HEKAÝALAR

Şatärim

                                       Hekaýa

Bu gün Gün jarçynyň sesi bilen bile dogdy.

– Eşitmedim diýmäň, hemmäň Naýzaçar tümmege ýygnanmalydyr-la how!!!

Jaryň näme üçin çekilýänini parzdepeliler çak edýärdi. Dek düýn şoň gürrüňi bolupdy. Ýöne howply ýola kimi ýollamaly, kim gitmeli, heniz belli däldi. Gitmelidigine kimdir biri hökman gitmelidi. Sebäp duşmanyň Parzdepäniň daşyna demir halka gurap ýatanyna esli wagt bolupdy. Daşyndan çaltyrak kömek geläýmese ýagdaý öwerlikli däldi. Kömek soramak üçinem kimdir biri demir halkany böwüsmelidi. Jaryň çekilýänem şonuň üçindi. Ýaman ýeri ýagdaý peselýärdi. Ýene, suw bilen oňşuk etmek boljakdy. Ýöne urbanyň soňy görnüp ugrapdy. Şonuň üçin soňky bir wagt galanyň içinde ysgytsyz sesler köpelýärdi.

– Suwy az beriň, soň çörek sorar…

Bi hemmä degişli, gelnim saňa aýdýan, gyzym sen düşün diýlen, häli-şindi ýaňzydylyp duran sözdi. Şoňa meňzeş janagyrly sözler galanyň haýsy künjegine barsaň eşidilýärdi. Her öýüň tobasy özüne ýetik. Haýsydyr bir iňňäbäbek emmeden doýmadygyny düşündirip çyrlaýardy. Ukusyna garygyp aglaýan oglanjygyň sesi has gaty çykýardy. Ýaş enäniň gamgyn pyşyrdysy ýürege hasam howsalany salýardy.

– Süýt inmese men nädeýin jan balam…

Itleriň üýrüşem birhili tukatdy. Hatda pişikler mawa gelenlerinde-de pessaý mawlaýardy.

Galanyň daşynda bolsa, ýaraglaryň şakyrdysy, öz ýeňişlerine ynamy bolan duşmanlaryň gülküsi eşidilýärdi.

Eý-ho, duşmanyň gülküsini eşitmek…

Şo gülküni, duşman gylyjyndan dek düýnki söweşde ýaralanyp gelen urşujy-da – ýaş oguzam eşidip ýatyrdy. Şonuň üçin  ol, iňňildisini duşmanlaryň eşitmezi ýaly dişlerini berk gysýardy.

Duşman onuň ejir çekýänini bilse has gaty güler…

           xxx

 Garry seýis – oguz seýsi atyny idip – oguz ýörelgesinde gowy görülýän atlar diňe toýda ýa-da söweşde münülýär. Galan wagty atyň hormatyna idilip gezilýär   – gelende parzdepeliler diýlen ýere ýygnanypdy. Mähelle aty görüp, hossaryny gören ýaly boldy. Näçe günden bäri ýylgyrmak diýlen zat ýat bolan ýüzlerde ýagtylyk peýda boldy.

– Bi Garagüne ýaly-la…

– Sadagaň bolaýyn seniň ýüzüňi görmegem ýagşylygyň paly…

– Heý, onam bir, oka dözüp bomy…

Atyň sagrysyndan gön gatyşykly deriň ysy gelýärdi. Bi mährem ys ömür at münüp ýören oguzlara öýüniň ysy ýaly tanyşdy. Olar alys ýurtlara gidenlerinde şol ys, gör, nirelerde galan ojagyny ýatladýardy. Häzirem olar tanyş ys burunlaryna kaklyşandan haýsydyr bir gymmatly zadyny ýitirip tapan ýaly gussaly ýylgyryşdylar. Birentegi bolsa, halys durup bilmänsoň atyň sagrysyny ysgap gaýtdy.

At janawaram özüniň toýa şaýlanmaýanyny aňýan borly. Gulaklaryny gaýçylandyryp nazaryny uzaklyklara, alysdaky sähralyga dikýärdi. Atyň uzaklyklara seredişi ýaly oguzlaram şo-ol uzaklyklara kän seredipdi. Şonuň üçin olaryň ýene ýürekleri gobsundy. Heniz murty tabamadyk oglan ata atlananda şeýle sözler bilen onuň gulagyny gandyrardylar.

– Oguz ogly ömrüni at üstünde geçirýändir. Ykbal tüweleýiniň hanjak gopjagy belli däl. Nirede bolsaňam, bir zady hergiz unutmagyn. Iliň-ýurduň ýadyňa düşende, uzaklyklara seretgin. Olaryň bary bir meňzeşdir. Şol meňzeş uzaklyklaryň aňyrsynda, göbek ganyň siňen toprak – oguz iliň ýatandyr…

Ýurdunyň mukaddesligi hem-de külpetlidigini kalbynda pugta saklan gara galpakly ýaş oglan dor atyny çapdyryp giderdi. Soňam agyr ýol bilen ýüzüni aşak salyp gidip barýarka uzaklyklara serederdi. Şonda onuň göwni hemişe oguz iline dolanardy…

           xxx

Garry seýsiň sesi ysgynsyz eşidilse-de, düşnüklidi.

– At bir adamyny ýowdan alyp çykar, kimem bolsa biri halas bolmaly. Kim…

Bu söz duşman sütemindenem agyrdy. Onda-da tenini bilýän oguzlara haýsy oguz sen gal, men gideýin diýer. Ýöne halas bolmak üçinem «çüw atym» diýip, atyň böwrüni debseläp gidibermeli däldi. Sen bagta töwekgellik, onda-da uly töwekgelçilik edip ajal bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Eger sen ony başarmasaň, dünýe bilen hoşlaşjak ýeke seniň gara başyň däldi. Bütin Parzdepäniň ykbaly saňa baglydy. Hemmäni oýlandyrýan şody. Şonuň üçinem mähelle agyr dymýardy. Hatda doýagarna emmeden doýmadyk iňňäbäbegem ene gursagynyň gürsüldisine düşünýän ýaly aglanokdy. Ýöne garry seýis, kimdir biriniň halas boljagyny gaty ynam bilen aýdýardy.

– Entejik oguz iline atam gerek bolar, seýisem… Bir adam halas bolmaly bolsa goý, garry seýis başyny gutarsyn…

Bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly bi güňlenç ses, ýüzdenem gowrak ýaşan oguz gojasynyň sesidi. Böwet ýarylansoň ýapaşakdan gaýdylan ýaly boldy.

– Garry seýsiň agtygy mirasdüşer azat bolsun…

– Ýok, ýaş Melike ata atlansyn…

Garry seýsiň goluny götermegi bilen gowurdy peseldi. Ol bir zatlar diýjek bolup dodaklaryny müňküldetdi. Soňam tüý basan agzyndan şeýle sözleri çykardy.

– Ertirki gün hakykaty ýazar ýaly, mollaçyr ýigitleriň biri ata atlansyn…

Parzdepede kän bolmasa-da birlek-ikilek eline galam alýan bardy. Şonuň üçin şolaryň biri men hatdat diýip orta çykar öýdüldi. Ýöne çykan bolmady. Garry seýis sözüni üçünji ýola gaýtalady. Entegem mähelläniň tolgunyp durşudy. Bi has erbedi boldy. Sebäp duranlaryň ýüzi birmeňzeş bolmasa-da hesretleri birdi. Adamlar etmesizi eden ýaly ýüzlerini has aşak sallady. Eýýäm hyşy-wyşy başlanypdy.

– Molla halkynyň gowga-jenjel bilen hoşy bolmaz…

– Goluna galam alan, ýanbaşyna gylyç dakmaz…

– Ýeke özüniň halas bolmagyny isleýän däldir…

Garry seýis ýene bir zatlar diýjek bolanda, mähelläni itenekleşdirip inçekeselli ýaly hortap ýigit orta çykdy. Onuň ýüzi keselden ýaňy saplanan ýaly sap-sarydy. Öte horugandanmy ýa bolşumy hereketem gowuşgynsyzdy. Ýöne çaganyňky ýaly aýdan sözleriniň gyrasynda saklanyp galan gamgynlyk, oňa bolan garaýşy – hoşamaýlyk ýaly bir zady oýarýardy.

Men ony gören badyma tanadym. Ol bi ymsyndyryjy uly dünýeden hiç zat hantama bolman, öz arzuwy bilen ýaşap ýören Işannurdy. Käte onuň goşgy beýlekem goşaýmasam bardy. Adamlar onuň goşgularyny hernä gamgyn pursatlary ýatlardylar. Soňam agyr dymyşyp: «Şuň goşgusyny diňleseň Hudaýyň ýanyna barýan ýaly bolýaň…» diýerdiler. Men şonda Allaň ýanyna barmak üçin üýtgeşik ýazylan ýazgylaryň gerekdigi hakynda pikir ederdim.

Işannuruň goşgulary şuňa meňzeşiräkdi.

Hany seniň goçaklaryň

Aýdaýsana nirä gitdi.

Garry derwüş, juwan oglan,

Seni görmän diri ýitdi…

Şeýle setirler häzirem meň ýadymda.

– Hakykat kagyz ýüzüne ýazylmasa-da, Parzdepäniň külpetli topragyna ýazylar…

Işannur sözi şundan başlady.

– Men hatdat däl, bükülen barmaklarymam  zordan sanaýan. Sowat meň ýaly pukara oglan götärden agyrrak telpek… Eger il-ulusy unasa, şo ýumşa synanyp göreýin. Ýöne ýüregim razy bolar ýaly bir zat diýmekçi…

Ol soňky sözüni aýdanda ýüzi gyzaran ýaly boldy. Mähelläniň içinden pyşyrdy sesleri eşidilip başlady:

– Näme diýmekçikä, şeýle günde matal otarylşyp ýörlermi…

– Her kimiň garabaşy alada, o bolsa…

– Biz-ä düşünmedik…

Hemmeler sözüň soňlaryna garaşýardy. Hatda garry seýsem salparan dodaklaryny ýumman, agzyny öweldýärdi. Ýene Işannuryň ysgynsyz sesi eşidildi.

– Aýybam bolsa men ony aýtmaly boljak…

Mähellä ýene dartgynlyk peýda boldy. Kimdir biri saklanyp bilmän çasly gygyrdy.

– Galam tutýanlaň bary tüntaw…

Oňa üns beren bolmady. Lal açan dünýe bilen ylalaşyp hemmeler dymýardy. Birhaýukdan Işannuryň ýöwsel, ýöne öňkä görä birneme batlyrak sesi eşidildi.

– Ogulla gyz, Parzdepäniň Ogullasy sag-aman gidip gel diýäýse…

Bi söz gaty uzaklary tozadýardy. Elbetde, ýigidiň howply ýola gadam urmagy hormata mynasypdy. Ýöne söýgüniň öz ýoly bardy. Men wadanyň, gyz sözüniň göni gelen ajaly saklanlygy barada eşidipdim. Işannuram ynam üçin, bu çaýkanyp duran uly dünýede ýaşamagyň azajygam bolsa ýeňilräk bolmagy üçin ýene-de ýaşasynyň gelýänligi üçin şeý diýendir. Belki ol, ýyly söz eşitse dünýeden gitmegem özüne beýle bir agyr bolmazlygy üçin şeý diýendir.

Ýigit sözüni tamamlamanka mähelläniň içinden gum gögerçini pisint pasyrdap Ogulla çykdy. Ol begençli habary buşlajak ýaly gaşlaryny gerýärdi. Hemem şeýle ýowuz şertiň öňüne ýelden-günden goralyp gelnen gyz buýsanjynyň keserdilip goýulýanyna gamlanýan ýalydy.

Ol göni gelşine başyndaky öýme ýaglygyny Garagünäniň boýnuna daňyp şeýle sözleri gysganman aýtdy.

– Sag-aman gidip gel…

Kimdir biriniň pyşyrdy bilen aýdan sözüni hemmeler eşitdi.

– Indi ýigide ölüm ýokdur…

Garry seýis öz gardaşyny ýowuz ýola ugratmaly bolýanyna gynanyp atynyň boýnuny gujaklady.

– Birinji okdan aman sypsaň, ikinji oka at ýetdirmez. Sag-aman giňlige çyksaň, düýe agynan urpajyk guma ýeteňde, öwrüm etgin. Halas bolanyňy bilermiz ýaly…

Soňky sözüni ol pyşyrdap aýtdy.

