JEMGYÝET

Serdar Azmun: Türkmenistany gowy görýärin

Mälim bolşy ýaly, düýn Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda dördünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň milli ýygyndylary duşuşdylar.

Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde türkmen asylly futbolçy Serdar Azmun hem çykyş edýär. Ýöne bu gezekki duşuşykda Serdar öz gadym mekanynda oýnamak miýesser etmedi. Ol şikesli bolandygy üçin bu duşuşykda çykyş edip bilmedi.

Serdar Azmun Halkara habarlar merkeziniň habarçylaryna beren beýanatynda, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, bu gezekki duşuşykda oýnap bilmändigine örän gynanandygyny belledi.

Şeýle hem Azmun Aşgabatda baradaky ýakymly ýatlamalaryny şeýle beýan etdi:

– Men 5 ýaşymdaka Aşgabada gelipdim. Şol döwürden bäri Aşgabat düýbünden özgeripdir. Şäheri görüp, özüm haýran galdym. Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygymy bildirýärin. Şäher gaty owadan bolupdyr. Türkmenistanyň ösüşleri türkmen hökmünde meni hem begendirýär. Ejem we kakam hemişe Türkmenistana gelýärler. Maňa hem Türkmenistanyň özgerendigini aýdypdylar. Meniň futbol käirm bilen wagtym bolmansoň, gelip bilmändim. Ýöne häzir muňa göz ýetirdim.

Türkmenistany gowy görýärin. Çagalyk döwrümden salym gezek Türkmenistanda bolmak bagty miýesser edipdi.

Türkmenistanda futbol ýyl-ýyldan özgerýär. Türkmenistanyň futbolyň has-da ösdürilmegine goşant goşmaga doly taýýardyryn. Türkmenistanda örän ýokary başarnykly kän futbolçylar bar.

Pursatdan peýdalanyň, Türkmenistanyň Prezidentine we Hormatly Arkadagymyza çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri