TEHNOLOGIÝA

Sesi klonlap suraty gepledýän emeli intellektli habar gepleşigi has kämilleşýär

“Turkmenistan Weekly AI News” habarlar gepleşigini  3-nji sany iňlis dilinde tomaşaçylara ýetirildi. Her sanynda has kämilleşýän emeli intellekt ulanyp, taýýarlanylýan habarlar gepleşiginiň täze sanynda alyp baryjynyň sesi klonlanyp, onuň hakyky sesinden emeli intellekt bilen ýasalan ses ullanylýar.

Şonda şol ses alyp baryjynyň fotosuratyny “gepledýär”. Şeýlelikde, “Turkmenistan Weekly AI News” habarlar gepleşiginde, suratyň we klonlanan sesiň üsti bilen habarlar tomaşaçylara ýetirilýär.

“Ata Watan Media” topary bolup, dünýäde tehnologiýada bolup geçýän özgertmeleri ýakyndan yzarlap, olary öz işimize ornaşdyrmak üçin işleri alyp barýarys. Şonuň netijesinde, ilkinji işimizi emeli intellektiň üsti bilen habarlary tomaşaçylara ýetirmekden ybarat boldy.

Kaliforniýada mekdep okuwçysy bolan Ysmaýyl Orazgylyjowyň taýýarlap, dünýä halk köpçüligine ýetirýän täze gepleşigini “Atavatan Tv You Tube” kanalyndan tomaşa edip bilersiňiz.

Şeýle hem geljekde, “Makul Sözlüginiň” (www.makulsozluk.com )  mümkinçiliklerini ösdürip, emeli intellekte “Türkmen dilinde gepletmegi” maksat edinýäris.

Häzirki wagtda “Makul Sözlügiň” bazasynda bolan sesleri ulanyp, emeli intellektiň üsti bilen türkmen ýaşlaryna iňlis dilini öwredýän ýörite gysga gepleşikleri hem “Atavatan Tv You Tube” kanalynda şeýle hem  www.atavatantv.com saýtynda okyjylarymyza ýetirip başladyk.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy

Hytaýyň awtomobil kompaniýasy Türkiýede elektrikli awtomobil öndürer

BMG Baş Assambleýasy Hytaýyň emeli intellekt teklibini kabul etdi

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

“Sanly çözgüt — 2024”: emeli aň ugry hem girizildi

“Meta” bilen “Apple” emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk eder