TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Saýlawlarda ilkinji gezek 75 müň saýlawçy ses berer

Şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy. Saýlawlar Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndaky karary esasynda, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni geçiriler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň resmi saýtyndaky habara görä, saýlawlar Türkmenistanyň raýatlarynyň işjeňligi ýagdaýynda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň gatnaşmaklarynda, bäsleşik esasynda geçiriler.

Saýlawlar barada käbir maglumatlar:

  • Merkezi saýlaw topary tarapyndan gollanmalaryň, ýatlamalaryň 12-si taýýarlanyldy, olaryň birnäçesi iki dilde — türkmen, rus dillerinde, birnäçesi bolsa üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edildi.  Gollanmalar ýurdumyzyň dürli derejedäki saýlaw toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine, halkara we milli synçylara, beýleki gyzyklanýan watandaşlarymyza niýetlenendir.
  • Saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-si guraldy.
  • Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi.
  • Saýlawçylaryň 13078-si daşary ýurtlarda ses berer.
  • 2023-nji ýylyň 12-nji martyna çenli ýurdumyzda  saýlawçylaryň  3.496.475-si hasaba alyndy.
  • Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi tutuş ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda bolar. Häzire çenli syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri  tarapyndan milli synçylaryň 2855-si bellenildi.
  • Ýaşy ýetmişden geçen saýlawçylaryň sany 75500-e barabar. Ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermegine mümkinçilik dörediler.
  • Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny doldurýan, ilkinji gezek ses berjek ýaş saýlawçylaryň sany 75606 adam bolup, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» olara ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle