BIZNES

«Şatumaryň» täze önümleri

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Jumadurdy Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Şatumar» hususy kärhanasynyň önümhanasynda iň kämil, häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy. Ol ýerde egin-eşikleri ýuwmak üçin niýetlenen ýuwujy, ýumşadyjy, agardyjy serişdeleriň, gap-gaçlary, aýnalary ýuwmak üçin niýetlenen ýuwujy we ys beriji serişdeleriň, şeýle-de şampunlaryň, sabynlaryň, diş pastalarynyň, el ýumşadyjy kremleriň dürli görnüşleri bilen birlikde, turbalary hapadan arassalaýan erginleriň hem önümçiligi ýola goýuldy ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Halkymyzyň durmuşynda gündelik zerur bolan bu önümler ekologiýa taýdan arassa, hil taýdan-da, harytlyk görnüşi bilen-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply. Şonuň üçin olaryň aglaba bölegi goňşy ýurtlara eksport edilip, daşarky bazarda hem uly islege eýe. «Şa», «Emir», «Ýunus», «Tumar», «Dana» ýaly dürli atlar bilen atlandyrylan önümleriň hersiniň özboluşly aýratynlygy bar.

Geçen ýyl «Ok» diýlip atlandyrylan atyrlar bu hususy kärhananyň önümleriniň üstüni ýetirdi. Onuň kyrka golaý görnüşi öndürilip, halka ýetirildi.

Şu ýyl bolsa «Şa» diýlip atlandyrylan zyýansyzlandyrylan serişdäniň önümçiligi ýola goýuldy. Ekologiýa taýdan arassa bu tämizleýji serişdäni öý şertlerinde, şeýle-de işde, ofislerde ulanmak bolýar.

Ýene-de okaň

Bütindünýä bankynyň wekiliýeti Türkmenistandaky ýyladyşhanalara baryp gördi

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan üstaşyr ýük daşamak üçin rugsatnamalary ýatyrmagy maslahatlaşýar

Türkmenistan Täjigistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Owgan işewürleri Aşgabatda senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezer

Türkmen-hytaý söwda gatnaşyklary maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Owgan işewürleri Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar