TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Şewçenko “Jenoa” toparyna tälim berer

Ukrainaly hünärmen Andreý Şewçenko Italiýanyň “Jenoa” toparynyň tälimçisi wezipesine bellendi. Ol 5 ýyllap Ukrainanyň milli ýygyndysyna tälim berdi.

45 ýaşly ukrainaly bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Ozal Italiýanyň “Milan” hem-de Angliýanyň “Çelsi” toparynda futbol oýnan Andreý Şewçenko 2016-2021-nji ýyllarda Ukrainanyň milli ýygyndysyna tälim berdi.

Futbol oýnan döwründe “Altyn top” baýragynyň hem eýesi bolan Andreý Şewçenko “Jenoa” toparynda ýylda 2 million ýewro gazanar.

Mälim bolşy ýaly, “Jenoa” topary özüniň baş tälimçisi Dawid Ballardinini toparyň şowsuz çykyşyndan soňra wezipesinden boşadypdy. Häzirki wagtda bu topar Italiýanyň çempionatynda 9 utuk bilen 18-nji orunda durýar.

Andreý Şewçenko Italiýanyň iň gadymy toparynyň birine tälimçi wezipesine bellenmeginden gaty hoşal bolandygyny belledi. Ol bu barada şeýle diýdi:

– Täe başdan geçirmelere başlaýarys. “Jenoa” toparyna özüniň ozalky beýik taryhyny gaýtaryp bereris.

Mälim bolşy ýaly, “Jenoa” topary Italiýanyň 9 gezek çempionydyr. Bu topar soňky gezek 1924-nji ýylda çempion bolupdy.

 

Awstriýanyň daşary işler ministri Türkmenistana gelýär

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle