Katardan soňra Saud Arabystany hem futbol boýunça dünýä çempionatyny gurnamagy meýilleşdirýär. Bu barada Saud Arabystanynyň syýahatçylyk ministri Ahmed Al-Hatyb habar berdi.
Ministriň aýtmagyna görä, Saud Arabystany 2030-njy ýylda Gresiýa we Müsür bilen bilelikde dünýä çempionatyny geçirmegi meýilnamalaşdyrýar.
– Er-Riýad 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny Müsür we Gresiýa bilen bilelikde geçirmek üçin ýüz tutmak meselesini öwrenýär – diýip, ministriň çykyşyny “Al-Ýaum as-Sabia” täzelikler portaly habar berýär.
Ministr öz ýurdunyň bu iri sport ýaryşyny gurnamak üçin infrastruktura we sport desgalarynyň ösdürilmegi üçin ep-esli maliýe serişdelerini gönükdirjekdigini belledi.
Ol 3 ýurduň çempionaty gurnamak üçin hödürnamasynyň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.
Häzirki wagtda dünýä çempionaty Katarda geçirilýär. 2026-njy ýylda bolsa, bu çempionat ABŞ, Meksika we Kanada ýaly ýurtlaryň gurnamagynda geçiriler.