JEMGYÝET

Saud Arabystanynda türkmen halylarynyň dükany açylar

Ýakyn geljekde Saud Arabystany Patyşalygynda türkmen halylary satylýan ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagy mümkin. Şeýle hem Patyşalygyň işewürleri türkmen gelin-gyzlarynyň elinden önýän ajaýyp senedi has köp mukdarda import etmäge isleg bildirýärler. Bu barada dostlukly döwletiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Hut şonuň üçin hem Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Halid bin Faýsal Al-Sehliniň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoduşuşygynda hut şu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda saud tarapynyň Türkmenistanda öndürilýän dokma önümlerine hem uly isleg bildirýändigi aýdyldy. Pagta öndürmekde dünýäde 10-njy orny eýeleýän Türkmenistanda munuň üçin baý mümkinçilikler bar.

Taraplar türkmen we saud işewürleriniň arasyndaky duşuşyklary ýygylaşdyrmak barada hem ylalaşdylar. Şunda iki döwletiň Söwda we senagat edaralarynyň paýyna uly wezipeler düşýär.

«Türkmenhowaýollarynyň» nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyryldy

 

 

Ýene-de okaň

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň ilçihanasynda bolup, gynanjyny bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy

“Liwerpul” täze tälimçisini yglan etdi