TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Sinhua”: Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk meýilnama taýýarlar

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda bolýar. Bu barada Hytaýyň resmi “Sinhua” agentligi habar berýär.

Şol habarda berlişi ýaly, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda giňişleýin hyzmatdaşlygyň 5 ýyllyk meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdylar.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň möhüm ylalaşygyna laýyklykda, iki tarapyň Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň has gülläp ösmegi ugrunda tagalla etjekdigini mälim etdi.

Taraplar tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bir hatarda çig mal däl pudaklarda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini babatda pikir alyşdylar.

 

Ýyladyşhana hojalyklary boýunça seminar

 

 

Ýene-de okaň

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Gazagystanyň ilkinji prezident dalaşgäri

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada iş saparynda bolýar

Teswirle