SIZDEN GELENLER

Satlyk güjüjekler

Dükanyň eýesi gapynyň ýüzüne uly harplar bilen ,,SATLYK GÜJÜJEKLER’’ diýen ýazgyny ýemläpdi. Elbetde, bu ýazgyny esasan körpeleriň ünsüni özüne çekmek üçin dürli bezegler bilen ýazdyrypdy. Dükanyň eýesiniň bu islegi amala aşdy. Dükany açany hem ýaňydy, şol bada bir çagajyk gapynyň öňünde peýda boldy-da, satyja ýüzlenip: ,,Agam bu güjüjekleriň bahasy näçeden?” diýip, sorady. Satyjy çaga garap: “50 manat bilen 60 manat aralygynda üýtgeýär” diýip jogap berdi.

Çagajyk jübüsini dörüşdirip, içinden käbir maýda pullary çykardy-da  “Häzirlikçe meniň azajyk pulum bar, men olary görsem bolarmy?” diýip, sorady.

Satyjy ýylgyrdy-da, mylaýym  sykylyk çaldy. Şol bada basgançaklarda bäş sany kiçijik, bir-birinden owadan güjüjekler peýda boldy. Emma olaryň içinde bir güjüjek bökjekläp agsaýardy. Çagajyk dessine ol güjüjegiň ýanyna bardy-da satyjydan näme üçin agsaýandygyny sorady. Satyjy bolsa, güjüjegiň lukmanlaryň barlagynyň netijesine görä, dogabitdi agsakdygyny we hiç haçan adaty ýagdaýda ýöräp bilmejekdigini aýtdy. Çagajyk tolgundy we ýylgyrdy. “Ynha, bu meniň isleýän körpeje güjüjegim” diýdi.

Satyjy:” Ýok, sen bu güjüjegi satyn almak islärsiň öýdemok. Sebäbi ol agsak. Emma bu güjüjegi şeýle isleýän bolsaň, onda ony saňa mugt bereýin” diýdi. Çagajyk dymdy we biraz gaşlaryny çytyp, gözlerine ýaş aýlap satyjynyň ýüzüne seretdi-de, eli bilen güjüjegi görkezip: “Men bu güjüjegi mugt almak islämok. Bu güjüjegiň hem beýleki güjüjekler ýaly bahasy bar ahyryn. Men bu güjüjegiň doly bahasyny tölemekçi. Meniň ýanymda häzirlikçe şu azajyk pulum bar. Emma men onuň bahasyny hökman tölärin”.

Satyjy: “Dogrymy aýtsam, sen bu güjüjegi satyn almak islemersiň, sebäbi ol seniň bilen beýleki güjüjekler ýaly ylgap, oýnap bilmez”.

Bu sözden soňra çagajyk biraz egildi-de, balagyny biraz ýokaryk çekip, çep aýagynyň maýypdygyny, metal serişdesi bilen aýakda durýandygyny görkezdi. Soňra satyja garap: “Dogry, güjüjek ylgap bilmez, böküp hem bilmez. Ýöne biz bir-birimiziň ýagdaýymyza oňat düşüneris!’’ diýip, güjüjegi satyn aldy.

 

 

Terjime eden:  Aýmyrat Hudaýberdiýew,

Türkmen oba hojalyk  institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti