SIZDEN GELENLER

Şeker mekgejöweni

Mekgejöweniň dänesinden bir sany düwünçek köki çykýar. Bogun kökleri baldagyň ugrunda 3-4 sany hakyky ýaprak emele gelende çykyp başlaýar. Mekgejöweniň sübseleýän döwri ýeriň üstüne golaý bognundan howa (goşmaça) kökleri çykyp, baldaga daýanç bolup hyzmat edýär. Netijede baldak ýatmaýar, yzgarly toprakda kök topraga berk ornaşýär. Kök ulgamynyň iň kuwwatly, ösgün döwri mekgejöweniň dänesi tümmül bolanda ýüze çykýar. Toprakdaky yzgarlyk meýdan suw sygymynyň 70-80 %-den aşak düşürilmände, topragyň dykyzlyk göwrümi 1,1-1,3 g/sm 3 -a deň bolanda kök ulgamy has gowy ösýär. Gurak toprakda kök ulgamynyň ösüşi bozulýar. Baldagy. Mekgejöweniň baldagy sortlaryna görä 50 sm-den 6 m çenli boýuna ösýär. Baldagyň ýogynlygy 1,5-2 sm-den 7 sm çenli ulalýar. Baldak bogunlardan, bogunaralardan durýar, 3-5 sany bir-birine örän ýakyn bogunaralary topragyň içinde ýerleşýär. Baldakda bogunlaryň we ýapraklaryň sany deň bolýar. Esasy baldak 2-3 sany gapdal şahany emele getirýär. Ýapraklary örän iri, göni ugurly, gyralary kirpikli, üstki tarapy tüýjümek. Diljagazy gysga, dury. Baldakdaky bogunlaryň we ýapraklaryň sany 7-den 45-e çenli, ýurdumyzda ösdürilýänlerde olar köplenç 13-14, kähalatda 26-a çenli, 1-düýp ösümlikde ýapragyň meýdany 0,3-1,5 m 2m  Mekgejöweniň ir ýetişýän, ösüş döwri gysga sortlarynda bogunlaryň we ýapraklaryň sany az bolýar, giçki sortlarynda tersine, olaryň sany has köpdür. Mekgejöweniň ýapraklarynda iýmit maddalary baldakdan has köp saklanýar. Şonuň üçin hem köp we gür ýapraklylyk mekgejöweniň gowy ot-iýmlik häsiýetini görkezýän alamatydyr. Mekgejöweniň sübseliginiň çykmagyna 10-güne golaý galanda we gülländen soň 20-gün geçýänçä, özüniň 75 % organiki massasyny emele getirýär. Mekgejöwenden ýokary däne hasylyny almak üçin, bir gektarda 40-50 müň, gök ot hasyly üçin hem 60-70 müň m 2 we ondan hem köp ýaprak meýdanyny emele getirmelidir. Gül toplumy. Mekgejöweniň her bir düýbünde atalyk güli-sübselik (baldagyň ujunda), enelik güli-golçur (ýapragyň goltugynda) bolup, toplum güli 2-tiplidir.

Sübselik 2 gülli başjagazlardan durýar we her gülde 3 sany tozan haltajygy bolýar. Sübselik baldagyň ýokarky ujudyr, dowamydyr. Doly ösen sübselikde 1000-1200 başjagaz ýerleşýär ýa-da ol 2000-2500 sany gülden durýar. Her bir tozan haltajygynda 2500-e çenli tozan dänejigi saklanýar, tutuş sübselikde tozan

däneleriniň sany 15-20 mln-a ýetýär.

Mekgejöweniň ýaşaýyş aýratynlyklary we ýylylyga talaby.

Mekgejöwen ýylylyk söýýän ekindir. 8-10 0 C ýylylykda şineleýär, 10-12 0 C-da gögerýär. Hasyzgarly topraklarda irki möhletlerde ekiş geçirilse, salkyn  owada mekgejöweniň tohumy gögermän çüýreýär. Mekgejöweniň ösüşi üçin iň gowy ýylylyk 25-30 0 C. Bu ýylylyk derejesi sümmilli däneli ekinleriňkiden ýokarydyr. Bugdaýyň ösüşini saklaýan iň ýokary gyzgynlyk 45-47 0 C. Mekgejöweniň tozan haltajyklary 60 %-e golaý suw saklaýar we suw geçirijiligi örän gowşak. 30-35 0 C-den ýokary gyzgynlykda we howanyň deňeşdirme (otnositel) çyglylygy 30 % golaýlanda tozan haltajyklary çalt, 1-2 sagadyň içinde gurap ýarylýar, dänejikleri bolsa gurap, gögerijiligini ýitirýär. Netijede bu ýagdaý doly dänesi bolmadyk golçurlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Ir ýazda -2-3 0 C salkyn howada gögeren ösümlikleriñ, güýzüne ýapraklaryny

sowuk urýar. Güýz aýazyndan ir ýaz aýazy mekgejöwene gowşak täsir edýär.

Demirgazygyň ösüşi gysga ýerli sortlary, günortanyň ösüş döwri uzyn bolan

sortlaryndan we gibridlerinden aýaza durnuklylygy ýokary bolýarlar, -3 0 C sowuk çygly öl dänäni doňdurýar we däne gögerijiligini ýitirýär.

 

Permanowa Şeker,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

“Lamborghini” modelleri 2024-nji ýylda elektrik bilen işlär

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar syýasaty barha dabaralanýar

Oba hojalygyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Otag gülleriniň ynsan saglygyna edýän peýdasy

Ýurdumyzyň suratkeṣlleriniñ toparlaỳyn sergisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ekologiýa abadançylygy — ýagty geljege binýat

Aşgabatda sport baýramçylygy badalga alýar