TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Serdar etrabynyň ady üýtgedildi: Gyzylarbat etrap häkimligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Serdar etrabynyň ady üýtgedilip, Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy. Şeýle hem Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri bilen Kenar etrap häkimligi ýatyryldy.

Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy.

Balkan welaýatynyň Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Balkan welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Balkan welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle