BIZNES

Serdar nebit önümleri kärhanasy: ulaglara döwrebap hyzmat

Geçen ýylyň meýilnamasyny 149 göterime golaý berjaý eden Serdar nebit önümleri kärhanasynda şu ýylyň iki aýynda kärhana boýunça 11 müň 372 tonna barabar nebit önümleri ýerleşdirilip, bitirilen işleriň möçberi 15 million 780 müň manada golaýlady. Gürrüňi edilýän döwürde nebit önümlerini ýerleşdirmekden gazanylan girdeji bolsa 2,5 million manada golaýlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli kärhanada iş ýerleriniň tämizligini, enjamlaryň kadaly işlemegini we zähmet goraglylygyny ygtybarly üpjün etmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Kärhananyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçlardyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär.

Aslynda, Serdar nebit önümleri kärhanasy müdirligiň düzümindäki ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Serdar şäherindäki, şonuň ýaly-da, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky şahsy eýeçilikdäki ulag serişdeleriniň sany bu gün onlarça müňe ýetýär. Hususy eýeçilikdäki ulag serişdelerini ýangyç, çalgy ýaglarydyr gaýry nebit önümleri bilen üpjün etmek hem şu kärhananyň paýyna düşýär. Döwletimiziň edara-kärhanalaryndaky ulaglaryň sany has hem köp. Daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza, şonuň ýaly-da goňşy döwletlere üstaşyr ýük daşaýan ulaglaryň sany hem barha artýar.

2014-nji ýylda bütinleý täze gurlan kärhananyň düzümindäki, gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýän beketleriň jemi 9-synda kämil daşary ýurt enjamlary oturdylan. Kärhananyň garamagyndaky beketleriň 4-si täze gurlup, işe girizilen beketlerdir.

 

Birža täzelikleri: geleşikleriň 31-si hasaba alyndy

 

 

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär