TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,12-14-nji oktýabry aralygynda geçiriljek festiwala dünýäniň dürli döwletleriniň wekilleri gatnaşmaga isleg bildirýär.

Halkara festiwalyň çäklerinde birnäçe medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentine “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalynyň meýilnamasy hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu festiwalyň daşary ýurt döwletleri bilen netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Teswirle