TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Silwa “Real Sosýedad” toparyna geçdi

Ispaniýanyň iň güýçli futbolçylarynyň biri hasaplanýan Dawid Silwa ýene-de ata watanyna dolanyp geldi. Ol Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edýärdi.

Bu topary bilen şertnamasy tamamlanan Silwa erkin agent hökmünde Ispaniýanyň “Real Sosýedad” topary bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

34 ýaşly Silwa ýakyn wagtda täze klubyna goşular. Silwa ozal Ispaniýanyň “Walensiýa” toparynyň düzüminde çykyş edipdi. Şondan soňra ol Angliýa gidipdi. Silwa “Mançester Sitiniň” düzüminde 10 möwsümde 436 duşuşykda çykyş etdi.

Silwa “Mançester Siti” topary bilen 4 gezek “Premýer-liganyň”, 2 gezek Angliýanyň kubogyny, 5 gezek Liganyň kubogyny we 3 gezek “Community Shields” kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle