TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

 “Siz durmuşy näme deňeýärsiňiz, söýgi – lezzetmi ýa-da ezýet?” 

Dünýä döräpdir-de adamzadyň dogryçyl, eli açyk, gönümel we sahy halypasy bardyr ol öz sapaklary bilen biziň gözümizi açyp gelýär. Bu bolsa hiç kimiň inkär edip bilmejek hakykatydyr.  Çünki oňa durmuş diýilýändir. Ol akyl ýetirip bilýän adama kişiniň ýalňyşyndan sapak almaga ýardam berýär,  ýok eger-de ondan sapak alyp başarmasaň onda özüňi şol ýalňyşlyga duçar edýär. Bu babatda halypa şahyrymyz Didarberdi aga şeýleräk diýýär:

 

Ýagşa ýardamyny bermiş ekeni

Ýamany kütekläp urmuş ekeni

Ömür boýy öwredýänler içinde,

Iň beýik halypa durmuş ekeni.

 

Hakykatdan hem durmuşdan ökde halypa bolmasa gerek, “her kişi özüçe bir filosof” diýlişi ýaly, durmuşy dürli adamlar dürlüçe suratlandyrýarlar. Men durmuşy äpet bir baga deňeýän ol bagyň özenini bolsa söýgi düzýändir, ony gögerdip we gülledip duran höregi söýgüdir. Elbetde islendik bagy hem alyp şorlap ýatan ýa-da ýaramaz toprakly ýere ekip görüň ondan ne ösüş görersiňiz ne-de bir gögeriş gaýtam ol saralmak, solmak, guramak bilen bolar. Ol bagy suwy, dersi, idegi ýetip duran boz topraga ekiň bag kök urup gögermek, güllemek bilen bolarda siziň hyzmatyňyz üçin size hasylyny eçiler, sebäbi onuň köki daýhanyň baga bolan söýgisinden, mähirinden iýmitlener onuň özeninde, damarlarynda söýgi akar. Adamzat hem edil şolar ýalydyr,  kimde kimiň kalbyny söýgi gurşap alan bolsa, niýeti päli düzüw bolsa, kişä bahyllyk etmeýän bolsa onda ol durmuş ýolunda diňe gowulyklara, ýagşylyklara işinde üstünlige we baky söýgä duşar, eger-de onuň tersine bahyl, ýüregi göriplikden, gahar gazapdan, husytlykdan doly bolsa onda oňa hem  şeýle jogap gaýtarar çünki durmuş bu edil ýüz görülýän aýna mysalydyr oňa nähili bolup baksaň ýylgyrsaň, ýylgyryş, gaharlansaň bolsa gahar görüner. Galyberse-de biziň ata-babalarymyz hem                      “ Näme ekseň, şony hem orarsyň ” diýmegi ýöne ýerden däldir. Bu diýdigi hem söýmän, söýülip bolmaz adamzat öz durmuşyny diňe söýgi bilen gözelleşdirip biler. Emma söýmegiňde kada kanuny bardyr, söýüp söýginiň lezzetini-de, söýüp söýginiň ezýetini-de duýup bolar.

Watanyňy söýseň- ol hem seni ezizlär, Duşmanyňy söýseň- seniň öňüňde ejizlär, Ene-ataňy söýseň-perzentleriň hem seni söýer, Ene ýeri söýseň-rysgal eçiler, Käriňi söýseň-abraý berer, Ýaryňy söýseň-mähir berer, Perzentleriňi söýseň-garran çagyň gaýtarar bularyň bary söýginiň lezzetidir !

Ýaltalygy şöýseň-hor bolarsyň, erksizligi söýseň-abraýyň bolmaz, ulumsylygy söýseň-dostyň bolmaz, ýaňralygy söýseň- diňleýjiň, bet endikleri söýseň-azarsyň garaz bularyň bary söýginiň ezýetidir!

Adamzatda söýgi, mähir muhabbet öz gözbaşyny Adam ata bilen How eneden alyp gaýdýar şondan bäri hem dowam edip gelýär. Diýmek söýgi diňe bir durmuşyň dälde eýsem taryhyň hem özeni bolup durýar. Aslynda söýýän sözi türkmen sözlüginiň içinde iň bir gulaga ýakymly sözleriň biridir, ol jümle gündelik durmuşymyzda, goşgularda, aýdymlarda owaz bolup ýaňlanýar:

Men watanymy söýýän;

Men ýurdumy   söýýän;

Men ilimi söýýän;

Men ene topragymy söýýän;

Men ýaşyl tugumy söýýän;

Men obamy söýýän;

Men kärimi söýýän;

Men maşgalamy söýýän;

Men çagalarmy söýýän;

Men ýarymy söýýän;

Men dostumy söýýän;

Men okuwymy söýýän;

Men sungaty söýýän;

Men tebigaty söýýän;

Men asudalygy söýýän;

Men parahatçylygy söýýän;

Şular ýaly jümleleriň ýaňlanýan ýurdunda diňe bedew batly ösüş, agzybir, maksada okgunly ýaşlar göz öňüňe gelýär, men bolsa şularyň baryny bir söz bilen jemläp, “şu ajaýyp durmuşy söýýän” diýen jümläni orta çykarýaryn.

Hakyky söýgi durmuşa bolan söýgüdir, söýüň söýmekden ýaltanmaň, söýüň we şol söýgä ynanyň, söýüň onuň lezzetini duýyň, söýüň gözellikleri söýüň şonda durmuşyňyz hem gözel bolar. Çünki gözellik bilen gülmek, söýmek ömürdendir, baky söýginiň açary öz eliňizdedir unutmaň!

 

Seýli HUDAÝNAZAROW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Harby-deňiz institutynyň harby gullukçysy  (uly leýtenant).

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Hormatly Awtorlar,

Eserleri atawataneserleri@gmail.com  salgysyna ““Ata Watan Eserleri” bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen ugratmagy unutmaň!

Ähli Söýgi Eserleriň Sanawy

  1. Selbi AşyrowaTürkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant, Eseriň saýtymyzdaky linki Ýürekden edilen arzuwlarEseriň Instagram linki
  2. Ýaran AkmämmedowTürkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant, Eseriň saýtymyzdaky  linki, Söýgi — durmuşyň özeniEseriň Instagram linki
  3. Aýsenem  Gurbanowa, žurnalist,  Eseriň saýtymyzdaky  linki, Barlygyňda baýdyryn, Eseriň Instagram linki,
  4. Şasenem Mürriýewa,  Eseriň saýtymyzdaky  linki,“Söýgi – durmuşyň özeni”Eseriň Instagram linki
  5. Aýmyrat Hudaýberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi gudraty, Eseriň Instagram linki
  6. Mekan Bäşimow, Magtymguly adyndaky Türkmen  döwlet  uniwersitetiniň Matematika fakultetiniň  3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi synagy, Eseriň Instagram linki
  7. Rahmanberdi Gökleňow, žurnalist, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi-durmuşyň özeni, Eseriň Instagram linki
  8. Saparnepes Atabaýew, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki,
    “Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly,
     Eseriň Instagram linki
  9. Oguldursun Ugurlyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Seni ilkinji söýen adam kim?, Eseriň Insagram linki.
  10. Atamyrat Ýazweliyev, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Durmuş otlusy, Eseriň Insagram linki.
  11. Aýsülük  Sapargylyjowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Liriki oýlanma, Eseriň Insagram linki.
  12. Ezizmuhammet Gurbanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi ― ömrüň güli,  Eseriň Insagram linki.
  13. Gülşat Jorayeva, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Çyn sungatyň hökümi,  Eseriň Insagram linki.
  14. Kerimberdi Hakberdiýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgülimiň romaly ,  Eseriň Insagram linki.
  15. Süleýman Aýmämmedow, Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ol bilmelidi,  Eseriň Insagram linki.
  16. Maral Akmyradowa, «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ata mähri ,  Eseriň Insagram linki.
  17. Gurbanmämmet Ýegenmyradow, žurnalist, Eseriň saýtymyzdaky linki, Kaka, ejem nirede?! ,  Eseriň Insagram linki.
  18. Ahmet Atanyyazov, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Durmuşa bolan söýgüniň gözbaşy,  Eseriň Insagram linki.
  19. Eziz Tatarov, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýagty durmuşa bolan ýagşy umyt, Eseriň Insagram linki.
  20. Humaý Mämmedowa, “TOPH” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň Arhiw müdiri, Eseriň saýtymyzdaky linki, Gülnar daýzaň agtygy,  Eseriň Insagram linki.
  21. Humaý Çaryýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýmek söýülmek bagty,  Eseriň Insagram linki.

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle