DÜNÝÄ

Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk

Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanmalary tassykladylar.

Diplomatlar sebit we halkara derejelerde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň sebitde hem-de onuň daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi ilerletmek ugrunda çykyş edýändikleri aýratyn bellenildi.

In­fo­kom­mu­ni­ka­si­ýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi: okuwa kabul edýär

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen diplomatiýa gününe bagyşlanan halkara sergide wekilçilik etdi

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi

Türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türki Döwletleriň Guramasy integrirlenen söwda giňişligini döreder

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi

Tom we Jerry 85 ýaṣady