TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Şeker almasy – täsin miwe

Ösümlik dünýäsi täsin miweli agaçlaryň aglabasyny özünde jemleýär. Şeýle miweleriň biri hem şeker almasydyr.

Şeker almasy ýa-da teňňeli annona – annonnalar maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Ylmy maglumatlarda bu miwäniň dürli hili görnüşde atlandyrylyşyna gabat gelmek bolýar. Ýöne onuň biologiki ady Annonadyr.

Şeker almasynyň gelip çykan ýeri Günorta Amerika we Afrika sebitleri hasaplanylýar. Bu ýerden bolsa ýuwaş-ýuwaşdan Aziýa sebtine ýaýrap başlapdyr. Häzirki wagtda Şeker almasy Günorta we Merkezi Amerikada, Indoneziýada we Awstraliýa ýaly ýurtlarda medeni görnüşde ösdürilip ýetişdirilýär.

Annona agajynyň beýikli 6 metre, käbir sortlarynyňky bolsa 15 metre çenli ýetýär. Onuň esasy sütüni göni, gapdal şahalary bolsa egrem-bugram ösendir. Şeker almasynyň uzynlygy 15 santimetr, ini bolsa 2-5 santimetre ýetýän, öçügsi ýapraklary bardyr.

Bu agaç ýaz aýlary ýa-da tomsuna gülleýär. Onuň gülüniň merkezi goýy gyzyl reňkde, gül ýapraklary bolsa sary reňkde bolýar. Onuň gülleri mydama ýapyk durýar.

Annonanyň miwesi barada aýdanymyzda, ol örän iri bolýar we her biriniň agramy 300 gramdan 2 kilograma çenli ýetýär. Miwäniň uzynlygy 10-35 santimetr töweregidir. Miwäniň etlek bölegi süýt reňkli bolýar. Onuň içinde 20-60 töweregi süýri tohumlar bardyr. Onuň almasynyň ysy örän ýakymly, tagamy bolsa süýji bolýar.

Şeker almasynyň bir agajy ösýän ýerine baglylykda 100-150 töweregi miwe berýär. Onuň miwesiniň daşy saralyp başlanda miwäniň bişendigini aňladýar. Bişen miwäniň içki, etlek bölegi iýilýär. Miwede adam bedeni üçin zerur gerek bolan maddalaryň ençemesi jemlenendir. Onuň tohumynda bolsa köp mukdarda ýag saklanýar. Annonanyň miwesi ýygnalandan soň köp saklap bolmaýar we ol derrew zaýalanmak bilen bolýar.

Bu miwe ilkinji gezek Günorta we Gündogar Aziýada we Hindistanda lukmançylykda ulanylyp başlanyldy. Miwäniň etlek bölegi ýanyklary bejermekde ähmiýetlidir.

Şeker almasynyň ýapragyndan efir ýagy alynýar.

Täçdurdy Şekeralyýew

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Türkmenistan Gazagystandaky CICA-nyň duşuşygyna gatnaşýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle