No menu items!
8.9 C
Istanbul
05/04/2020 5:50
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Agaç kesýäniň gyzy

Agaç kesýäniň gyzy

Moskwaly ussat kompozitor ýurduň çetindäki obalaryň birine çykýar. Günleriň bir güni tokaýyň arassa howasynda gezim edip, ylham almaga çykan kompozitor ýeke özi kiçijek sebedine arça gozalaryny ýygnap ýören gyzjagaza gabat gelýär. Gyzjagaz we onuň hereketleri oňa şeýle bir yssy görünýär welin, onuň yzyna düşüp barşyna ýoluny ýitirenini hem duýman galýar. Soňra gyzjagazyň ýanyna baryp, onuň kimiň çagasydygyny we bu ýerlerde ýeke özüniň näme edip ýörendigini soraýar. Gyzjagaz özüniň agaç kesýäniň gyzydygyny, şu töwereklerde ýaşaýandygyny aýdyp, kompozitora ýoly salgy berýär.

Şondan soňra kompozitoryň kellesinde üýtgeşik pikirler peýda bolýar. Öýüne dolanyp barandan soň, fortepianonyň başyna geçenden barmaklary öz-özünden hereket edip, şeýlebir jadylaýjy owaz döreýär…

Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, gyzjagaz Moskwa ýokary bilim almak maksady bilen okuwa gelýär. Dynç günleriň birinde hem şähere gezelenç etmek, hemem dynç almak maksady bilen uniwersitetiň golaýynda ýerleşýän parka gezelenje gidýär. Parkyň içinde gezim edip ýören wagty parkyň merkezinde gurnalan göçme sahnanyň ýanynyň köp adamlydygyny görüp, şol ýere golaýlaşýar. Ýakynlaşdygy saýy fortepianodan çykýan ajaýyp owaz ony özüne maýyl edýär. Saz gutarandan adamlaryň güýçli el çarpyşmalaryndan soň, alypbaryjy indiki sazyň adyny we ýene-de kompozitory yglan edýär. Kompozitoryň adyny, “Arça gozalaryny ýygýan gyzjagaz” diýip atlandyrylan sazyň adyny, şeýle-de sazyň döreýiş taryhyny eşiden gyz doňup galýar. Kompozitora seredip durşuna begençden we tolgunmakdan ýaňa gözlerinden begenç gözýaşlarynyň akýanyny hem duýmaýar…

Rus dilinden terjime eden: Sona Halykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

SON HABERLER

Aliment tölemekden boşadylyp bilinýärmi?

Aliment tölemekden boşatmak ýa-da olar boýunça berginiň azaldylmagy diňe kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär. Eger kazyýet aliment töleýäniň näsaglygy sebäpli ýa-da esasly başga sebäplere görä aliment...

Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik...

Döwlet kömek pullarynyň nähili görnüşleri bellenilýär?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 55-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda...

Döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 67-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin (muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?