TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze gazly ýataklaryň birbada üçüsinde guýulary burawlamak işlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar. Bu barada “Ussatnews.com” neşirinde bellenilip geçilýär.

Burawlamak işlerine ilkinji günlerden giň gerim beren geologlar Şerepli gaz ýatagynyň 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu ulanyş-baha beriş guýusynyň taslama çuňlugy iki müň alty ýüz metre deňdir.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary iki müň üç ýüz otuz metr çuňlukdan tebigy gazyň batly akymyny almagyň hötdesinden geldiler.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 695 müň kubmetr tebigy gaz berýär. Elbetde, guýynyň ilkibaşdan şonça önüm bermegi täze ýatagyň baý gaz goruna eýedigini äşgär alamatlandyrýar.

Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy täze gaz ýatagynyň önüminiň iň esasy häsiýetli aýratynlygydyr. Bu bolsa Şerepli gaz käninden alynjak tebigy gazyň hil babatynda dünýä ülňülerine doly laýyk bolmagyny şertlendirer. Şeýle hem gaz käniniň önüminiň ykdysady taýdan bähbidi ýokary bolar.

 

ABŞ-dan çip öndürmek üçin 280 milliard dollarlyk goldaw

Ýene-de okaň

“DigiWomen Codefest” hakaton bäsleşigini geçirdi

Ata Watan Eserleri

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

Teswirle