– Ata gamçy çalmagyn…

Mähelläniň bary gözara tarap eňdi. Birhaýukdan kiçijik tüweleý ýaly çalja tozan dik asmana göterildi. Tozany gören mähelläniň indi niçeme günden bäri ýylgyrmak diýlen zat ýat  bolan ýüzinde çalaja ýagtylyk göründi. Şo ýagtylyk parzdepelileriň ýüzünden soň soňlaram aýrylmady.

            xxx

Ýow gaýtaryldy. Işannuram, bedew atam iline dolandy. Imi-sala gün bilen ýaşalyp ýörkä Parzdepä ýene bir dowul ýaýrady.

– Gyz Işannura göwnemeýärmişin…

– Onda näme ol, şo gezek…

– Men Parzdepäniň aman galmagy üçin şeý diýmeli boldum diýýärmişin…

Bu habary eşidip oň şo ýoldan ýöräp gören adamlar hyrçyny dişledi.

– Söýlüp ýaşamasaň, häki bir gezek geçiren bir zat borda..

Bu ýoluň inçeligine düşünmeseň, gowusy kelläňi garmazlyk…

Men Işannury mamla etjegimem bilemokdym, Ogullany mamla etjegimem. O zatlary tirerden heniz oglan başym ejizdi. Şu gün bolsa ony hut öz gulagym bilen eşidemsoň söýgi diýip atlandyrylýan ýanar otdan gorkdum. Özem gaty gorkdum.

Giçden soň köşek daňmaga daş çyksam Ogullaň ahylynyň içinde hümürdi bar ýaly boldy. Golaýlaşdygymça tanyş sesler eşidilip başlady.

– Öňräkden bäri seni gowy görüp ýörün…

– Bilýän, ýöne özümiň seni gowy görüp bilmeýänimem bilýän…

– Seň üçin oda girdim…

– Ýürege giren bolsaň hasgowy bordy.

Şaýat bolan zadymyň düýp günäkäri özüm ýaly esli wagt müýnürgäp gezdim. Şeýle günlerde ýaşap ýörkäk ýene bir şumluk ýaýrady.

– Ogulla tapylanok, Işannuram ýokmuşyn…

Bu nähili beýle bolýar. Dek düýnem-ä olar…. Men kelebiň ujuny ýitirdim.  Üç günden soň gyzam, oglanam tapyldy, Işannur Ogullany obamyzyň gaýrasyndaky äpberilen gurruk guýuda saklapdyr. Beýle oýunlary parzdepeliler halap barmaýar. Ýigidiň agyr ýumşy bitirenligi ýatlanyldy, adamlaryň ýüregini gozgaýan goşgusynyň bardygam aýdyldy. Ýöne onda-da, ýörelgä eýerilip oňa temmi bermeli – eslije dürre urmaly edildi. Oýlanylyp ol has kän bolýa diýilen netije bilen şoň gylla ýarysy makul bilindi. Soňam tä Ýaldyrak dogynça zyndanda – çukuryň içinde saklamaly diýlip ylalaşyldy.

Ýöne iş munuň bilen gutarmady. Ýüz görülmän Ogulla-da şeýle sözler aýdyldy.

– Keýgim, sen üç günläp öýüňden ýabany ýatyp ýene müýnüň ýok ýaly, obaň içinde saçyňy sallap gezip ýörsüň-le…

Ogulla üç günüň içinde onuň dyrnagynam degirmändigini, her gün irden başujunda uludan demini alyp oturandygyny, özüniň ak çägeler ýaly päkdigini aýdyp özelendi. Kim muňa ynandy, kimem üç gün ýanynda ýigit örlär-de… diýlen ýaly sözem tapdy. Iň soňunda zenan ýörelgesine gowy düşünýä diýlip gaýraky obadan, bilip-bilimsek diýlip ýörlen Jüýten kempire ýüz tutuldy.

Jüýten garry malyň bogaz-gysyrlygyny barlaýan ýaly Ogullanyň eýlesine geçip bir seretdi, beýlesine geçip bir seretdi. Ahyry ýekeje dişem bolmadyk agzyny wäjenekledip şeý diýdi:

– Hakyllym, bi nä hekaýat?

Ogulla sesini çykarmady. Jüýten garry ýene hüjüme geçdi.

– Sen parzdepelileriň ýüzüni ýere  salmandygyňa ynamyň bamy?

– Bar…

Kempir eşitmediksirän boldy.

– Näme diýdiň köşegim?

Ogulla ýangynly jogap berdi.

– Men ak çägelerdenem arassa.

Jüýten garry mähellä ýowuz garady.

– Eşitdiňizmi?!

Mähelle başly-barat jogap berdi.

– Eşitdik.

Jüýten kempiriň sesi dabaralanýan ýaly bolup eşidildi.

– Goý, ol päkligini ile-güne aýan etsin – şatärimi daňsyn…

Mähelle ýakasyny tutdy. Ýöne sesini çykarmady. Sebäp bu öňden gelýän ýörelgedi, ýöne ýowuzdy. Ata-baba gelýän ýola hemmäň tabyn bolaýmalydy.

Bu ýörelge – zenan synagydy. Men o barada Gülsün ejeden eşidipdim. Gümürtigiräk öýdülýän zenana öz päkligini aklamak üçin şo işi etdirilýärdi. Şatärim gara öýleriň gapysynyň gapdalyndaky söýä daňylýan ilkinji tärimdi. Onuň  ýokary başy beýleki tärimlerden uzynrakdy. Öýüň pugtalygam şo tärim bilen baglydy. Şonuň üçin ony hemişe arassa maşgala daňdyrylýardy. Eger çagarak çaşaýsa şol daňan maşgala şübhe döreýärdi.

Eger ala bahardan tä otlaryň ýüzi gaýdynça, garaja öý çagarygyny çagşaman saklansa daňan maşgalaň päkligidi. Çagşaýsa… Henize çenli şükür, Parzdepe ol ugrundan arassady. Şonuň üçin häzirem şonuň arassa bolmagyny isleýärdi.

Şo aralyk Parzdepede ýeliň iň güýçli öwüsýän wagty – hasam sazak ýaran gara ýelleriň möwjeýän wagtydy…

Gara öýi dikmeli edildi. Hasam ýel batly köwsarlar ýaly beýik ýeri saýlanyp alyndy. Öýde ne durluk bardy, ne-de üzük. Diňe ýalaňaç agaçlardy. Ýeli saklara hiç zat ýokdy. Bu has erbedidi.

Ogulla sandyrap duran elleri bilen hem-ä gözýaşyny süpürmek bilendi hemem şatärimi daňýardy. Ol ilki çöpürden işilen berk tanap bilen gonnybagyny saldy. Soňam gyrnak daňylşyny edip pugta daňdy. Iň soňunda-da tärimi igbagy bilen berk edip sarady.                        

xxx

Şol günden başlabam bujurygy çykan günleriň gapysy giňden açyldy. Biz indi Taňrynyň beren her gününi barmagymyzy büküp geçirýärdik. Entek beýle bir güýçli ýel bolup duranokdy, ýöne boljagy ikuçsyzdy. Şonuň üçin Ogulla gündizlerine ertirki günüň näjüre boljagyny sähralaryň ýüzüne seredip biljek bolýardy. Niçikmi goýun-geçi pyşgyryp burnuny arçaberse onuň obadan gaşlary ünjüli çytylýardy. Bu janly tebigatyň üýtgejekdigini aýdýardy. Guşlar hatara  düzülip çöp-çalama münüberselerem ol ýene kör keýplenýärdi. Bu görnüş harasadyň öňsyrasyndaky alamatdy.

Gijelerine-de ol birsyhly Aýa seredýärdi. Aý ahyllaberse onuň ýüregine dowul düşmek bilen bolýardy. Bi iň erbedidi. Sebäp Aý agyllasa şemal kybla aýlanýardy. Kybladan öwüsýän şemal has gorkulydy, Ogullanyň ýüregi ýaly geçirimsizdi. Ol hiç bir zada egilşik etmän, öňünde duran zatlaryň baryny süpürip taşlaýardy.

Harasat gopjak bolanda ilki sähralar saralyp agyr dymýardy. Soňam aşyrym-aşyrym ýeller öwsüp başlaýardy. Men bir zadyň  üstünden böküp geçýän ýaly batly gelýän ýellerden gaty gorkýardym. Ogulla-da menden beterdi. Şeýle ýellerde biz garaja öýüň jygyldysyna diň salardyk. Göwnümize gara ýel ony göterip hol beýläk zyňyp goýberjek ýalydy. Garaja öý iki-baka guwduraýan ýelleriň öňünde, süňňüni saklap bilmän titreýärdi, yranýardy, uklary ýerinden sypaýjak-sypaýjak bolup jygyldaýardy. Ýöne entek ýerindedi.

Şeýle bolanda meniň oglan ýüregimi düşnüksiz gam basýardy. Men gamlanmajak bolup aýdyma hiňlenýärdim. Hiňlendigimçe ýene beter gamlanýardym.

Ýel köşeşensoň Ogulla maňa gorkuly seredip ýuwaşja gürlärdi.

– Öwekge, bar görüp gel, uklar çöşülmän durupmy…

Ol şeý diýip nazary bilen meni ugradýardy. Hemem şeýle sözleri aýdýardy.

– Sen bolmadyk bolsaň men näderdim…

Onuň şeý diýmesi maňa hoş ýakýardy. Onsoň men uzakly günki harasatdan soň ýaňy irkiljirän sähra oýlaryny aýagym bilen gozgap oýadýanyma gynanýardym.  Uklaryň abatdygyny göremde bolsa, Ogullanyň begenjekdigine begenip, bütin göwräm ene süýdüniň ýylysyndan gurbat alýan ýaly bolýardy.

Men indi her günki ýelden soň uklary barlamaga gidýärdim. Ogullanyň päkligine gözüm ýetinçä – uklaryň bitinligini görünçäm gorky astynda bolýardy. Birden… Dünýede kalby päk adamlaryňam ejir çekýäni bara…

Biz ýene şeýle ýelleriň ençemesiniň şaýady bolduk. Hatda sazak ýaran gara ýellenem ujyz sypdyk. Otlaryňam indi ýüzi gaýtmak bilendi. Mazaly garaja öýem aman galdy. Parzdepelilerem Ogullanyň şeksiz gyzdygyna gözüni ýetirdi. Ýöne gyzyň solgun gözleri entegem dünýä gamgyn seredýärdi. Ogullanyň heserli gözlerine bakmak gelşiksizdi. Şonuň üçin men onuň ile garalmagyny isleýärdim. Ol bolsa uludan demini alyp, ömrüniň garamtyl sahypasyny agtarýan ýaly bolup ýaşaýardy. Hatda ol, indi aglabam bilenokdy. Diňe çagalyk ýyllaryny ýadyna salanda çalaja ýylgyrýardy. Şonda onuň nazaram ýumşaýan ýaly bolýardy.

Bir gün ol şeýle sözler bilen ýüzlendi:

– Öwekge, günämi haýsy suw bilen ýuwup aýryp borka…

Men onuň ýüzüne ýalt edip seretdim. Göwnüme Ogullanyň gubarlan gözünde bir zat – täze bir gowy zat görünýän ýaly boldy.

– Sende günä ýok… Günäkär seniň uçursyz owadanlygyň…

Ogulla inçesagtdy, gamlydy, ýöne owadandy. Ol maňa mälim bolmadyk asuda hesreti bilen ýüzüni sallaýardy.

– O ýerde – zyndanda oňa ýaşamak ýeňil düşer ýaly näme etseň gowy borka…

Ogullanyň gözlerinde zenanlykdan ynsanlyk köpräk ýaly bolup göründi.

– Saçyňyzyň ýekeje taryny beräýiň…

xxx

Garaňky ýatlamalardan doly asuda gije gündogardan günbatara haýallygy bilen geçip barýardy. Iri damjalaryny gysganyp geçen ýagşyň çygyny sähra enesini emýän çaga ýaly nebsewürlik bilen sorýardy. Garamtyl asmanda ýyldyzlar ak patrak bolup durlar. Olaryň  käbiri çalaja seljeridýär. Emma onsuz asman bezegi kemter bolaýjak ýaly bolup görünýär. Men Ogullanyň saçynyň taryny külbikäme pugta sarap  gidip barýan.

Ýyldyzlar Gün dogmazyndan öňürti, öz görmegini görkezmek üçin lowurdaşýardy. Ynha bahym ýene bir owadan ýyldyz – Ogullanyň garaşýan ýyldyzy, Ýaldyragam görner. Onsoň asman hasam owadanlaşar…

                                       Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

Ýene-de okaň

Nurly gije

Kitap

Oglan düşeginde ýatan çaga

Biz öňem az-a

Rus dili mugallym

Ene hakynda hakykat