BIZNES

Saud ösüş gaznasyndan TOPH gaz geçirijisi maliýe kömegi

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň bir hasaplanýan nebitgaz pudagyny ösdürmekbabatda uly taslamalar amala aşyrylýar. Türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek babatda amala aşyrýan iri taslamalaryň biri hem  Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisidir.

Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegine uly mümkinçilikler döretjek TOPH gaz geçirijisini maliýeleşdirmek babatda nobatdaky ädim ädildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň – Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Saud ösüş gaznasy bilen bu taslama babatda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ozal hem TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek babatda Saud ösüş gazanasy bilen degişli ylalaşyklara gol çekilipdi.

Günorta Aziýada ýerleşýän Pakistanyň hem-de Hindistanyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçiligi bolan TOPH tas­la­masy dur­mu­şa ge­çi­ri­len­den soň­ra gaz ge­çi­ri­ji­si ar­ka­ly bir ýyl­da 33 mil­liard ku­bo­met­re ba­ra­bar te­bi­gy gaz ak­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu gaz geçirijisiniň tebigy gaz üpjünçiligi bolsa “Galkynyş” gaz käninden amala aşyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar

Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler

IFT-2025: ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

«Ýyldyz»  myhmanhanasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 11 milliard dollar möçberinde maýa goýumlary çeker