JEMGYÝET

Sazçylyk mekdebine okuwa kabul edilşik

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin saz gurallarynyň dürli görnüşleri we hünär ugurlary boýunça beden taýdan sagdyn, akyl we ruhy taýdan kämil, zehinli okuwçylary saýlap alan hünär ugry boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär:

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-nji synpyna geçen (2011-nji ýylda doglan) oglan-gyzlar:

  1. 1. Milli saz gurallary bölüminiň dutar, gyjak, plektro dutary, kanun saz gurallary boýunça.
  2. 2. Halk saz gurallary bölümleriniň akkordeon, gitara saz gurallary boýunça.
  3. 3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, trombon, waltorna, kakylyp çalynýan saz gurallary boýunça.
  4. 4. Horeografiýa bölüminiň tans hünär ugry boýunça.
  5. 5. Kirişli saz gurallary bölüminiň alt, kontrabas, saz gurallary boýunça;

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna barýan 6 ýaşan oglan-gyzlar:

  1. 1. Kirişli saz gurallary bölüminiň skripka, wiolonçel saz gurallary boýunça.
  2. 2. Fortepiano bölüminiň fortepiano saz guraly boýunça.
  3. 3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň blok fleýta saz guraly boýunça.

Mekdebiň 1-nji synpyna 6 ýaşan oglan-gyzlar, 4-nji synpyna umumybilim berýän orta mekdepleriň diňe 3-nji synpyny tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär. Ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde okaýan aýratyn zehinli okuwçylary ýokarda görkezilen ugurlar boýunça mekdebe okuwa kabul etmäge bellenilen tertipde goşmaça serediler.

Mekdebe okuwa kabul etmek giriş synaglaryny tabşyrmak arkaly, bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.

2020-nji ýylyň 27-nji maýyndan 1-nji iýuny aralygynda mekdep-internatyna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalary her gün kabul edilýär we resminama tabşyran çagalar üçin mekdebiň okuw binasynda taýýarlyk-düşündiriş sapaklary sagat 16:00-da başlanýar.

Dalaşgärleriň ata-eneleri (olaryň ornuny tutýanlar) mekdep-internatyna aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:

  1. 1. Çaganyň ata-enesiniň(olaryň ornuny tutýanlaryň) adyndan okuwa kabul etmek barada arza.
  2. 2. Ata-enesiniň(olaryň ornuny tutýanlaryň) pasportlarynyň göçürmesi.
  3. 3. Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasy we göçürmesi.
  4. 4. Çaganyň 3 х 4 ölçegdäki 12 sany fotosuraty.
  5. 5. Saglyk ýagdaýy barada kepilnama, görnüş — 63 we görnüş — 26.
  6. 6. Hemişelik ýaşaýan ýerinden kepilnama, görnüş — 3.

Giriş synaglary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanan, zehinli çagalary ýörite sazçylyk mekdep-internatyna okuwa kabul etmegiň Tertibiniň talaplaryna laýyklykda guralýar hem-de mekdeplerde 2020-nji ýylyň 3 — 9-njy iýuny aralygynda geçirilýär, synaglar sagat 9:00- da başlanýar.

Giriş synaglaryna gatnaşýan çagalar synaga gelenlerinde dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň hem-de ata-eneleriniň (olaryň ornuny tutýanlaryň) pasportlarynyň asyl nusgalaryny öz ýanlary bilen getirmelidirler.

Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1945-nji (10 ýyl Abadançylyk) köçesiniň 118-nji jaýy.

Telefon belgileri: 48-19-58; 48-19-52.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy