TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Saud Arabystany dünýä çempionatyny geçirmek isleýär

Saud Arabystany Müsür we Gresiýa bilen bilelikde 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu ýüz tutma kabul edilen halatynda, bu çempionaty şu ýyl Katarda geçirilişi ýaly gyşda geçirmek göz öňünde tutulyp bilner.

Ýene birnäçe wagtda bu üç ýurduň ýüz tutmasynyň resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar. Bu ugurda üç ýurduň hökümet derejesinde geçirilen gepleşiklerde degişli ylalaşyk gazanyldy.

Dünýä çempionatyny guramak hukugyny alan halatynda Saud Arabystany Müsürdäki we Gresiýadaky infrastruktura çykdajylary öz üstüne almagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem şol ýyl geçiriljek dünýä çempionatyny Ispaniýa bilen Portugaliýa hem kabul etmek isleýär. Bu ýurtlary UEFA guramasy hem goldaýar.

Mundan başga-da, 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny guramak üçin Günorta Amerikanyň 4 ýurdy – Urugwaý, Argentina, Çili we Paragwaý hem ýüz tutdy.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle