TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Saz gurallary hakynda gyzykly maglumatlar

  • Dünýädäki iň gadymy saz guraly arheologlar tarapyndan tapylan turba şekilli tüýdük bolup, onuň ýaşy 40 müň ýyla barabardyr. Bu tapyndy gadymy adamalaryň hem aýdym-saz bilen gyzyklanandyklaryny hem-de ýerine ýetirmegi-de başarandyklaryny görkezýär.
  • Dünýäniň iň agyr saz guraly köpleriň pikir edişi ýaly organ saz guraly däl-de, karilondyr. Karilon saz guraly belli bir tertipde düzülen dürli ululykdaky 23 sany jaňdan ybaratdyr. Iň agyr karilon New-Ýorkda ýerleşýär we onuň agramy 91 tonna deňdir.
  • Öwrenmeklik iň kyn bolan saz guraly 1920-nji ýylda L.Termen tarapyndan oýlanyp tapylan termenwoks saz guraly hasaplanylýar.
  • Iň giň ýaýran saz guraly gitaradyr. Arheologiki tapyndylar we ýyl ýazgylary ilkinji gitaralaryň takmynan 4 müň ýyl ozal peýda bolandygyny görkezýär. XX asyrda ilkinji elektrik gitaranyň oýlanyp tapylmagy bilen gitaranyň meşhurlygy has-da artdy.
  • Uly göwrümli saz gurallarynyň biri-de organ saz guraly bolup, iň ulusy ABŞ-nyň Atlanta şäheriniň “Borduok” konsert zalynda ýerleşýär. Jemi 33112 turbadan ybarat bolan bu organ iň uly howa basyşyna eýe bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna “dünýädäki iň güýçli saz guraly” hökmünde girizildi.
  • Iň ýönekeý saz gurallarynyň biri Aziýada birnäçe müň ýyl ozal peýda bolan ýönekeý çarçuwaly arfa saz guralydyr.
  • Depregiň sesi gündiz takmynan 8 km, gijesine bolsa 11 km aralykdan eşidilýär. Gadymy döwürlerden bäri bu gural möhüm maglumatlary, ýagny duşman hüjümlerini uzak aralykdan öňünden duýmaga ýardam beripdir.
  • Meşhur saksofonçy Ç.Parker ýiti aýdym-saz zehini bolan sazandaçy bolupdyr. Onuň bu meşhurlygy hatda ABŞ-nyň iň garyp maşgalalarynyň hem öz çagalary üçin saksofon satyn almaklyga ýykgyn etmeklerine sebäp bolupdyr. Çünki olar bu guralyň öz çagalaryna durmuşda üstünlige ýol açjakdygyna ynanypdyrlar.
  • Dünýädäki iň gymmat tüýdük 1939-njy ýylda sap platinadan ýasalan tüýdükdir.
  • XVI asyrda gitara ýaý bilen çalynýardy.
  • Ybadathana jaňlarynyň owadan sesini aňladýan “malina jaňy” öz gözbaşyny Belgiýanyň Malina şäherinden alýar. Çünki XVII asyrda bu şäher jaň ýasalýan merkez bolupdyr.

Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

2-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle