BIZNES

Simeone dünýäde iň köp girdeji gazanýan tälimçidir

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparynyň argentinaly tälimçisi Diego Simeone dünýäniň iň köp girdeji gazanýan tälimçisi boldy.

“France Football” neşiriniň geçiren seljermelerine görä, tälimçileriň girdejileri mälim edildi. Olaryň aýlyk haklarynyň, bonuslarynyň we suratlaryň hukuklarynyň girdejileri göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde Simeone birinji orny eýeledi. Onuň ýyllyk girdejisi 40,5 million ýewro deň boldy.

Sanawda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde “Inter” toparynyň tälimçisi Antonio Konte (30 mln ýewro) we “Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Hosep Gwardiola (27,5 million ýewro) eýeledi.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi

Aşgabatda IFT-2025 halkara sergisi geçiriler

Türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi guralar

Türkmenistan “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar