Ata Watan Ylhamy

Ses: Ogulabat Agamyradowa.

Al -elwan gülleriň barmyka dili,

Ynsanlar barada näme diýýärkä?
Yada biziň deýin başagaymyka,
Yada biz barada arzy barmyka?
Goja agaçlaryň barmyka dili,
Barmyka bizlere garaýan gözi.
Biz olardan hoşal, edýärler kömek,
Neneň görýärlerkä, olar hem bizi.
Mele topragmyzyň barmyka dili,
Ädimlerimizden, hoşalmyka ol.
Biz ony ulanyp, peydasyn görýäs,
Yada bizi tanap, diýýärmik䔪OL”.
Mawy ummanlaryň barmyka dili,
Ynsanlyk diýlenden barmy habary.
Yada biz barada eşiden wagty,
Haýbatlanyp, gelermikä gazaby.
Elýetmez asmanyň barmyka dili,
Ol hem görýärmikä, bizi ýyldyz deý.
İslegimiz asmany yakyndan görmek,
Ol hem diýýärmika:”wah, bir görsem -leý”.
Töwerek ses doly, gürleýär her kim,
İsleýän zatlarym, dymýarlar ýöne.
Her gelen seslere gulagym terkem
Olar täze gelýär, yöne men köne…
Ogulabat Agamyradowa. Mary welaýatynyň  Murgap etraby.
Çäç-depe daýhan birleşigi.
Türkiye Respublikasy synp we jemgyýetýilik ugurlary
boýunça mugallymçylyk bölüminiň talyby.

Ýene-de okaň

Gözleg:Süleýman Haýdarow,

Ata Watan Eserleri

Watan tarypy:Läle Zakirowa

Watan:Öwezgeldi Taganow

Saňa:Sapa Hommadow

Aýdym Bolan Goşgularym :Dürnabat Aşyrowa

Baş Redaktor

Belent ady ýürekleriň kelamy”:….Daýanç Baýramow

Ata Watan Eserleri