TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Türk aşhanasynyň ýüz öwrüp bolmajak şerbetli süýjüliginiň taýýarlanyşy barada gyzyklanýan bolsaňyz gerek. Bu tagamyň taýýarlanyşy barada size gysgaça maglumat bermegi makul bildik.

Ilki bilen gerek bolan önümlerimizi taýýarlamaly.

Gerekli önümler:

  1. 4 sany ýumurtga
  2. 1 bulgur şeker
  3. 1bulgur süýt
  4. 1 bulgur günebakar ýagy
  5. 1 bulgur un
  6. 3 nahar çemçesi kakao

 

Şerbeti üçin:

  1. 1bulgur süýt
  2. 1bulgurdan azrak 4/3 bölek şeker (3 ýa 4 st däl)
  3. Ýarym bulgur günebakar ýag
  4. 2 nahar çemçesi kakao
  5. Üstüni öz islegiňize göra bezap bilersiňiz (kakos, maňyz, pisse)

Ilki bilen 4 sany ýumurtgany bir gaba çakyp, 1 bulgur şeker bilen garyjy (mikser) enjamynyň kömegi bilen agarýança garmaly. Agaryp, şekeri eräberende beýleki önümlerini yzygiderlikde seresaplyk bilen goşup garmaga dowam etmeli. Ilki bilen 1 bulgur süýdümizi soňra bolsa, 1 bulgur ýagymyzy goşup, garmaly. Biraz salymdan 1 bulgur unumyzy we hamyr tozudyr ys berijimizi(wanilin) goşmaly we ilki garyjyny (mikseri) işletmegimizden öň, çemçe bilen azrak garmaly. Soňra garyjy enjam bilen garmaga ýene dowam etmeli. Indiki ädimimiz bolsa, çemçe bilen barlamak. Emele gelen garyndymyzyň içindäkileri doly eräp alyşmaly. Ony alyp, islendik şekildäki galyba (ýörite tort bişirmek ün niýetlenen gap) guýmaly.

Soňra gyzyp duran howurpeçde 180°dereje gyzgynlykda 45 minut goýmaly.

■ Bellik: Hamyry öz mukdaryndan köpeltmeli däl! Akyp duran, suwuk garyndy emele gelmeli.

Üstüniň şerbetini (suwuk garyndy) ýarym sagat soň taýýarlasak has gowy. Sebäbi adyndan belli bolşy ýaly, şerbet bolmagy üçin süýjüligimiziň bişmegine 10 minut galanda taýýarlamaly. Onuň üçin bolsa, 1bulgur süýdi bir (çukur) gaba guýup, yzyndan başdaky ýazan önümlerimizi yzygiderlikde guýmaly we gazda beýik ot bilen eretmeli. Bir gezek gowy gaýnansoň almaly. Onýança süýjüligimiz hem taýýar bolýar. Taýýar bolan süýjüligimizi owadanlap dörtburç şekilde kesmeli we şerbetimizi sowamanka gyzgynlygyna guýmaly. Iň soňky ãdimimiz bolsa, üstüne islendik halaýan bezegiňiz hökmünde owadanlap bilersiňiz.

Ine, mähriban okyjylar şeýlelik bilen şerbetli süýjüligimiz hem taýýar boldy.

 

 

Taýýarlan: Aýşirin ALYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle