TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Sentýabr aýy döwlet ähmiýetli möhüm wakalara baý bolar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň dabaralaryna beslenjek sentýabr aýy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşynda möhüm wakalardyr dürli çärelere baý bolar. Olara görülýän taýýarlyk işleri barada 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimize giňişleýin hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy hem-de 2022-nji ýylyň şygary mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar. Baýramçylyk günlerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle