gyrkym bilen äpet ýüňünden halas bolan bu goýun adaty durmuşda ýaşap biler.

Okap bilersiňiz  Kaýum Taňrygulyýew – türkmen edebiýatynyň görnükli wekili
Okap bilersiňiz  BMG – Türkmenistan: dostlukly gatnaşyklar

Aýşat Allaberdiýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

IŇ TÄZE HABARLAR

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dawos forumy: «Sputnik V» sanjymyny 25 ýurt bellige alar

Her ýyl ýanwar aýynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde Bütindünýä ykdysady forumy ýa-da dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Dawos forumy geçirilýär. Şu ýyl dünýädäki emele gelen...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...

Elektroulaglar üçin batareýa önümçiligine girişer

Ýewropa Bileleşigi elektrik awtoulaglary üçin elektrik akkumulýator pudagyny ösdürmek boýunça 2,9 milliard ýewro maýa goýum sarp eder diýip, “Euronews” habar gullugy habar berýär. Ýewropa...

Hytaý Türkmenistana buraw turbalaryny iberer

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragataşyk arkaly mejlisinde degişli Karara gol...